logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Şan-şöhraty älem-jahany haýrana goýýan eziz Diýarymyzyň her dogýan nurly güni taryhyň sahypalaryna ebedilik ýazylýar. Hemişelik ýurt Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň halkara derejede belleniljek bu şanly ýylymyzda geçirilýän çärelere işjeň häsiýet mahsus. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Çärjew etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty-döwletliligiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabaraly ýagdaýda geçen bu maslahata muzeý hünärmenleri, ýaşuly nesiliň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, bilim we medeniýet işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda ajaýyp ýylymyzyň taryhy wakasyna öwrüljek nobatdaky Halk maslahatynyň ähmiýeti, şanly senelere görülýän taýýarlyklar dogrusynda birnäçe çykyşlar edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eşretli zamanada ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sagbolsunlaryny beýan etdiler.