Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphanaň ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde her ýyl ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlap ýaş nesilleriň arasynda duşuşyk geçirdi.
Kitaphana hünärmeni ýollarda, köpçülik awtobuslarynda özüňi medeniýetli alyp barmaklygyň, diňe bir ýol düzgünlerini bilmek we olara eýermek däl, eýsem, beýleki ýol hereketine gatnaşyjylara bolan hormatyň we jogapkärçiligiň wajyplygy barada ýaş okyjylara täsirli gürrüňleri berdiler. Köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri hakynda we ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berildi. Ýaş nesiller bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň saglygy we howpsuzlygy ugrunda toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.