logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
PARYZDEPE

Taryhy ýadygärlikler

28.05.2025

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde 2024-nji ýylda möwsümleýin işler alnyp baryldy. Gazuw-barlag işleriň dowamynda arheologlar Paryzdepe ýadygärliginden keramika böleklerini ýüze çykardylar. Bu keramika bölekleri arassalanylyp, alymlar tarapyndan öwrenilende eneolit döwrüne degişlidigini kesgitlediler. Keramikanyň ýüzünde goňur reňkli üçburç şekiller çekilip, bezelendigi aýdyňlaşdyryldy. Keramika bölekleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň rejeleýjileri A.Şaýymowa we K.Berdimämmedow tarapyndan rejelenýär. Keramikada rejeleýiş işleri doly tamamlanandan soňra Türkmenistanyň muzeýleriniň birine tabşyrmak meýilleşdirilýär.

No image
HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ WISE-PREZIDENTI MONAKO KNÝAZLYGYNDA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Taryhy ýadygärlikler

10.04.2025

HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ WISE-PREZIDENTI MONAKO KNÝAZLYGYNDA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Monako Knýazlygyna iş saparyny amala aşyrdy. Monako Knýazlygynda «Parahatçylyk ynanyşmak we çagalary goramak ugrunda sport we ynsanperwer hyzmatdaşlygy» atly maslahaty geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Monako Knýazlygyna saparynyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Gaznanyň wise-prezidentiniň dostlukly döwlete bolan saparynyň çäklerinde bu babatdaky meselelere-de garaldy.

No image
NOWRUZ-PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY

Taryhy ýadygärlikler

24.03.2025

NOWRUZ-PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY 21-nji martda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Halkara Nowruz baýramçylygyna bagyşlanan meşhur aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň, tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk konserti geçirildi. Bu konserta türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlar, tomaşaçylaryň kalbynda watansöýüjilige, agzybirlige, mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde uly buýsanç döretdi.

DEHISTANYŇ ORTA ASYRLARDA ÇÜÝŞE ÖNÜMÇILIGI

Taryhy ýadygärlikler

17.03.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelindäki karary bilen kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelindäki karary bilen kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin

No image
BIZIŇ HALKARA ÜSTÜNLIKLERIMIZ

Taryhy ýadygärlikler

22.02.2025

BIZIŇ HALKARA ÜSTÜNLIKLERIMIZ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylyň başynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlara uly üns berilýär. Munuň esasynda bolsa ýurdumyzda halkara bäsleşiklere gatnaşýan ýaş mugallymlaryň, talyplaryň bolmagy bizi örän buýsandyrýar. Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde 1-9-njy fewral aralygynda «II Halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň» arasynda «FOLK-ART» atly halkara bäsleşigi geçirildi. Şol geçirilen bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhowyň talyplary: Saparjanow Muhammet «Baş baýrak», Supanow Babageldi I orna mynasyp boldylar we diplom bilen sylaglandylar. Şeýle-de geçirilen halkara bäsleşikde mugallym Ýakupmyrat Sytdyhow we V ýyl talyplar Arrykow Seýran, Hojamämmedow Tirkiş, Kakabaýew Begli hem-de IV ýyl talyby Babageldi Supanow dagylardan ybarat bolan «Owaz» ansambly hem I orna mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijileri hormat hatlary we diplom bilen sylaglandylar. Geçirilen bäsleşikde III ýyl talyby Saparjanow Muhammet kompozitor Dadaş Dadaşowyň «Skerso» eserini «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Amannazar Arslanowyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi. IV ýyl talyby Supanow Babageldi kompozitor Tofig Bakyhanowyň «Konsert» I bölüm eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Oňa şol kafedranyň mugallymy Maýagözel Nazarowanyň sazandarlyk etdi. Akkordeon hem-de kirişli saz gurallardan düzülen «Owaz» ansambly Gorka Hermosanyň «Anontango» eserini ýerine ýetirdiler. Şeýle-de halkara bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Ýuzeýewanyň talyby Perhat Tagiýew kompozitor A.Dwoskiniň «Brazil rapsodiýasy» eseri bilen «Akkordeon» saz guraly boýunça çykyş etdi. Bäsleşikde ol ussatlyk bilen ýerine ýetirenligi üçin I orna mynasyp boldy we diplom bilen sylaglandy. Geçirilen bäsleşikde Perhat Tagiýewe uly mugallym Tatýana Ýüzeýewa halypalyk etdi. Bu halkara bäsleşikde kirişli saz gurallarynda çykyş eden talyplara we Akkordeon hem-de kirişli saz gurallardan düzülen «Owaz» ansamblyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhow halypalyk etdi. Ussat mugallyma geljekki ýaş hünärmenleri taýýarlamakda bitiren önjeýli zähmeti üçin bäsleşigiň guramaçylyk bölümi tarapyndan «Iň gowy mugallym» adyna eýe boldy. Mugallym Ýakupmyrat Sytdyhow diplom we minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy. «Akkordeon» saz guraly boýunça gatnaşan I ýyl talyp Perhet Tagiýewiň mugallymy şol kafedranyň uly mugallymy Tatýana Yüzeýewa talyp ýaşlary taýýarlamakda çeken zähmeti üçin minnetdarlyk haty bilen sylaglandy. Bu bäsleşigi Russiýa federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Başkortostan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň maglumat goldawy bilen, Kirow sebitiniň Medeniýet ministrligi, Baýkal Trans-Territory Medeniýet ministrligi, Udmurt Medeniýet ministrligi gurnap, bäsleşikde N.Žiganow adyndaky Kazan döwlet konserwatoriýasynyň professordyr dosent mugallymlary hem-de bäsleşigi gurnaýjylar eminlik etdiler. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge alan bilimimizi kämilleşdirmäge halkara bäsleşiklerine gatnaşyp öz zehinimizi dünýä ýaýmaga uly ýol açýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň alkyşlarymyz çäksizdir. Ýaşasyn dost-doganlyk! Osman SAPARGELDIÝEW Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň IV ýyl talyby

WIKTOR SARIANIDI

Taryhy ýadygärlikler

22.02.2025

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Demirgazyk Goňruň köşgünde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly jaýlaryň käbirinde gipsden ýasalan mozaikaly düzümler (wstawkalar) tapyldy. Şondan öňräk Goňur gonamçylygynyň kameraly mazarlarynda ýüz görülýän aýnalary, beýleki gymmatly zatlary saklamak üçin ulanylýan gapjagazlar tapyldy.