logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«TURKMENTRAVEL - 2026» ATLY HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISI WE MASLAHATY GEÇIRILER

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, 2026-njy ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda «Turkmentravel - 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

«Turkmentravel - 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna Halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk ministrlikleriniň, syýahatçylyk we myhmanhana ugry boýunça hünärmenleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, halkara ylmy institutlaryň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň, olaryň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtly syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Bu geçiriljek halkara derejesindäki sergi we maslahat geljekde, Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ýurdumyzyň gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga hem-de daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge uly ýardam berer. Dürli ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.