logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

YLYM-GYMMATLY BAÝLYK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň talyplary, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ylym-gymmatly baýlyk» ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi.

Söhbetdeşlikde çykyş eden talyplar ylym-bilim jemgyýetiň ösüşiniň esasy sütünleridir. Ylym we bilim her bir adamyň, milletiň hem-de bütin adamzadyň durmuşynda möhüm gymmatlyklaryň biridir. Ata-babalarymyzyň ýaş nesle bilim we terbiýe bermek ýörelgeleri gadymdan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde baha berýär diýip, söhbetdeşlikde çykyş eden talyp ýaşlary giňişleýin nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli,giň dünýägaraýyşly,ýokary ahlakly, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.