Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Watan waspyn edýär ylhamly ýaşlar» atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Altyn Bäşimowa, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Aýjemal Gaýlyýewa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň uly habarçysy Meýlis Garajaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Baýnazar Baýhanow gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde çykyş eden ýaşlar eziz Watanymyzyň daýanjy hem geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy we döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilýändigi barada uly buýsanç bilen giňişleýin durup geçdiler.
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlisiň özlerinde uly täsirleri galdyrandygy hem-de ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylykly geçiriljekdigine mejlisde edilen çykyşlaryň aýdyň şaýatlyk edýändigini bellediler. Söhbetdeşlige gatnaşan ýaşlar eziz Watanymyzy, ýurdumyzyň gülläp ösüşlerini wasp edýän ajaýyp goşgularyny hem okadylar. Döredijilik söhbetdeşligi ýaşlarymyzyň kalbynyň joşgunlydygyny, Watana bolan söýgüleriniň örän belentdigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlerine guwançlarynyň çäksizdigini aýdyň açyp görkezdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlarymyz okamaga, işlemäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.