logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ylym-bilimiň we kitaphanalaryň ähmiýeti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk“ teleýaýlymy bilen bilelikde “Ylym-bilimiň we kitaphanalaryň ähmiýeti” hakynda ýazgy edildi. Çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim almagynda we kitap okamaklarynda, milli mirasymyzy, medeniýetimizi, geçmiş taryhymyzy öwrenmeklerinde kitaphanalaryň ornunyň uludygyny belledilerr. Ýaşlary, körpe nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde we pederlerimiziň paýhas mirasyny öwrenmekde kitaplaryň, çeper edebiýatlaryň, türkmen halk ertekileriniň uly gollanma bolup hyzmat edýändigi hakynda gürrüň etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýy bilen mähirli gutladylar.