«Türkmenistan — ÝUNESKO»



Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.
Bu Konwensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna aşakdakylar girizildi:
1. 1999-njy ýylda Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy.
2. 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy.
3. 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi.
ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransuz Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär. 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy ÝUNESKO-nyň Türkmenistan bilen alyp barýan işleriniň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredýändir. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan gymmatlyklarymyzy öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň döreden taryhy we medeni ähmiýetli mirasynyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ebedileşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy, ýagny ÝUNESKO bilen bilelikde tutumly işler alnyp barylýar.
Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýändir. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda karara gol çekdi, oňa laýyklykda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.
2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna indikiler girizilendir:
1. 2015-njy ýylda «Görogly dessançylyk sungaty».
2. 2016-nji ýylda «Nowruz».
3. 2017- nji ýylda «Küştdepdi aýdym we tans dessury».
4. 2019-nji ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungaty».
5. 2021-nji ýylda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty».
6. 2022-nji ýylda «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri».

Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasynyň hasaba alnyş
SANAWY (01.03.2024 ý.)


1. Dilden-dile geçýän miras

1.1 Eposlar


1.1.1 “Oguznama”
1.1.2 “Gorkut ata”
1.1.3 “Görogly”

We ş.m. dowam etdirmeli

1.2 Dessanlar


1.2.1 “Nejep oglan”
1.2.2 “Şasenem-Garyp”
1.2.3 “Hüýrulkga-Hemra”
1.2.4 “Saýatly-Hemra”
1.2.5 “Asly-Kerem”
1.2.6 “Ýusup-Ahmet”
1.2.7 “Ýusup-Züleýha”
1.2.8 “Gül-Bilbil”
1.2.9 “Zöhre-Tahyr”
1.2.10 “Baba Röwşen”
1.2.11 “Muhammet Hanapyýa”
1.2.12 “Şazada Muhammet”
1.2.13 “Ymam Hasan-Ymam Hüseýin”
1.2.14 “Edhem Diwana”
1.2.15 “Ybraýym-Halyl”
1.2.16 “Hatamtaý”
1.2.17 “Gülpam”
1.2.18 “Zeýnelarap”
1.2.19 “Zarkum patyşa”
1.2.20 “Kahka patyşa”
1.2.21 “Rüstem Zal”
1.2.22 “Abu Müslim”
1.2.23 “Şyh Mansur”
1.2.24 “Magtymguly”
1.2.25 “Döwletýar”
1.2.26 “Aşyk Çaňly”

We ş.m. dowam etdirmeli

1.3 Rowaýatlar


1.3.1 “Baýram şahyr”
1.3.2 “Durdy bagşy”
1.3.3 “Gülendam”
1.3.4 “Uzuklar”
1.3.5 “Bahaweddin"
1.3.6 ”Süleýman patyşa”
1.3.7 “Süleýman pygamber”
1.3.8 “Isgender şahly”
1.3.9 “Şirwan adyl”
1.3.10 “Şahymährem”
1.3.11 “Ýedi talyp”

We ş.m. dowam etdirmeli

1.4 Ertekiler


1.4.1 Durmuşy ertekiler

1.4.1.1 Ýakma bişersiň, gazma düşersiň
1.4.1.2 Üç doganyň talaban durşy
1.4.1.3 Garybyň çerkeze gidişi
1.4.1.4 Akylly garry
1.4.1.5 Dana han
1.4.1.6 Abdylla patyşa
1.4.1.7 Ýylana öwrülen hazyna
1.4.1.8 Bagtly kel
1.4.1.9 Zagarany bal bolanda iý

1.4.2 Haýwanlar hakyndaky ertekiler

1.4.2.1 Möjekleri gorkuzan geçi we goýun
1.4.2.2 Tazy we tilki
1.4.2.3 Ýolbars we syçan

1.4.3 Hyýaly ertekiler

1.4.3.1 Akpamyk
1.4.3.2 Mämmetjan (Düýe bahaweddiniň ogly)
1.4.3.3 Ejekejan

We ş.m. dowam etdirmeli

1.5 Hekaýalar


1.6 Şorta sözler (anektodlar)


1.6.1 Nasreddin Hoja (Ependi)
1.6.2 Aldarköse we şeýtan
1.6.3 Aldarköse we baý ogly

1.7 Nakyllar


1.8 Matallar


1.9 Tapmaçalar


1.10 Ýomaklar


1.11 Sanawaçlar


1.12 Ýaňyltmaçlar


1.13 Tymsallar


1.14 Aýtgylar


1.15 Alkyş-dilegler


2. Däp-dessurlar, Yrymlar

2.1 Däp-dessurlar



2.1.1 Çile
We ş.m. dowam etdirmeli

2.2 Urp-adatlar (gündelik we dini)

We ş.m. dowam etdirmeli

2.3 Yrymlar we ynançlar

2.3.1 Täze halyny kesmek däbi
We ş.m. dowam etdirmeli

2.4 Dini düşünjeler

2.4.1 Gadyr gijesi

2.5 Keramatly ýerler

2.5.1 Astana Baba
2.5.2 Ak işan
2.5.3 Paraw Bibi
2.5.4 Aşyk Aýdyň Pir
2.5.5 Baba Gambar
2.5.6 Üç ýüz altmyş Pirler
2.5.7 Hoja Ýusup baba
2.5.8 Soltan Sanjaryň mawzoleýi
2.5.9 Talhatan baba
2.5.10 Parsa pir
We ş.m. dowam etdirmeli

2.6 Milli toýlar


2.6.1 Bäbek toýy
2.6.2 Çile toýy
2.6.3 Sallançak toýy
2.6.4 Diş toýy
2.6.5 Galpak toýy
2.6.6 Sünnet toýy (oglanlar üçin)
2.6.7 Geňeş toýy
2.6.8 Nika toýy
2.6.9 Gyz durmuşa çykarmak
2.6.10 Jaý toýy
2.6.11 Ak goýun toýy

We ş.m. dowam etdirmeli

2.7 Baýramçylyklar


2.7.1 Nowruz baýramy
2.7.2 Gurbanlyk baýramy
2.7.3 Oraza baýramy
We ş.m. dowam etdirmeli

3. Halk çeperçilik sungaty

3.1 Türkmen milli sazlary

3.1.1 Dutar sazlary

3.1.1.1 Dutar toplumlary
3.1.1.2 “Mukamlar”
3.1.1.3 “Gyrklar”
3.1.1.4 “Saltyklar”
3.1.1.5 “Nowaýylar”
3.1.1.6 “Ýandym”
3.1.1.7 “Hajygolak”
3.1.1.8 “Humarala”
3.1.1.9 “Dagarman”
3.1.1.10 “Zybagözel”
3.1.1.11 “Söýli halan”
3.1.1.12 “Zöhrejan”
3.1.1.13 “Dilber”

3.1.2 Tüýdük sazlary

3.1.2.1 “Bady saba”
3.1.2.2 “Çuwal serpen”
3.1.2.3 “Ala begler”
3.1.2.4 “Ogulmeňli”
3.1.2.5 “Torgaý guşlar”

3.1.3 Gyjak sazlary

3.1.3.1 “Alseýidiň muhannesi”
3.1.3.2 “Batyr Karrow”
3.1.3.3 “Nergiz”

3.1.4 Gopuz sazlary

We ş.m. dowam etdirmeli

3.2 Halk aýdymlary

3.2.1 Bagşyçylyk sungaty

3.2.1.1 Ahal-teke ýoly
3.2.1.2 Damana ýoly
3.2.1.3 Salyr-saryk ýoly
3.2.1.4 Ärsary ýoly
3.2.1.5 Ýomut-gökleň ýoly
3.2.1.6 Çowdur ýoly

3.2.2 Dessançylyk sungaty

3.2.2.1 Pälwan bagşynyň ýaly
3.2.2.2 Magtymgyly Garlynyň ýoly
3.2.2.3 Baýar bagşynyň ýoly
3.2.2.4 Palta bagşynyň ýaly
3.2.2.5 Gurt Ýakubyň ýoly
3.2.2.6 Nusgawy şahyrlaryň şygyrlaryna döredilen aýdym-saz mirasy 3.2.2.7 Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdym-saz mirasy

3.2.3 Folklor aýdymlary

3.2.3.1 Läleler
3.2.3.2 Hüwdüler
3.2.3.3 Ýar-ýar
3.2.3.4 Ýarowjan
3.2.3.5 Öleňler
3.2.3.6 Leýeran
3.2.3.7 Agylar
3.2.3.8 Monjugatdy
3.2.3.9 Ýaremezan
3.2.3.10 Höwlüm
3.2.3.11 Degirmençi
3.2.3.12 Hörele
3.2.3.13 Dönem
3.2.3.14 Lollyjan
3.2.3.15 Kän salam
3.2.3.16 Haraý aýdymlary
3.2.3.17 Talhynlar
3.2.3.18 Heşelle

3.3 Milli tanslar


3.3.1 Küştdepme
3.3.2 Hüş-teki
3.3.3 Çapak-karsak

3.4 Milli oýunlar


3.4.1 Aýterek-günterek
3.4.2 Ýüzük
3.4.3 Çemçe-gelin
3.4.4 Eşşe-daraz
3.4.5 Bukuldym
3.4.6 Eldegirdi
3.4.7 Urupgaçdy
3.4.8 Içýanagzy
3.4.9 Guýruk tutdy
3.4.10 Aşyk oýny
3.4.11 Ak süňk
3.4.12 Çap atym
3.4.13 Guşak goýdy
3.4.14 Çilik-hekgal
3.4.15 Çiş
3.4.16 Gözdaňdy
3.4.17 Ördek we awçy

3.5 Milli sport oýunlary


3.5.1 Ýaý atmak
3.5.2 Göreş tutmak
3.5.3 Otdan bökmek
3.5.4 Ýaglyga towusmak
3.5.5 Küşt oýnamak
3.5.6 Düzzüm oýnamak
3.5.7 Peçiz
3.5.8 Ýedi top
3.5.9 Toplum gaçdy
3.5.10 At üstündäki oýunlar
3.5.11 Altyn gabak
3.5.12 Çöwgen
3.5.13 Gök böri
3.5.14 At süsňetme
3.5.15 Telpek aldy

4. Milli hünarmentçilik

4.1 Halyçylyk sungaty


4.1.1 Haly dokamagyň usullary
4.1.2 Haly dokamagyň tilsimleri
4.1.3 Halyçylyga degişli enjamlary ýasamak
4.1.4 Haly dokamak ücin çig mallary taýýarlamagyň usullary
4.1.5 Ýüňi gaýtadan işlemegiň usullary
4.1.6 Ýüňi boýamagyň usullary
4.1.7 Ýüplügi egirmegiň usullary

4.2 Keçe basmak


4.2.1 Keçe basmagyň usullary
4.2.2 Keçe basmagyň enjamlary we çig mallary
We ş.m. dowam etdirmeli

4.3 Taraçylyk


4.3.1 Taraçylygyň usullary
4.3.2 Taraçylygyň enjamlary we çig mallary
We ş.m. dowam etdirmeli

4.4 Keşdeçilik


4.4.1 Keşdeçiligiň usullary
4.4.2 Keşdeçiligiň enjamlary we çig mallary
4.4.3 Ýüpekçilik we ýüpek dokmaçylygy
4.4.4 Ýüpek almagyň usullary
4.4.5 Ýüpekçiligiň çig mallary

4.5 Hünärmentçilik (ussaçylyk)


4.5.1 Zergärçilik
4.5.2 Galaýyçy
4.5.3 Demirçi
4.5.4 Dutarçy (halk saz gurallaryny ýasamak)
4.5.5 Küýzegärçilik (külal)
4.5.6 Agaç ussaçylygy (neçjar)
4.5.7 Arabaçy
4.5.8 Göni gaýtadan işlemek
4.5.9 Ýüňi gaýtadan işlemek
4.5.10 Çöpüri gaýtadan işlemek
4.5.11 Bedew şaý-seplerini we esbaplaryny ýasamak
4.5.12 Sallançak ýasamagyň milli tejribesi

5. Halk tejribesi

5.1 Awçylyk


5.1.1 Gapan ýasamak we gapan gurmak
5.1.2 Yz çalmak
5.1.3 Ýabany haýwanlary awlamak
5.1.4 El guşlary bilen aw etmek

5.2 Balykçylyk


5.2.1 Çeňňek ýasamak
5.2.2 Tor örmek
5.2.3 Gaýyk ýasamak
5.2.4 Balygy duzlamak we kakatmak

5.3 Ekerançylyk tejribesi


5.3.1 Ak bugdaýy ösdürip ýetişdirmek
5.3.2 Şalyny ösdürip ýetişdirmek
5.3.3 Türkmen gawunyny ösdürip ýetişdirmek
5.3.4 Türkmen garpyzyny ösdürip ýetişdirmek
5.3.5 Türkmen üzümini ösdürip ýetişdirmek
5.3.6 Bakjaçylyk
5.3.7 Ýerli dökünleri taýýarlamagyň usullary

5.4 Maldarçylyk tejribesi

5.4.1 Atçylyk we seýisçilik sungaty

5.4.1.1 Ahalteke bedewini ösdürip ýetişidrmek
5.4.1.3 Ýomut bedewini ösdürip ýetişdirmek

5.4.2 Gara mallary ösdürip ýetişdirmek

5.4.2.1 Saryja goýunlary
5.4.2.2 Garaköli goýunlary
5.4.2.3 Düýedarçylyk

5.4.3 El guşlaryny ösdürip ýetişdirmek
5.4.4 Türkmen itini ösdürip ýetişdirmek

5.4.4.1 Tazylary ösdürip ýetişdirmek
5.4.4.2 Alabaý itini ösdürip ýetişdirmegiň we terbeýelemegiň milli tejribesi
We ş.m. dowam etdirmeli

5.5 Iýmit taýýarlamak, saklamak (türkmen milli tagamlary)


5.5.1 Türkmen çöregini bişirmegiň milli tejribesi
5.5.2 Çekdirme milli tagamyny taýýarlamak
5.5.3 Çorba milli tagamyny taýýarlamak
5.5.4 Dograma milli tagamyny taýýarlamak
5.5.5 Süýt-gatyk önümlerini taýýarlamak
5.5.6 Gowurma taýýarlamak
5.5.7 Çelpek ýapmak
5.5.8 Pişme bişirmek
5.5.9 Semeni milli tagamyny taýýarlamak
5.5.10 Palaw milli tagamyny taýýarlamak (goýun etinden, towukly, balykly, kişmişli, kişdeli)
5.5.11 Börek milli tagamyny taýýarlamak
5.5.12 Işlekli milli tagamyny taýýarlamak
5.5.13 Eti kakatmagyň usullary
5.5.14 Ir-iýmişi ýygmak we guratmak
5.5.15 Ýerli ösümliklerden ýaglary öndürmek
5.5.16 Külçe milli tagamyny taýýarlamak
5.5.17 Çapady milli tagamyny taýýarlamak
5.5.18 Gatlama (gatlakly) milli tagamyny taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.19 Gutap (etli, kädili, gökli, hurmaly) milli tagamyny taýýarlamak
5.5.20 Somsa (etli, kädili) milli tagamyny taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.21 Şüle (etli, mäşli, kädili) milli tagamyny taýýarlamak
5.5.22 Börek (etli, ýumurtgaly) milli tagamyny taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.23 Işlekli (etli, kädili, kömelekli) milli tagamyny taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.24 Ýörme (içegä dykylan bagyr-öýken) milli tagamyny taýýarlamak
5.5.25 Çişde bişirilen bedene (balyk, bagyr) milli tagamyny taýýarlamak Milli tagamlary çişde bişirmegiň usullary
5.5.26 Ýandakly, narpyzly çaýy taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.27 Şek-şekini taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.28 Patrak taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.29 Halwa taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.30 Toşap taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.31 Gawun kakyny taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.32 Köje taýýarlamagyň milli tejribesi
5.5.33 Bulamak milli tagamyny taýýarlamagyň halk tejribesi
5.5.34 Süýtli aş milli tagamyny taýýarlamagyň halk tejribesi
5.5.35 Ýarma milli tagamyny taýýarlamagyň halk tejribesi
5.5.36 Kebap milli tagamyny taýýarlamagyň halk tejribesi
We ş.m. dowam etdirmeli

5.6 Suwy toplamak we ony tygşytly ulanmak


5.6.1 Kärizleri gazmak we durkuny saklamak
5.6.2 Guýulary gazmak we durkuny saklamak
5.6.3 Kaklardan peýdalanmak
5.6.4 Howuzlary gurmak
5.6.5 Ekinleri suwarmagyň usullary
5.6.6 Bentleri gurmagyň usullary

We ş.m. dowam etdirmeli

5.7 Egin-eşik we durmuş hajatlary üçin serişdeleri öndürmek


5.7.1 Mata dokamak
5.7.2 Egin-eşik tikmek
5.7.3 Aýakgap tikmek
5.7.4 Ellik örmek
5.7.5 Jorap örmek

We ş.m. dowam etdirmeli

5.8 Öý gurmak we milli bunagärçilik


5.8.1 Öý ussaçylygy (ak öý gurmak)
5.8.2 Pagsadan jaý gurmak
5.8.3 Suwag işleri
5.8.4 Haşamçylyk
We ş.m. dowam etdirmeli

5.9 Halk tebipçiligi we derman otlaryň peýdalanylyşy


5.9.1 Döwük-ýenjigi bejermek usullary
5.9.2 Derman otlaryň ýygnalyşy
5.9.3 Derman otlaryň saklanyşy
5.9.4 Derman otlaryň ulanylyş usullary
5.9.5 Derman otlaryň taýýarlanylyşy

We ş.m. dowam etdirmeli

5.10 Ýerli ösümliklerden boýaglary almagyň usullary


5.10.1 Boýaglyk ösümlikleri tanamak we ýygnamak
5.10.2 Boýaglary almagyň usullary
5.10.3 Boýamagyň usullary
We ş.m. dowam etdirmeli

5.11 Howa we klimat hadysalaryna düşündiriş bermek


5.11.1 Howa hadysalary we olaryň nyşanlary
5.11.2 Howa hadysalaryny anyklamagyň usullary

We ş.m. dowam etmeli

5.12 Ýerde we suwda ugur anyklamak


5.11.1 Asman jisimlerine görä ugur anyklamak
5.11.2 Ösümliklere görä ugur anyklamak
We ş.m. dowam etmeli