Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Üstünligiňe, şygaryňa seslenip, bedew baty öňe barýan Watanym!» ady bilen “Atamyrat” seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde 2026-njy ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýändigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de şygarda aýdylşy ýaly at-myratly behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirýändigi hakynda hem täsirli söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.