logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI

13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2025-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” amala aşyrylyşy barada hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de onda ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.


«Türkmenistan» gazeti