logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Waspyň sena boldy, dillerde bedew

Halkymyz asyrlaryň dowamynda döreden naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda ahalteke bedewlerine aýratyn orun berilýär. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamyndaky şöhraty dünýä dolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda, pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek we gorap saklamak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ahalteke bedewleri diňe bir halkymyzyň buýsanjy däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň iň gymmatly medeni miraslarynyň biridir. Ahalteke bedewiniň taryhy türkmen halkynyň kemala gelmegi we onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy bilen berk baglanşyklydyr. Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirilmegi, bu jandaryň milli bitewiligiň we ösüşiň nyşanydygyny görkezýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bu mirasyň dowamatydyr. Şu günler toýlary-toýa ulaşýan eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, gadymy Lebap ili toý ruhuna beslenip Türkmen bedewiniň milli baýramyny uly ruhubelentlikde garşylaýar. Ýaňy ýakynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Waspyň sena boldy, dillerde bedew” atly baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasy ýokary guramaçylykly geçirildi. Diýseň köp tomaşaçylary özünde jemläp, myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyran bu sergi täsirliligi bilen tapawutlandy. Muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyz, at esbaplary, atlaryň bezeg şaý-sepleri we ýurdymyzyň suratkeşleriniň döreden nakgaş eserleri birnäçe milli gymmatlyklarymyz sergä aýratyn öwüşgin, gaýlanmajak gözellik çaýdy. Sergide çykyş edenler şanly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýlanjak 35 ýyllyk toýuna görülýän ýokary guramaçylykly taýýarlyklary, milli gymmatlyklarymyzyň köp öwüşginligi bilen, muzeýler tarapyndan öwrenilişi, gorap saklanylyşy we geljekki nesillerimize ýetirmekde alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin belläp geçdiler.
Muzeýde guralan baýramçylyk sergisiniň dowamynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizde milli mirasymyza bolan söýgüni döretmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy. Bizi eşretli zamanada ýaşamaga döredijilikli zähmet çekmäge, milli mirasymyzy giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň şanyna tutulýan toýlarymyz dowamat dowam bolsun! Türkmen atynyň seýsi belent, ganaty ýiti, ýoly hemişe ak bolsun!

Gülälek BATYROWA,
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri