Dünýä taryhyndaky iň gazaply we gandöküşikli uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş gününden bäri 81 ýyl geçdi. Bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolup, millionlarça adamyň gurban bolmagyna getirdi. Doganlyk halklar gazaply howpuň garşysyna jebisleşip, söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk bolup durýar. Türkmen halky hem Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy.Ýeňişden soňra geçen 81 ýylyň dowamynda şol ýyllaryň gahrymançylykly ýatlamalary biziň kalplarymyzda saklanýar, watandaşlarymyzda belent buýsanç duýgusyny artdyrýar.
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli “Ýeňişli ýollaryň senasy” atly sergi gurnaldy. Bu sergä Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, ýaşuly nesliniň wekilleri we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan bu sergide surat eserleri, nakgaş eserleri, zergärçilik sungatyna degişli şaý-sepler sergilenen.
Gazaply uruş ýyllarynda tylda tutanýerli zähmet çeken ildeşlerimiziň edermenligi hem hiç wagt ýatdan çykarylmaz. Olar janyny aýaman kärhanalarda, ekin meýdanlarynda zähmet çekip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler we ýygnadylar. Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow ýetginjekkä, 1944-nji ýylda “Köp ekeliň dänäni!” atly goşgusyny ýazypdyr. Bu täsirli setirlerde hakyky watançylyk, Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin tagallalar öz beýanyny tapýar.
Ähli halk işine türkmen zenanlary-da uly goşant goşdular. Olar urşa giden gerçekleriň ýerine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tutanýerlilik bilen zähmet çekdiler. Goranmak gaznasyna 7400 kilograma golaý altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar. Türkmenistanyň ýaşaýjylary uçar we tank öndürmek üçin 243 million rubl we 7,392 kg kümüş we altyn ýygnadylar. Gyzyl Goşunyň esgerleri üçin sowgatly 202 otly fronta iberildi. 2 million ýyly eşik we 20,386 tonna galyndy metal iberildi.
Biz edermenlik üçin türkmenistanlylaryň 104-siniň “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” diýen belent ada mynasyp bolandygyna, 19 frontçynyň bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri bolandygyna çäksiz buýsanýarys. Ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň orden-medallar bilen sylaglanyldy. Olaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Häzirki wagtda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin watançylygyň, belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew fronta meýletinlik bilen gidip, uruşdan agyr ýaralanyp geldi hem-de mugallymçylyk işini dowam etdi. Ol SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Permany esasynda “Hormat nyşany” ordeni bilen sylaglanyldy. 2018-nji ýylyň iýunynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza we halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr.