logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) guran okuwlaryna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryndan 21-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýa döwletinde Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentligi (JICA) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynda sebitleýin syýahatçylygy ösdürmek boýunça okuwlaryna ýurdumyzyň «Halkara syýahat» we «Şowly syýahat» syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň tejribeli hünärmenleriniň we Wakaýama uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar kafedrasynyň professor mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen amaly we tejribe sapaklar geljekde ýurdumyzyň syýahatçylyk ýerlerini täze ösen tehnologiýalar arkaly mahabatlandyrmak, ekologiýa we saglyk, taryhy syýahatçylygyny ösdürmek, Ýaponiýadan şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň akymyny artdyrmaga itergi berer.
Okuwa gatnaşan syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini Wakaýama uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar kafedrasynda giňden mahabatlandyrdylar.