ABDULHAMYT ÇOLPON
Edebiýat älemi
24.10.2025«GÜÝZ ÝAGŞY» Döküldi damjalar... Ýapragyň ýüzi Damja ogşadyp ezildi, Çukurjyga doldy... Damjany köpeldip Ýüzünde oýnatdy. Çukurjyk Jinnek ýaly kölçe, Damjalar – Gök asmanyň sözleri Baran ýerin gamçylar... «GÖZEL» Garaňky gijede göge göz dikip, Iň ýagty ýyldyzdan seni soraryn. Ol ýyldyz uýalyp, başyny bukup, Dillener: men ony düýşde görerin. Düýşümde görerin – şeýle bir gözel, Bizden-de gözeldir, Aýdan-da gözel! ________________________ Gözümi aýlaryn Aý dogan ýere, Başlaryn Aýdan-da seni sormaga. Ol hem aýdar: bir gyrmyzy ýaňaga Uçradym düýşümde, gömülen aga. Aga gömülen-de şeýle bir gözel, Menden-de gözeldir, Günden-de gözel! ________________________ Saba daň şemaly saçlaryn ýaýyp, Ýanymdan ötende sorap görerin. Aýdadyr: bir görüp, ýolumdan ozup, Dag-u-daşlar içre gözläp ýörerin! Bir gördüm men ony – şeýle bir gözel, Aýdan-da gözeldir, Günden-de gözel! ________________________ Ol gidip, Gün çykar nuruny saçyp, Ondan-da soraryn seniň gaşyňda. Ol-da öz odundan gizlenip, gaçyp Aýdadyr: bir gördüm, düýşde däl, aňda. Men aňda göremde şeýle bir gözel, Aýdan-da gözeldir, menden-de gözel! ________________________ Men biçäre, nädip ony söýüp men, Oň üçin ýanyp men, ýanyp-köýüp men, Başymy zor yşka berip goýup men, Men söýüp...men söýüp...kimi söýüp men? ________________________ Meň söýen magşugym şeýle bir gözel, Aýdan-da gözeldir, Günden-de gözel! ________________________ «BENEWŞE» Benewşe, bu senmi, benewşe–senmi, Ýol ugrunda nyrh kesilip satylan. Benewşe, bu menmi, benewşe menmi, Seniň söýgiň hem gaýgyňa gyýylan? Benewşe, nämüçin, parlap açylman, Şatlanmankaň pudagyňdan üzüldiň? Benewşe, nämüçin ysyň saçylman, Gunça wagtyň ýolunmaga dözüldiň? Benewşe, Aýt maňa, Kimlerkä olar, Iňňäni bagryňa dürtüp sançsalar? Benewşe, Bir sözle, O neneň gollar, Uzalyp gül-gunçalarňy ýolsalar? ________________________ Benewşe, şeýle bir ajap görküň bar, Uz ýylgyryp, açylyşyň gysga seň? Benewşe, şeýle bir hoşboý ysyň bar, Köňlüme nur berer ýeke ysgasam? ________________________ Benewşe, aglama, indi gel bäri, Gaýgylaryň gaýgylarma goşulsyn. Seniň üçin kükregim bor erk ýeri, Ol seni bu ýerden göge uçursyn. Benewşe, dertdeşim, neçüýn gelmez sen, Gussaň köpdür, meň derdimi bilmez sen, Neçüýn maňa bir ýylgyryp bakmaz sen? ________________________ ABDULHAMYT ÇOLPON (Terjime eden: A.Rejepow)