Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan netijelerinden ugur alyp, medeni- köpçülik işleri bölümi “Ýaş nesil-röwşen geljek” atly söhbetdeşligi geçirdi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi we bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde kitaphanada alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin söhbet etdiler.