logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
TELEFON BELGISI

+99312 92-29-10

SALGYSY

Aşgabat şäheri, Seýitnazar Seýdi köçesi, jaý 1/1.

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýek
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
17:00
-

Kitaphana 1935-nji ýylda esaslandyrylýar. Bu kitaphananyň häzirki ýerleşýän binasy 1976-njy ýylda gurlup tabşyrylýar, kitaphana bu binada 2007-nji ýyldan bäri hereket edýär. 1983-nji ýyldan bäri kitaphana Türkmenistanyň halk artisti, görnükli dramaturg we jemgyýetçilik işgäri Bazar Amanowyň adyny göterýär.

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy çagalar edebiýatynyň milli gaznahanasy bolmak bilen bir hatarda, Türkmenistandaky çagalar kitaphanalary we mekdep kitaphanalary üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat edýär. Çagalar kitaphanasynyň işiniň esasy ugurlary türkmen halkynyň ruhy mirasyny, onuň taryhy geçmişini, milli däp-dessurlaryny wagyz etmeklige, ösüp gelýän ýaş nesillerde Watançylyk duýgusyny terbiýelemeklige gönükdirilýär.

Kitaphana çagalary we ýaşlary kitaphana çekmek işinde döwrebap usullary iş ýüzünde ornaşdyrmak, okyjylaryň isleglerini öwrenmek iş ugurlarynyň häzirki zaman görnüşlerini ulanmak babatda okyjylar bilen dürli medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegini, bu çäreleriň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde olaryň okyjy toparlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak şerti bilen yzygiderli guraýar. Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda hereket edýän esasy bölümler: 1. Kitap saklamak bölümi; 2. Edebiýatlary toplamak bölümi; 3. Edebiýatlary işlemek we kataloglaşdyrmak bölümi; 4. Usuly-bibliografiýa bölümi; 5. Mekdebe çenli çagalara we 1-3-nji synp okuwçylaryna hyzmat edýän bölüm; 6. 4-12-nji synp okuwçylaryna hyzmat edýän bölüm; 7. Sungat bölümi. Kitaphanada 2016-njy ýyldan bäri bitewi elektron kitaphana ulgamy işleýär. B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda–chagalar-kitaphana.gov.tm atly resmi saýt hereket edýär. e-mail: chagalarkitaphanasy@gmail.com