Her ýyly mynasyp atlandyrmak döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Her ýyl ady bilen hakydamyza siňýär, taryhda şol at bilen galýar, üstesine, şol at hemişe ruhlandyryp durýar. Ýylyň-ýylyna ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanyp, belent sepgitlere eýe bolýarys. Bu, elbetde, ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar. Asylly ýörelgä eýerilip, 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at dakyldy.
Gündogar senenamasynyň ýedinjisi bolan ýylky, ýagny bedew ýylynda ösüşleri hem özgerişleri bilen röwşen geljege barýan eziz Diýarymyzda, baş şygaryň-da utgaşykly bolmagy göwünlerimizi has-da galkyndyrdy. Ýylyň şygaryndan mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzüniň parahatçylyk kalbyna öwrülen Türkmenistan bedew batly ösüşleriň, toý-baýramlaryň, beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwrülýär. Diňe türkmen halkymyz däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi hem bedew atlary üstünligiň, belent ösüşleriň nyşany hökmünde kabul edýär. Ahalteke bedewleri — pederleriň mirasy, halkyň taryhy, ruhy ahwalydyr. Gözelligi bilen göreni haýrana goýýan gamyşgulak, asman atlary halkymyzyň hemişe hemrasy bolupdyr. Muny taryha nazar aýlasaň hem görmek mümkin.
«At agynan ýerde toý bolar» diýýän halkymyzyň elbetde, her bir güni şatlykly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Behişdi, şabaz bedewleriň mekany bolan eziz Diýarymyzyň toý-baýramlaryny ýyndam bedewlerimizden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki şahandaz halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolan bedewleriň seýkin basyşy, aýlawy baglaýşy, gaýtalanmajak gözelligi görenlerde hiç wagt ýatdan çykmajak duýgulary, täsirleri galdyrýar. Şeýle hem, Gahryman Arkadygymyzyň «Atda wepa-da bar, sapada», «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserlerini okanyňda, behişdi bedewleriň Watanynda, şeýle gözelligiň eýeleri türkmen halkynyň nesli bolandygyňa buýsanýarsyň. Halkymyz ýöne ýere: «At — myrat» diýmändir. Il-günümiz aty döwletlilik, gaýratlylyk hasaplapdyr. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýadydyr. Goý, halkymyzyň hemrasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!