logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy

Halkara gatnaşyklary

22.06.2026

2026-njy ýylyň 15-20-nji iýuny aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi. Bu foruma ýurdumyzdan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew gatnaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda arheologiýa, muzeý işi ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumynyň maksady muzeý ulgamynyň işini sanlylaşdyrmakdan ybarat. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew forumda eden çykyşynda şeýle belleýär: - Muzeýler – ýurduň we onda ýaşaýan halklaryň milli özboluşlylygyny toplaýar, gorap saklaýar, maddy we medeni gymmatlyklary ylmy esasda öwrenýär, wagyz edýär, sergiläp görkezýär. Milletiň taryhynyň, maddy medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň, däp-dessur aýratynlyklarynyň toplamalarynyň gaznasyny emele getirýär. Muzeýleriň ekspozisiýalarynyň esasy bölegi halkyň taryhyna, ýurduň durmuşyna, medeniýetine, onuň döremegine we döwletiň durmuşynda beýleki möhüm wakalara we döwürlere bagyşlanýar. Ylmy-barlag we medeni aň-bilim edaralary hökmünde hereket edýän bu ýurtlaryň öňdebaryjy muzeý merkezleridir, olaryň işiniň esasy aýratynlygy toplumlaýyn ülkäni öwreniş ugurlaryna gönükdirilýär. Ýurtlaryň dürli künjeklerinden toplanan taryhy gymmatlyklar, gymmatly resminamalar, köne çap edilen neşirler, saz gurallary, beýleki milli ähmiýetli gymmatlyklar toplanýar we goralyp saklanýar. Dünýäniň öňde baryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady. Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod hyzmatlary ulanyşa girizildi. QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2Dştrih kod) bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär we «Quick Response Code» («dessin tassyklanylýan kod») diýip düşündirilýär hem-de mobil programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär. Muzeýi görmäge gelen her bir adam üçin bu hyzmat elýeterlidir. Şonuň üçin ykjam telefonda QR-kody ulanmak arkaly muzeý ekspozisiýasynda sergilenen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty bilmäge mümkinçilik bar. Muzeý ekspozisiýasynyň başynda, ýagny, girelgede multimedia ekranda Arkadag şäheri barada wideorolik görkezilýär hem-de muzeý ekspozisiýasy barada maglumat beýan edilýär. Häzirki döwürde bu ugur hem täze tehnologiýalaryň täsirine düşýär. Şonuň netijesinde muzeýlerde täze bir ösüş ugry peýda bolýar. Dünýädäki tehnologiýanyň ösmegi bilen muzeýler hem sanlylaşýar. Sanly muzeýleriň artykmaçlyklary, ýagny Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hereket edýän «arkadagshahermuzey.gov.tm» saýty bar. Bu saýt islendik adam üçin elýeterlidir. Bu ýerde muzeý barada ähli maglumatlar jemlenendir hem-de muzeýde alnyp barylýan işler we täzelikler, habarlar ýerleşdirilýär. Innowasiýa muzeýleri ýaş nesil üçin has gyzykly bolmak bilen, bilim mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýle hem, sanly ösüş diňe bir içerki ösüş bilen çäklenmeýär. Ol halkara derejesinde hyzmatdaşlyk üçin hem täze mümkinçilikleri açýar. Sanly mümkinçilikler we umumy ösüş muzeýleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirýär. Muzeýler arasynda halkara hyzmatdaşlyk tejribe alyşmakda möhüm orny eýeleýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjy myhmanlar ekologiýa taýdan arassa hem-de sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine geldiler. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar ajaýyp şäheriň gözel ýerleriniň biri bolan Taryhy-medeni seýilgähe hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelip gördüler. Myhmanlar bu ýerde muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Halkara hyzmatdaşlyk medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde tanatmaga mümkinçilik berýär. Netijede, muzeýler diňe milli däl, eýsem, dünýä derejesinde hem möhüm medeni merkezlere öwrülýär.

Gadymy Margiana bagyşlanan maslahat

Halkara gatnaşyklary

19.06.2026

2026-njy ýylyň 12-14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýanyň Bern şäherinde «Togolok arheologiýa toplumyndaky soňky barlaglaryň nukdaýnazaryndan Beýik Horosan siwilizasiýasy (GKС)» atly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhametdurdy Mamedow hem-de «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Annamyrat Orazow gatnaşdy. Maslahata Germaniýa Federatiw Respublikasyndan Italiýa Respublikasyndan Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Şweýsariýa döwletlerinden türkmen topragynda ýerleşýän gadymy Margiana siwilizasiýasyny öwrenýän belli tanymal alymlar gatnaşyp, gadymy Margiananyň gözbaşynyň gelip çykyşy hem-de täze toplanan ylmy maglumatlar boýunça pikir alyşdylar. Meşhur arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan üsti açylan Margiananyň Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan bilen deň hatarda gadymy siwilizasiýalaryň bäşisiniň biri bolup durýandygyny ýeri gelende nygtamak isleýäris. Häzirki wagtda hem gadymy Margiananyň dünýädäki meşhurlygy gülläp ösen döwründäkisinden pes däldir. Çünki gadymy Margiana häzirki wagtda-da dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun!

Bişkekde ýaňlanan owazlar

Halkara gatnaşyklary

16.06.2026

2026-njy ýylyň 8-11-nji iýuny aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň XIX döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynyň çäklerinde guralan GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkesriniň çykyşyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri gatnaşdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory Rasul Gylyjow bilen söhbetdeş bolanymyzda ol: -Biz forumda Nury Halmämmedowyň «Durnalar» simfoniýasyny, P.I.Çaýkowskiniň eserini ýerine ýetirdik. Bu eserler tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkesriniň çykyşyna Belarus, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan wekiller gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat ussatlarymyzyň dünýä döwletlerinde çykyşlar edip, sungatymyzyň dürdänelerini Ýer ýüzüne ýaýmaklary babatda şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Biz toparymyz bilen köp ýurtlarda çykyşlar etdik. Belarus Respublikasynyň Brest şäherinde, Daşkent, Samarkant, Bişkek, Moskwa, Sankt-Peterburg, Fransiýa, Germaniýa ýaly döwletlerde aýdym-saz eserlerimizi belentden ýaňlandyrdyk. Özboluşly owazlara baý aýdym-sazlarymyzy islendik ýurduň sahnasynda ýerine ýetirseň-de muşdagy ýetik bolýar. Çünki türkmen aýdym-sazlary nusgalyk aýdym-sazlar. Bişkekde ýaňlanan owazlar hem dost-doganlyk owazlary bolup dabaralandy – diýip buýsanç bilen aýtdy.

«Aýdym-saz bilimi: dünýä derejesinde bitewi giňişlige tarap» atly forumy

Halkara gatnaşyklary

10.06.2026

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 2026-njy ýylyň 17-20-nji maýy aralygynda «Aýdym-saz bilimi: dünýä derejesinde bitewi giňişlige tarap» atly halkara derejesinde geçirilen foruma Ýewropa we Aziýa döwletleriniň ençemesinden ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, hünärmenleri we mugallymlary gatnaşdylar. Bu abraýly çärä gatnaşmak bize hem miýesser etdi. 18-nji maýda forumyň resmi açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi. Forumyň maksadyna laýyklykda, çeper we medeni bilimiň ösdürilmegi, öňdebaryjy halkara tejribeleri paýlaşmak we professional hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly çykyşlar diňlenildi. Mejlisiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Resul Amangeldiýew çykyş edip, ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň we biliminiň ýeten derejesi, bu ugurda gazanylan üstünlikler hakynda, milli aýdym-saz sungatymyza, bagşyçylyk sungatyna ýokary derejede üns berilmegi netijesinde, bu ugurlaryň türkmen saz biliminde aýratyn orny eýeleýändigi hakynda gürrüň berdi. Günüň ikinji ýarymynda myhmanlar Özbegistan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler. Konsertiň jemleýji pursatlarynda aýdymçylar bilen tans toparynyň «Küştdepdini» türkmençe ýerine ýetirmegi konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy. 19-njy maýda forumyň işi dürli bölümçelerde dowam edip, onda saz biliminiň wajyp meseleleri, emeli aňyň saz bilimindäki orny, saz däplerini gorap saklamak we ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Şol gün biz Özbegistanyň Muhtar Aşrafy adyndaky döwlet konserwatoriýasynda muhmançylykda bolup, bu meşhur okuw mekdebiniň kitaphanasyna, okalga jaýyna, milli saz gurallarynyň muzeýine, Uly konsert zalyna, organly zalyna baryp gördük. Soňra konserwatoriýanyň rektorynyň kabul edişligi boldy. Bu dabarada R.Amangeldiýew konserwatoriýanyň muzeýine türkmen dutaryny, özbek konserwatoriýasynyň rektory Kamoliddin Urinbaýew, öz gezeginde, oňa özbek dutaryny ýadygärlik berdiler. Pursatdan peýdalanyp, men hem konserwatoriýanyň kitaphanasyna rus dilinde çap edilen «Теория туркменской музыки» monografiýamy sowgat berdim. Aýdym-saz bilimi we ylmy boýunça beýleki ýurtlaryň hünärmenleri bilen pikir alyşmaga, hünärimizi kämilleşdirmäge döreden mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys.

MOSKWADA ÝAŇLANAN DOSTLUK OWAZLARY

Halkara gatnaşyklary

09.06.2026

#### Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri Iýun aýynyň ilkinji günlerinde Moskwada ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, şol sanda meşhur artistleriň, opera ýerine ýetirijileriň, estrada aýdymçylarynyň, meşhur saz we tans toparlarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri ähmiýeti uly wakalara, täsirli pursatlara baý boldy. Ol «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň halkara derejede hem many-mazmun taýdan baýlaşýandygyny alamatlandyrdy. Iki halkyň arasyndaky dostluk köprülerini has-da berkiden medeni çäreler türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamlarda-da üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Medeniýet günleriniň 4-nji iýunda Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda geçirilen açylyş dabarasy şatlyk-şowhunly pursatlara beslendi. Onda çykyş edenler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şunda şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde goldaw berilýändigi üçin iki ýurduň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Açylyş dabarasynyň başynda «Türkmen ilinden salam» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. «Gel Türkmenistana!», «Parahatçylyk sazy», «Mirasyň dürdäneleri», «Çapyksuwaryň aýdymy», «Dutaryň owazy», «Toý bu gün» ýaly hoş owazly mukamlar russiýaly tomaşaçylarda bedew batly ösüşlere beslenýän güneşli Türkmenistana gaýybana syýahat eden ýaly duýgy döretdi. Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň çykyşlary, şol sanda «Küştdepdi» tansynyň şowhunly ýerine ýetirilmegi medeni çärä aýratyn öwüşgin berdi. Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde ýerine ýetirilen milli aýdym-sazlarymyz, şeýle-de ýurdumyzyň ussat artistleriniň rus dilindäki çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleriniň, dostlukly döwletiň medeni edaralarynyň jogapkär işgärleriniň, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ylym, sungat adamlarynyň, žurnalistleriň, talyplaryň we ýurduň sebitlerindäki türkmen diasporalarynyň wekilleriniň hormatly myhman hökmünde gatnaşmaklary çäräniň ähmiýetini artdyryp, derejesini has-da belende göterdi. Konsertiň dowamynda agzybirligi, milli gymmatlyklary wasp edýän aýdym-sazlaryň belentden ýaňlanmagy türkmen hem-de rus halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Zehinli artistlerimiz, sungat ussatlarymyz sazyň, aýdymyň we tansyň bitewi sazlaşygy arkaly russiýaly tomaşaçylaryň türkmen halkynyň milli döredijilik ruhy, ýürek joşguny we hoşniýetli däpleri bilen has ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döretdiler. Moskwada medeni forumyň çäklerinde guralan sergi köp adamly boldy. Onda ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşi, däp-dessurlary şöhlelendirilip, türkmen halkynyň milli bezeg şaý-sepleri, muzeý gymmatlyklary, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi. Munuň özi dostlukly ýurtda geçirilen Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň köptaraply häsiýete eýedigini görkezdi. Forumyň esasy çäreleriniň biri bolan sergide görkezilen gymmatlyklar oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Aýratyn-da, çeper bezegli milli zenan lybaslary, türkmen şaý-sepleri, el keşdeleriniň we haly önümleriniň nusgalary sergä gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Russiýanyň paýtagtynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektorlarynyň, iki ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň duşuşygy hem geçirildi. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ugry boýunça özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine garalyp, gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň meseleleri babatda pikir alyşmalar boldy. Şunda özara tejribe alyşmak bilen bir hatarda, bilelikdäki konsertleri guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy ähmiýetli wakalar we medeni çäreler bilen utgaşdy. Moskwanyň M.I.Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýaty Bütinrussiýa döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda kitaphana ulgamynda özara tejribe alyşmagyň we gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Ýeri gelende aýtsak, dünýä belli akyldarlaryň we edebiýatçylaryň ençemesiniň jemlenip, döwre gurap oturan künjegini ýada salýan bu kitaphananyň öňündäki meýdançada 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň heýkeli hem mynasyp orun alypdy. Forumyň ýapylyş dabarasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Belent ruha beslenen aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň degişli wideoşekiller bilen utgaşmagy has-da täsirli boldy. Milli Liderimiziň sözlerine döredilen «Ak güllerim saňa» atly ajaýyp aýdym bolsa konserte gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary ýurdumyzyň aýdymçy-sazandalarynyň ussatlyk derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edildi. — Bu günki gün Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Medeniýet günleri, çeperçilik sergileri, konsertler hem-de döredijilik duşuşyklary dowamly geçirilýär. Iki ýurduň bilim edaralarynyň, muzeýleriniň, kitaphanalarynyň we ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimi giňeldilýär. Şunda aýdym-saz sungaty bilen bagly gatnaşyklaryň hem barha ýygjamlaşýandygyny bellemek gerek. Türkmen we rus kompozitorlarynyň eserleri konsertlerde ýokary baha mynasyp bolýar. Olaryň bilelikde döreden sazlary bolsa biziň ýurtlarymyzyň medeni gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam edýär. Russiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýediginiň, medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň güwäsidir. Bu medeni forum russiýalylara türkmen halkynyň baý taryhy mirasy, özboluşly däp-dessurlary, milli sungaty, şol sanda saz eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýene bir ýola giň mümkinçilikleri döretdi. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti köptaraplylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ony hemmetaraplaýyn açyp görkezmek maksady bilen, Medeniýet günleriniň çäklerinde Russiýada geçirilen konsertiň meýilnamasyna halk döredijiliginiň eserlerini, milli saz sungatymyzyň nusgalaryny, nusgawy we estrada sazlarymyzy girizdik. Şeýle çäreler dostlukly hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de giňeltmäge mümkinçilik berýär - diýip, türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Resul Amangeldiýew aýdýar. Mahlasy, baýramçylyk ruhunda geçen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Onuň çäklerindäki köpöwüşginli çärelere gatnaşan watandaşlarymyz, şol sanda ýurdumyzyň sungat ussatlary türkmen medeniýetini we sungatyny dünýäde dabaralandyrmak ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi hem-de bu babatda şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarlar. ## Orazmyrat MYRADOW, žurnalist.

Kalplary ýakynlaşdyran medeni baýramçylyk

Halkara gatnaşyklary

08.06.2026

5-7-nji iýuny aralygynda ýurdumyzda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki doganlyk halky birek-birege has-da ýakynlaşdyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Bu medeni baýramçylygyň çäginde Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde geçirilen çäreler ruhy gymmatlyklaryň hem-de edebi mirasyň dabaralanmasyna öwrüldi. 6-njy iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda halkymyzyň beýik akyldary Döwletmämmet Azadynyň hem-de XIX asyr Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Seýit Azim Şirwanynyň döredijilik mirasyna bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat ylmyň we edebiýatyň edebi dostluk köprüsiniň has-da berkeýändigini aýan etdi. Myhmanlar türkmen myhmansöýerligine gör-ä, duz-çörekli garşylandy. Medeniýet, sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary hakyky baýramçylyk şowhunyny döretdi. Dabara gatnaşyjylar kitaphananyň eýwanynda guralan «Kitaplar — giň dünýäniň gapysy» atly bilelikdäki kitap sergisi, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sergide gadymy neşirler, sungat eserleri, milli saz gurallary, nepis halylar, amaly-haşam sungaty eserleriniň seýrek nusgalary görkezildi. Kitaphananyň mejlisler zalynda geçirilen ylmy maslahatyň dowamynda iki doganlyk ýurduň medeniýet we ylym edaralarynyň wekilleri, edebiýatçy alymlar, ýazyjylar, kitaphanaçylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Döwletmämmet Azadynyň ynsanperwerlik pelsepesi we Seýit Azim Şirwanynyň aň-bilim, terbiýeçilik garaýyşlary nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy mekdepdir. Alymlar Azadynyň meşhur «Wagzy-azat» eserindäki ahlak kadalarynyň, kämil döwlet dolandyryşy hem-de jemgyýetçilik adalatlylygy baradaky nesihatlarynyň Şirwanynyň şahyrana dünýäsindäki pedagogik garaýyşlar bilen ajaýyp sazlaşygy döredýändigini nygtadylar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam eden «Azerbaýjan — obýektiwden taryha tarap» atly fotosergi dostlukly ýurduň baý geçmişini, medeniýetini aýdyň açyp görkezdi. Onda azerbaýjan fotosuratçylarynyň döredijilik dünýäsine uly orun berildi. Gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreden fotosergi doganlyk halkyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň çäreleriniň Arkadag şäherinde hem geçirilmegi, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde azerbaýjan mukamlarynyň ýaňlanmagy mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany bolup, dostluk owazlary belentden ýaňlandy Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde geçirilen Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti joşgunly owazlara beslendi. Iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň, köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada ýerine ýetirilen aýdymlar dostlugyň ebedilik mukamlary bolup ýaňlandy. Dabaranyň başynda «Başym gurban bolsun Arkadagyma, başym gurban Arkadagly Serdara!» atly watançylyk aýdymyny Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowa we «Dokmaçylar » folklor tans topary belent joşgun, uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýewiň aýtmagynda meşhur «Mukamyň syry» kinofilminden «Döwranyň aýdymy», Türkmenistanyň halk artisti Guwanç Ýazmämmedowyň «Meleguş» atly aýdymy tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle hem, Maýa Orazberdiýewanyň we «Meňli» tans toparynyň ýerine ýetiren «Ýürekdäki owazlarym» atly çykyşy, «Galkynyş» tans toparynyň ýerine ýetiren «Nergiz» tansy bu dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Sözleri we sazy Gahryman Arkadagymyza degişli bolan «Leýlisaç barada rowaýat» aýdymyny bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowa hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowa bilelikde ýerine ýetirip, iki halkyň aýdym-saz sungatynyň, şirin mukamlarynyň bitewüligini hem-de ýakynlygyny görkezdiler. Azerbaýjanyň Döwlet tans toparynyň ajaýyp sazlaşykly çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Topar giň maksatnamaly bu medeni forumda azerbaýjanyň milli medeniýetini, gadymy däp-dessurlaryny özünde jemleýän tanslary ýerine ýetirdiler. Ussatlyk hem ezberlik bilen ýerine ýetirilen çykyşlary tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar. Konsertiň ahyrynda Gülýanak Mamedowanyň we Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň bilelikde ýerine ýetiren «Doganlyk aýdymy, dostluk mukamy» atly aýdymy dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Azerbaýjanyň Medeniýet günleri düýn gözel paýtagtymyzda dowam etdi. Ir bilen «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjan çeper filmleriniň görkezilişi boldy. Kino muşdaklaryna «Arşyn mal alan», «Ene toprak» çeper filmleri görkezildi. Şeýle hem düýn myhmanlar Aşgabadyň medeni we taryhy merkezlerine gezelenç etdiler. Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolup, halkymyzyň şöhratly geçmişi, medeni gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Soňra myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine aýlandylar. Olar bu ýerde dünýä meşhur türkmen halylarynyň taryhy, olaryň gölleriniň many-mazmuny hem-de nepis dokalan haly önümlerini synladylar. Bu gymmatlyklar myhmanlara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de azerbaýjan şahyry Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat edebi gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Myhmanlar kitaphananyň girelgesinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mazmunly eserlerine, neşir önümlerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Döwlet kitaphanasyna azerbaýjan edebiýatyny, taryhyny, medeniýetini giňişleýin açyp görkezýän gymmatly neşirler sowgat berildi. Döwlet kitaphanasynyň adyndan bolsa Azerbaýjandan gelen hormatly myhmanlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary sowgat berildi. Bu ýerde geçirilen ylmy maslahatda Magtymguly Pyragynyň we Molla Panah Wagifiň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň taryhyndaky orny, olaryň ynsanperwerlik hem-de gözellik garaýyşlary barada pikir alşyldy. Maslahatyň dowamynda azerbaýjanly Hüseýinaga Aslanowyň labyzly okamagynda Magtymguly Pyragynyň hem-de Molla Panah Wagifiň goşgulary diňlenildi. Düýn agşam Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen şowhunly konsert bilen jemlendi. Doganlyk ýurtdan gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda azerbaýjanlylaryň halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Myhmanlar bu ajaýyp medeniýet baýramçylygynyň sungatyň birleşdiriji, döredijilikli güýjüni aýdyň şöhlelendirendigini belläp, çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegi babatda döredilen giň mümkinçilikler üçin iki ýurduň Baştutanlaryna hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

«Azerbaýjan medeniýetiniň dürdäneleri» ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Halkara gatnaşyklary

06.06.2026

5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine uly üns berýändikleri üçin iki ýurduň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş saparyna aýratyn üns çekildi. Şonda Gahryman Arkadagymyz Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şu gezekki Medeniýet günleri hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyna aýdyň subutnamadyr. Çykyşlarda Milli Liderimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran şol saparynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan Fizuli şäherinde azerbaýjan halkyna sowgat hökmünde gurulýan metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasynyň bolandygy we häzirki wagtda onuň gurluşyk işleriniň depginli alnyp barylýandygy nygtaldy. Munuň üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi. Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. «Dostluk kompozisiýasy» atly çykyş iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň çeper beýany boldy. Tomaşaçylar Fikret Amirow adyndaky Azerbaýjanyň Döwlet milli saz gurallary orkestriniň, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestriniň çykyşyny, ýurduň Döwlet tans toparynyň deprekçileriniň tansyny, halk artistleriň hem-de beýleki aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar. «Galkynyş» toparynyň «Küştdepdi» tansy azerbaýjanly sungat ussadynyň çykyşy bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsertiň dowamynda sazandalar, aýdymçylar we tansçylar sazyň, aýdymyň hem-de tansyň umumylygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň meňzeşligini, özboluşlylygyny hem-de dürdänelerini açyp görkezdiler. Çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle ajaýyp pursatlar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdym ýerine ýetirilende has-da aýdyň ýüze çykdy. Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowanyň hem-de ýurdumyzyň «Näzli» tans toparynyň tansçy gyzlarynyň ýerine ýetiren bu çykyşyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/halkara-azer.jpg) Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär. Gözel paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Azerbaýjanyň çeper filmleriniň görkezilişi hem boldy.

«Özbek kamera orkestriniň solistleriniň 40 ýyllygyna» bagyşlanan çäre

Halkara gatnaşyklary

03.06.2026

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň Hormatly Prezidentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde, türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Biziň halklarymyz gadymy döwürlerden bäri goňşuçylykda ýaşap, agzybirlik, doganlyk gatnaşyklaryny asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirip geldiler. Türkmen we özbek halklaryny medeniýetleriniň, däpleriniň, sungatlarynyň ýakynlygy birleşdirýär. Şu ýylyň 22-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Özbek kamera orkestriniň solistleriniň 40 ýyllygyna» bagyşlanan ýubileý çäresine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň ýokary derejeli orkestr artisti (konsertmeýsteri), Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow gatnaşdy. Bu çärä Russiýa Federasiýasyndan Hytaý Halk Respublikasyndan Türkiýe Respublikasyndan we başga-da ençeme döwletlerden kompozitorlar, dirižýorlar, medeniýet, sungat ussatlary gatnaşdylar. Bu ýubileý çäresinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Röwşen Nepesowyň dirižýorlyk etmeginde «Suratkeşiň mirasy» atly saz eseri ýerine ýetirildi. Bu saz eserini tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar. Beýleki döwletlerden gelen sungat ussatlary hem çäräniň dowamynda ajaýyp saz eserlerini ezberlik bilen ýerine ýetirdiler. Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

Şan-şöhratly ahalteke bedewleri

Halkara gatnaşyklary

02.06.2026

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Istanbul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan etnofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller gatnaşdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň giň möçberli halkara festiwala gatnaşmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar hem-de meşhur toparyň, ahalteke bedewleriniň abraýyny artdyrýar. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Etnosport medeniýeti festiwalynda «Galkynyş» toparynyň çykyşlary örän täsirli boldy. Toparyň ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň ahalteke bedewleri bilen sazlaşykly hereketleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu festiwal halklaryň birek-birege ýakynlaşmagy, milli däp-dessurlaryň giňden wagyz edilmegi, özara tejribe alyşmak üçin uly ähmiýetlidir. Etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara beslendi. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna festiwalyň ýapylyş dabarasynda hem uly orun berildi. Toparyň festiwalyň ýokary derejeli baýragyna mynasyp bolmagy, at üstündäki oýunlar boýunça ýokary ussatlyga ýetendiginiň, toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň halkara derejede ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäde uly abraýa eýe bolan bu topara gowşurylan baýraklar onuň halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandygynyň ykrarnamasydyr.

«Türki dünýäsiniň medeniýeti we sungaty» atly halkara maslahaty

Halkara gatnaşyklary

25.05.2026

Şu ýylyň 19-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Andijan – 2026 -Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» konsepsiýasynyň çäklerinde geçirilen «Türki dünýäsiniň medeniýeti we sungaty» atly halkara maslahatyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Azat Annaýew gatnaşdy. Onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, bu halkara maslahatynda «Türkmenistanyň sungatşynaslygynda döwrebap ylmy gözlegleriň ähmiýeti» atly ylmy makala bilen çykyş edendigini, halkara maslahatynda Özbegistan, Türkiýe, Gazagystan we Gyrgyz Respublikalarynyň sungatşynaslarynyň hem öz ýurtlarynyň sungatlary barada täsirli çykyşlary edendigini belledi. Şeýle hem, halkara maslahatynyň ahyrynda çykyş edenlere Türki medeniýetiň halkara guramasynyň – TÜRKSOÝ-yň diplomynyň gowşurylandygyny buýsanç bilen nygtady. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.