logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝEŇIŞLER BILEN ÖŇE!

ÝEŇIŞLER BILEN ÖŇE!

Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda geçirilýän «Akyl giňişligi» atly bäsleşigiň final tapgyryna Lebap welaýat kitaphanasynyň topary çykdy. Kitaphanaçylaryň 6-syndan ybarat bolan welaýatymyzyň topary deslapky tapgyrlarda Mary welaýatyndan we Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan gatnaşan kärdeşlerini ýeňdiler. Bäsleşik gaty gyzykly hem-de täsirli geçdi. «Akyl giňişligi» atly bäsleşigi halkymyz tarapyndan söýülip tomaşa edilýär. Bu bäsleşik kitaphanaçylar üçin gyzykly, kitaphana işinde kämilleşmäge, öwrenmäge uly mümkinçilik döredýär.

Bäsleşigiň ýeňijisi bolmak üçin final duşuşygynda Lebap welaýat kitaphanasynyň topary Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylaryndan düzülen kärdeşleri bilen bäsleşerler.