logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

YLMY-AMALY MASLAHAT

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl kafedralaryň hepdeligi bellenip geçilýär. “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde-de, birnäçe ylmy-amaly maslahatlar we leksiýa konsertler, döredijilik duşuşyklar geçirmek göz öňünde tutulýar. “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň açylyşy hem uly dabara bilen geçirildi. Soňra görnükli türkmen kompozitorlary – D.Öwezowyň, N.Muhadowyň, S.Tüýliýewiň ýubileýlerine bagyşlanyp, “Türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meseleleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahat konserwatoriýada bilim alýan talyp ýaşlar we irginsiz zähmet çekýän mugallymlar üçin görnükli kompozitorlaryň aýdym-saz sungatyny içgin öwrenmek üçin möhüm çäreleriň biri boldy.
Bu ylmy-amaly maslahaty görnükli kompozitor, halypa mugallym, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri S.Tüýliýew açyp berdi. Maslahatyň dowamynda görnükli kompozitor D.Öwezowyň, W.Muhadowyň, S.Tüýliýewiň döredijilik ýolundan täsirli maglumatlary özünde jemleýän çykyşlar bilen dowam etdi. Ýagny, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymlary A.Açylowyň, G.Magtymgulyýewanyň, G.Ýazmämmedowanyň, L.Babaýewanyň, bulardan başga-da D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.Baýryýewanyň, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary B.Aýdogdyýewanyň we J.Orazowanyň ylmy çemeleşmeler bilen taýýarlan çykyşlary has-da täsirli boldy.
Şeýle çäreleriň geçirilmegi saz ylmynyň hem döredijilik işleriniň has-da ösmegine uly goşant goşýar we ýaş sazşynaslary ýene-de döredijilik işlerine ruhlandyrýar.

Arzygül ÝAGMYROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby