logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşigi tarapyndan “Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Türkmen edebiýatynda watançylyk temasy aýratyn orun tutup, ol gadymy döwürlerden bäri ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginiň özeni bolup durýar. Bu tema halkyň agzybirligini, topraga bolan söýgüni, gahrymançylygy we parahatçylygy wasp edýär. Magtymguly Pyragy, Kemine, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlar Watany goramagy, halkyň agzybirligini özleriniň goşgularynda baş tema edipdirler. Şeýle eserleriň üsti bilen ýaş nesillerimiz “Watan” sözüniň mukaddesdigine ýene bir ýola göz ýetirýärler. Ata Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri elmydama rowaç bolsun.