20-nji dekabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy.
Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň okgunly häsiýetini belläp, şunda yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki saparlara aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Sanae Takaitini Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we alyp barýan döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministrini “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçmegi bilen hem tüýs ýürekden gutlady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, açyklyga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýeten derejesine ýokary baha berýändigini we türkmen-ýapon dialogyny ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklar hem işjeňleşdirilýär. Parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegi döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda wajyp ädime öwrüldi.
Söwda-ykdysady ugur türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. Tebigy gaz, energetika we ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa şu gezekki iş saparynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesine esaslanyp, ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
«Türkmenistan» gazeti