logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň uly aladalary netijesinde, ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň medeniýet syýasatynyň esasy maksady, döwletiň ruhy kämilliklere eýe bolmagy üçin zerur talaplardan ugur alyp ösýän, özgerýän milli medeniýetimizi, sungatymyzy, halkymyzyň ruhy derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy aýawly saklamaga, ösdürmäge, ählitaraplaýyn baýlaşdyrmaga uly üns berip, bu ugurda döwlet derejesinde tutumly işleri amala aşyrýar. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüp-kämilleşmegine saldamly goşant goşan ussatlarymyz döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp bolýar. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edilýär we döredijilik işgärleri bäsleşigiň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar. Bäsleşik medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynyň täze döredijilik eserleri bilen üstüniň ýetirilmegine, işleriň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň şeýledigini bu abraýly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşikleri we ýeňijileriň sylaglanyş dabaralary aýdyň subut edýär. Bu şatlykly wakalar halal zähmetiň bagt mukamy bolup dabaralanýar.

«Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ulgamy kämil hukuknamasy bilen üpjün etdi hem-de hünärmenleriň halkyň ruhy kämilligini ýokarlandyrmaklarynda, döwrüň talaplaryna laýyklykda işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda dabaraly bellenýär. Medeniýet hepdeligi uly tutumlara beslenip toýlanýar. Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça bäsleşikler, medeni çäreler geçirilýär. Şu ýyl Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Balkan welaýatynda geçirilýär.

Milli medeniýetimiziň depginli ösüşi jemgyýetdäki oňyn özgertmelere öz täsirini ýetirýär. Adamyň jemgyýet, jemgyýetiň bolsa adam üçin jogapkärçiligi medeni ulgamyň hereketini hemişe utgaşdyryp sazlaýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeniýet syýasaty, halkymyzyň özboluşly häsiýeti, ýol-ýörelgesi, däp-dessury bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eşretli döwrümizde medeniýet, sungat ussatlarymyz diňe ýurdumyzda däl, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Olaryň çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyza, aýratynlyklarymyza, ýol-ýörelgelerimize uly orun berilýär.

Häzirki döwürde medeniýet ulgamynyň işi döwrebaplaşdyrylyp kämilleşdirilýär. Döwlet çärelerinde we dabaralarynda döwrebap tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylmagy dabaralara täzeçe öwüşgin çaýyp, özboluşly bezeg berýär. Diýarymyzda giňden bellenýän toý-baýramlarymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, internet-saýtlary arkaly dünýä jemgyýetçiligine, halkymyza tiz ýetirilýär.

Ýurdumyzyň milli medeni mirasynyň ençemesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň, Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň hataryna girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, ýurdumyzda daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi indi däbe öwrüldi. Her bir halkyň medeniýeti, sungaty, şol halkyň ruhy derejesi bilen ýüzbe-ýüz edýär. Ruhy ýakynlyk halklary ysnyşykly gatnaşyklara atarýar. Ysnyşykly gatnaşyklar bolsa doganlyk gatnaşyklarynyň esasyny düzýär. Halklary ruhy ýakynlyga eýe edýän medeniýet, sungat doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän güýç bolup hyzmat edýär.

Milli medeniýet, onuň däp-dessurlary, ýörelgeleri türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasyny düzýär. Halkyň ruhy, göwher daşy ýaly, asyrlaryň dowamynda medeniýetiň jümmüşinde has berkäp, sünnälenip, ajaýyp edebi we sungat nusgalarynyň ençemesini peşgeş beren halk döredijiliginde beýanyny tapýar. Medeniýetde, sungatda milletiň ruhy dünýäsi, özboluşly aýratynlygy, halkyň düşünjeliligini, etniki bitewiligini kemala getirýän ýörelgeler şöhlelendirilýär. Şoňa görä-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň buýsanjyna, şöhratyna öwrülen baý medeni mirasymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň, wagyz edilmeginiň möhümdigine, şeýle hem täze medeni, ruhy gymmatlyklary döretmäge ukyply, täzeçe pikirlenmegi başarýan we döredýän döredijilik işgärleriniň zerurlygyna ünsi çekýär. Çünki halkymyzyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan milli medeniýet diňe täze sepgitlere ýetmek arkaly müdimilige eýe bolýar.

Ýeri gelende bellesek, medeniýet diplomatiýasy döwletiň daşary syýasatynda dostlugyň has-da pugtalandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat etmek bilen, bütindünýä medeni siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup, adamzadyň ruhy durmuşyndaky oňyn özgertmeleri açyp görkezýär. Ýurdumyz goňşy we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde medeni ugra uly ähmiýet berýär.

Eziz Watanymyzda geçirilýän halkara maslahatlar, festiwallar Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň has çuňňur prinsipinden ugur alýandygyna, parahatçylyk söýüji syýasatynda esasy ýörelgesine öwürýändigine güwä geçýär. Parahatçylyk söýüji, hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzy dünýä döwletleriniň arasynda uly halkara abraýyna eýe edýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Türkiýäniň «Tiyatro» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guran, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň teatr işgärlerini dürli ugurlar boýunça halkara baýragy bilen sylaglamak dabarasynda «Iň gowy erkek keşbi üçin» baýragyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady Batyr Çaryýewiň mynasyp bolmagy, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan geçirilen «Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky kino günleriniň» çäginde, «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly çeper filmine, bu Guramanyň ýörite baýraklarynyň gowşurylmagy, Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda, «Ýüpek ýoly karnawaly – Bahar baýramy festiwaly» atly bilelikdäki konsertiň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Daşoguz welaýat kitaphanasynda döredijilik innowasiýa sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi, Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde gurnalan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisi, Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde «Nowruz» köpmilletli hödürnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalary tarapyndan guralan çärä gatnaşylmagy, ABŞ-nyň Pensilwaniýa uniwersiteti bilen bilelikde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we Jorj Waşington uniwersitetiniň uly ylmy işgäri, arheolog, doktor Fredrik Hibert bilen bilelikde, gadymy Änewiň demirgazyk we günorta depelerinde arheologik gazuw-agtaryş işlerini dowam etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, Jorj Waşington uniwersitetiniň uly ylmy işgäri, arheolog, doktor Fredrik Hibert bilen Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygynyň duşuşygynyň geçirilmegi, fransuz pianisti Kristian Fonluptyň türkmen sazandalary bilen bilelikdäki konserti, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde, Türkiýäniň Telewideniýe we radio guramasy (TRT) tarapyndan geçirilen 48-nji «Halkara çagalar festiwalyna» «Jahan» döredijilik toparynyň gatnaşyp üstünlikli çykyş etmegi, Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen «Lazgi» halkara tans festiwalynda täsirli çykyşlaryň edilmegi medeniýetiň, sungatyň halklaryň arasyndaky dostluk köprüsidigini ýene bir gezek ykrar edýär.

Edebi mirasy halkara derejesinde sarpalanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar. Tebigatymyzyň gözelliklerini, adamzat gymmatlyklaryny şygyrlaryna siňdiren şahyryň hormatyna ýadygärligiň oturdylmagy, halkymyzyň söz ussadyna goýýan gymmaty egsilmejek sarpasydyr.

Akyldaryň köptaraply döredijiligi ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesliklerine ygrarlylyk, päk ahlaklylyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.

Biz dünýäde dost-doganlygy dabaralandyrýan medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda aýdyň geljegimiziň rowaçly ýoluny görýäris. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň has-da gülläp ösüp, dünýä ýaýylmagynda uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet
ministrliginiň Döredijilik
işgärleri bölüminiň
baş hünärmeni.