BILDIRIŞ!
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda «Milli medeniýet — öçmejek sungat» atly sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 11:00-da açylýar.

Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kamera orkestrynyň “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni” mynasybetli baýramçylyk konserti geçirilýär. Baýramçylyk konsertinde kamera orkestryna Eziz Jumaniýazow drižýorçylyk edýär.Konsert 2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Watan kinokonsert merkezinde sagat 19:00-da başlanýar.
Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki iýun aýynyň 28-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler.