Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda, 40-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – durmuşyň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler, döwlet derejesinde ýaýbaňlandyrylan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça bir aýlyk çäreler toplumynyň adam hakyndaky aladanyň çuňňur beýany bolup, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegiň biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle hem, pyýadalaryň köçäni kesip geçenlerinde ýörite bellenen ýerlerden ýöremegi, olar üçin ýerasty geçelgeleriň gurulmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýändigi barada belläp geçdiler.