28-nji martda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleriniň, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleri şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunda kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, döwrüň talaplaryna, halkara ölçeglere laýyklykda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
«Türkmenistan» gazeti