MINISTRLIK HAKYNDA


ESASY WEZIPELER

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň medeni syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda medeniýeti we sungaty, syýahatçylygy ösdürmek barada degişli işleri alyp barmak;
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň medeniýet ulgamyny ösdürmek babatda tabşyryklaryny ýerine ýetirmek;
3. Döwletiň medeniýet, sungat, döredijilik işi, edebiýat, milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak, syýahatçylyk babatdaky syýasatyny wagyz etmek hem-de giňden düşündirmek;
4. Degişli ministrlikler, häkimlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, guramalar, döredijilik birleşmeleri bilen bilelikde milli baýramçylyklary, şanly seneleri, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny guramak;
5. Halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda halkara medeni çäreleri guramak, türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek;
6. Türkmenistanyň raýatlarynyň çeper döredijilik bilen erkin meşgullanmak, ruhy isleglerini kanagatlandyrmak, ilata medeni-dynç alyş hyzmatlaryny guramak, dünýä halklarynyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmak hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmek;
7. Türkmenistanyň çäklerinde taryhy ýadygärlikleri, medeni gymmatlyklary ýüze çykarmak, hasaba almak, öwrenmek, gorap saklamak, rejelemek, dikeltmek, Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň döwlet sanawyny we medeni gymmatlyklaryň gorag sanawlaryny ýöretmek; taryhy-medeni mirasy goramagyň, öwrenmegiň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşmak;
8. Medeniýeti we sungaty ösdürmek, il içinden ýaş zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmak boýunça döredijilik bäsleşiklerini guramak, ýaşlary döredijilik dünýäsine höweslendirmek;
9. Türkmen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmek, bagşy-sazandalaryň, aýdymçylaryň, kompozitorlaryň döredijilik işlerini utgaşdyrmak, konsertleri, aýdym-sazly çykyşlary guramak;
10. Teatr we sirk sungatyny kämilleşdirmek, täze sahna oýunlary bilen baýlaşdyrmak, teatrlaşdyrylan çykyşlary geçirmek, teatrlara tomaşaçylaryň çekilmegini üpjün etmek, artistleriň, režissýorlaryň, dramaturglaryň alyp barýan işlerini utgaşdyrmak;
11. Şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, zergärçilik sungatyny ösdürmek, sergileri guramak, suratkeşleriň çeper döredijiligini ösdürmek;
12. Ýadygärlikleriň, heýkelleriň, portretleriň, şeýle hem, nakgaşçylyk, amaly-haşam sungaty eserleriniň, dizaýn-bezeg işleriniň hiliniň, çeperçiliginiň, özboluşlylygynyň, asyl nusgasyna laýyklygynyň derejesini kesgitlemek;
13. Muzeý işini kämilleşdirmek, muzeý gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak we aýap saklamak, muzeý gymmatlyklarynyň sergilerini guramak, muzeý işgärleriniň usuly maslahatlaryny guramak, muzeýlere gelýän tomaşaçylaryň sanyny artdyrmak;
14. Kitaphana işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, kitaphanalara sanly ulgamy yzygiderli ornaşdyrmak, okyjylary çekmek, kitaphanalarda döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary guramak, kitap we neşir önümleriniň sergilerini geçirmek;
15. Medeniýet we sungat çygryndaky işi hem-de audio, wideo we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly işleri ygtyýarlylandyrmak, ilata ýaýradylýan audio, wideo we kino önümleriniň many-mazmunyna gözegçilik etmek;
16. Welaýat, etrap we şäher medeniýet köşklerinde, medeniýet merkezlerinde, oba we şäherçe medeniýet öýlerinde hem-de beýleki (gaýry medeniýet) döredijilik edaralarynda medeni çäreleri yzygiderli guramak, halk teatrlarynyň, gurnaklaryň, çeper höwesjeňleriň işlerini ýörite maksatnamalar esasynda alyp barmak;
17. Maddy däl medeni mirasy toplamak, öwrenmek, gorap saklamak hem-de bu ugurda döwlet syýasatyny ýöretmek;
18. Syýahatçylyk işini kämilleşdirmek, wagyz etmek, ilaty syýahatçylyk bilen meşgullanmaga çekmek, syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we utgaşdyrmak, syýahatçylyk işini guramak we alyp barmak babatda ýörite maksatly işleri geçirýän fiziki we ýuridik şahslaryň işine gözegçilik etmek;
19. Ministrligiň merkezi edarasyna, garamagyndaky edaralara, kärhanalara we guramalara sanly tehnologiýany ornaşdyrmak;
20. «Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibine» laýyklykda, soralýan ýer böleklerinde seljeriş işlerini geçirmek;

ESASY BORÇLAR WE HUKUKLAR

1. Medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmek, taryhy ýadygärlikleri we milli mirasy goramak hem-de syýahatçylyk babatda döwlet maksatnamalaryny işläp düzýär we durmuşa geçirýär.
2. Fiziki we ýuridik şahslaryň medeni mirasy, arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerini goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde berjaý edilişine gözegçilik edýär;
3. Ministrligiň garamagyndaky edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ýerine ýetirýän işlerini, özara gatnaşyklaryny utgaşdyrýar;
4. Medeniýeti, sungaty, edebiýaty, syýahatçylygy ösdürmek, taryhy ýadygärlikleri we maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;
5. Milli taryhy-medeni mirasyň görnükli nusgalaryny aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň döwlet maksatnamasynyň taýýarlanmagyna gatnaşýar;
6. Milli taryhy-medeni mirasyň görnükli nusgalaryny ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň meseleleri boýunça gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýet, ylym we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrýar;
7. Ähli derejelerdäki milli taryhy-medeni mirasyň görnükli nusgalarynyň aýalyp saklanmagyna howp döredýän işi togtadýar we gadagan edýär;
8. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini tassyklaýar;
9. Türkmenistanyň çäklerindäki taryhy-medeni ýadygärlikler we goraghanalar bilen baglanyşykly taslamalary gözden geçirmegi we ylmy taýdan seljermegi üpjün edýär;
10. Ministrligiň garamagyndaky edaralar, kärhanalar we guramalar üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary, ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň işine umumy ýolbaşçylyk edýär hem-de olarda okadylýan hünärleriň sanawyny we olaryň okuw meýilnamalaryny bellenen tertibe laýyklykda kesgitleýär we tassyklaýar;
11. Halkara medeni hyzmatdaşlygy çygryndaky işi utgaşdyrýar we amala aşyrýar;
12. Döwletara ylalaşyklarynyň çäklerinde medeniýeti, sungaty, taryhy-medeni, maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we syýahatçylygy ösdürmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrmagy boýunça pudagara häsiýetli halkara şertnamalaryny baglaşýar;
13. Degişli edaralar bilen bilelikde medeniýet, sungat, edebiýat, taryhy-medeni miras, halkyň çeper döredijiligini goramak, ösdürmek, maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we syýahatçylyk babatda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär;
14. Medeniýet, sungat we syýahatçylyk babatda halkara sergilerini geçirmegi, döredijilik toparlarynyň ýerlere gidip, çykyş etmegini bellenen tertipde üpjün edýär;
15. Kinowideohyzmat boýunça audio, wideo we kino önümlerini bellenen tertipde ýazgy etmek, köpeltmek, ýaýratmak boýunça işlere, şeýle hem syýahatçylyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, medeniýet we sungat çygryndaky işi hem-de audio, wideo-we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly işi bellenilen tertipde ygtyýarlylandyrýar;
16. Milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek, aýawly saklamak, goramak, ýaýratmak, dikeltmek we peýdalanmak boýunça gönükdirilen ýörite döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär, bu meseleler boýunça gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýet, ylym we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrýar, halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar, ylmy-barlaglaryň geçirilmegini guraýar.
17. Dahylly edaralar, kärhanalar we guramalar bilen bilelikde syýahatçylygy ösdürmek babatda maglumat hasabatlylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;
18. Ministrligiň ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlaýar, kabul edýär, şeýle hem bu babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine degişli teklipleri hödürleýär.
19. Ministrligiň ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça bäsleşikleri, festiwallary, duşuşyklary, maslahatlary geçirýär, şeýle hem beýleki medeni-köpçülik çärelerini guraýar, bäsleşikleri we ýaryşlary yglan edip, sungat we edebiýat eserlerini döretmegi höweslendirýär.
20. Medeniýet we syýahatçylyk babatda mahabat-maglumat we neşir işini bellenen tertipde amala aşyrýar, şekillendiriş, teatr, çeper döredijilik, amaly-haşam, aýdym, tans, saz, folklor, edebiýat, sirk we estrada sungatynyň, halk senetçiliginiň, audio, wideo we kino önümleriniň naýbaşy nusgalaryny, taryhy-medeni mirasyň gymmatly ýadygärliklerini döwlet eýeçiligine satyn alýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy

Maddy däl medeni miras müdirligi

Syýahatçylyk müdirligi

Ykdysadyýet we maliýe müdirligi

Teatrlar we tomaşa edaralary bölümi

Saz edaralary we halk döredijiligi bölümi

Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölümi

Döredijilik işgärleri bölümi

Ygtyýarlylandyryş we kinowideohyzmat işini guramak bölümi

Halkara aragatnaşyklar bölümi

Iş dolandyryş müdirligi