logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIK BAŞARNYKLARYNY AÇMAK UGRUNDA

ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIK BAŞARNYKLARYNY AÇMAK UGRUNDA

25-nji martda paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Onda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda alym Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary, dünýä ylmyna çuň¬ňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Şunda, aýratyn-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi we ony geçirmegiň ähmiýeti barada gi¬ňişleýin pikir alşyldy.

«Türkmenistan» gazeti