logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär

Täzelikler

24.06.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda her ýylyň iýun aýynda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň günleri bu ýyl hem uly şatlyga, ýakymly wakalara beslenýär. Onuň çäginde meýilleşdirilen dabaralar, halkymyza türkmen toýlarynyň şowhunyny eçilýär. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guralýan aýdymçy-sazandalaryň konsertleri, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň döredijilik agşamlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergileri türkmen medeniýetiniň döwrebap ösüşlerini açyp görkezýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/mmmmmmm.jpg) Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda üstünlikli dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni hem dabaralardyr çärelere baý boldy. Irden Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde “Hatyrasy belent halypalar” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda belli sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha baýlaşmagyna mynasyp goşant goşandyklary nygtaldy. Şeýle hem, birnäçe ussatlar barada giňişleýin durlup geçildi. Baýram şahyryň, Türkmenistanyň halk artistleri Sary Garryýewiň, Giçgeldi Amanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýramguly Aýjanowyň döredijiligi, ömür ýoly barada täsirli söhbet edildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Çykyşlarda Baýram şahyryň döredijilik mirasyndan aýdymlara, döwrebap eserlere uly orun berildi. Bagşy-sazandalar joşgunly aýdym-sazlary bilen ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, tebigat gözelligini wasp etdiler. Şeýle-de “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşy şäherindäki Medeni-sport toplumynda geçirilen Balkan welaýatynyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň döreden eserleriniň sergisi hem-de ýurdumyzyň çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça “Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti” atly maslahat geçirildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň döwrebap usullary, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersler özleşdirilýär. Bu bolsa ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň baş şertini emele getirýär. Häzirki zaman zähmet bazary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim bermegiň döwrebap ugurlary, okuw maksatnamalary we usulyýeti boýunça pikir alyşmalar maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde boldy. Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasy köp adamly boldy. Bu ýerde “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy, şeýle hem ýurdumyzyň halypa we ýaş şahyrlarynyň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy geçirildi. Dabarada bu bäsleşigiň döredijilik bilen meşgullanýanlaryň arasynda uly gyzyklanma döredendigi aýdyldy. Döredijilik bäsleşiginiň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Ýeňijileriň sylaglanylmagy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Ýeňijiler ýurdumyzda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, dürli derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak ugrunda döredilýän giň şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Halypa we ýaş şahyrlaryň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy has-da täsirli bolup, häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň, türkmen bedewleriniň waspy ýetirildi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde belent ruha beslenen ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Bu ýerde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda halk aýdym-sazlarynyň, estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynyň folklor toparlarynyň özboluşly tanslary bilen utgaşmagy medeni çäräniň maksatnamasynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilendigini görkezýär. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik çykyşlarynyň täsirli pursatlara beslenmegi dabaranyň döwrüň ruhuna kybap derejede guralýandygyna aýdyň subutnamadyr. Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlap ýerine ýetirilen çykyşlar halkymyzyň Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize çuňňur hormatynyň nyşany boldy. Hepdeligiň ikinji gününiň çäreleri Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda jemlendi. Bu ýerde “Bedew rowaýaty” atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu sahna eseri ahalteke bedewlerine bagyşlanýar. Sahnalaşdyrylan eserde türkmen bedewiniň wepadarlygy dürli wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Küştdepdiniň gaýtalanmajak öwüşginleri siňdirilen sahna eserinde behişdi bedewleri ýetişdiren türkmen topragy, ahalteke bedewleriniň owadanlygy çeper wasp edilýär.

No image
Talyplaryň ýaşlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan döredijilik sergisi

Täzelikler

23.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. 2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli talyp ýaşlaryň döredijilik eserleriniň sergisi geçirildi. Bu sergide türkmen halkynyň baý medeniýetini hem-de taryhyny açyp görkezýän eserler görkezildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bardyr.

No image
Medeniýetiň we sungatyň baýramy

Täzelikler

22.06.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. «Medeniýet ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň alyp barýan işini kämilleşdirmek, medeni aň- bilim edaralaryny ösdürmek, kitaphanalarda, muzeýlerde, teatrlarda, medeniýet öýlerinde we beýleki medeni maksatly edaralarda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.» diýip, hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon2.jpg) Toý-baýramly ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi, dana şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň barha rowaçlanýandygyny özboluşly alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleriniň kalbynda egsilmez ylhama, çäksiz joşguna öwrülip, täze, kämil eserleri döretmäge has-da döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ganatlandyrýar. At-owazasy äleme dolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara sirk festiwallarynda üstünlikli çykyşlar edip, abraýly halkara baýraklara, şahadatnamalara mynasyp bolmaklary, şu ýylymyzyň şygaryny dabaralandyryp, halkymyzy buýsandyrýan, ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini belende göterýän taryhy wakalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleri, şeýle hem daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilip, dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlyklar has-da pugtalandyrylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna gönükdirilen medeni syýasatynyň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň uly tagallalary netijesinde Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarymyzda medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň medeni durmuşynda alnyp barylýan bu döwletli işler türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmekde, milli sungatymyzy dünýä çykarmakda, medeniýet we sungat işgärlerini joşgunly zähmete, täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber goldaw-hemaýatlary, çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, suratkeşleriniň, teatr we kino, neşirýat, kitaphana, muzeý işgärleriniň döredijilikli zähmetine mynasyp baha berilýär, döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar, döredijilik işgärleri döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen yzygiderli üpjün edilýär, olaryň kämil eserleri döretmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmegi, medeniýete, sungata, edebiýata goýulýan hormat-sarpanyň belentdiginiň aýdyň nyşanydyr. Her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda guramaçylykly geçirilýän Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň şu gün Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspyny ýetirdi. Soňra Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky Köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda toý sadakasy berildi. Balkan welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleriniň, milli medeniýetimize bagyşlanan neşirleriň sergisi hem-de «Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary» atly okuw-tejribe maslahaty, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hem-de muzeý gaznasyny baýlaşdyrmagyň tejribesi» atly muzeý hünärmenleriniň usuly maslahaty geçirildi. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçiler medeniýet köşgünde Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden häzirki zaman we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, teatr artistleri, ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler, folklor-etnografiýa toparlary, muzeý, kitaphana hünärmenleri gatnaşýarlar. Dabarasy uludan tutulýan bu sungat baýramy milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň täze ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrülýär.

No image
Medeniýet we sungat – kalbyň çyragy...

Täzelikler

19.06.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat – kalbyň çyragy, sarpaň belent Magtymguly Pyragy!» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi dabaraly açyldy. Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Çarymyrat Ýazmyradowyň «Dananyň ruhy», Maýsa Amangylyjowanyň «Nury Halmämmedow», «Aýgytly ädim», «Ylahy zehin», Muhammet Ýollyýewiň «Gaşy ýaý», Gülälek Babakulowanyň «Gurjaklar toplumy», Gahryman Goçmyradowyň «Duşuşyk», Gunça Goçmyradowanyň «Gök alma», Maral Annanurowanyň «Pyragynyň ýüz älemi», «Meniň dünýäm», Polat Garryýewiň «Kalbyň çyragy», «Syrly gije», Rahman Umarowyň «Gözel Şirgazy» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisi çeperçilik akymlary bilen sazlaşyp baý mazmunda ýerine ýetirilipdir. Taryhyň dürli döwürlerinde medeniýet halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine täsir edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň baý medeniýetini, däp-dessurlaryny dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar. Medeniýet türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Sergä hödürlenen sungat eserleriniň aglabasynda halkymyzyň medeniýeti, ruhy, däp-dessurlary açylyp çeperçilik akymlarynyň täsirleri beýan edilýär. Aýratyn tapawutlanan gymmatbahaly daşlardan ýerine ýetirilen zenan şaý-sepleri we sowgatlyk önümleri bilen giň halk köpçüliginiň ünsüni özüne çeken zergär Artýom Balýanyň işleri bellenmäge mynasypdyr. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden dabaraly bellenilýär. Sungatyň eçilýän egsilmez ylhamyndan, asuda we parahat durmuşyň ruhundan joşgun alýan türkmen suratkeşleri şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde hyjuwly zähmet çekýärler. Sungatda bu baýram açyk, ýagty reňkleriň sazlaşygynda baýramçylyk şowhuny bilen çeper beýan edilýär. Sergi öz işini 10 gün dowam eder.

No image
«Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – umumyadamzat mirasy» atly ylmy maslahaty

Täzelikler

19.06.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – umumyadamzat mirasy» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Maslahatda Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty J.Myradowanyň «Magtymgulynyň syýsy filosofiýasy», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy O.Atajanowanyň «Türkmen bedewiniň gözelligi medeni-taryhy miras hökmünde», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy «Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynda tutýan orny», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy «Magtymguly Pyragynyň eserlerinde milli terbiýe hakynda» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.

No image
Göwheriň gözel şaýlary

Täzelikler

17.06.2026

Islendik sungat, ilki bilen, häsiýet saýlaýar diýleni. Pespäl, kiçigöwünli, yhlasly, köňül beren işine wepaly ynsanlara «Kesbinden kemal tapan» diýilýändigi hem şonuň üçin bolsa gerek. Hünärliniň häsiýetinden, zähmetinden, döredijilikli gözleglerinden wysal tapýan işler mydama ýokary baha mynasyp bolýar, eýesine uly abraý getirýär. Zergär zenan Göwher Nuryýewa indi 30 ýyla golaý wagtdan bäri bu asylly sungat bilen meşgullanyp gelýär. Ol Suratkeşler birleşiginiň hem agzasydyr. Göwheriň işleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralýan sergilerde hem köpüň ünsüni özünde egleýär. Şu ýylyň 15-17-nji maýy aralygynda ol doganlyk Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen «Altyn sapak we zergärçilik hünäri» atly bäsleşige gatnaşdy. Özbegistanda her iki ýyldan geçirilýän bu bäsleşige Göwher eýýäm ikinji gezek gatnaşýar. 2024-nji ýylda ol bäsleşige ilkinji gezek gatnaşyp, «ÝUNESKO-nyň bäsleşiginiň ýeňijisi» diýen güwänama mynasyp bolupdy. Bu gezekki bäsleşige dürli ýurtlardan zergärleriň köp sanlysy gatnaşdy. Şonda Göwher üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan oňa 1 müň amerikan dollary hem-de bäsleşigiň Kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. —Baýrak gowşurylyş dabarasynda üýtgeşik tolgunmany başdan geçirdim. Alypbaryjynyň: «Türkmenistandan Göwher Nuryýewa» diýen wagtyndaky buýsanjymy hiç zat bilen deňäp bilmerin. Biz — zergärlere şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys - diýip, zergär zenan belleýär. Bäsleşigiň ikinji gününde bilermenler zergärleriň el işiniň görkezilişini gurapdyrlar. Göwher şonda hem ussatlyk sapaklaryny görkezip, synagdan üstünlikli geçmegi başarypdyr. Ol bäsleşige özüniň 60-a golaý işi bilen gatnaşypdyr. Olaryň arasynda gülýaka, asyk, gulakhalkalar, bilezik, sümsüle-maňlaýlyk, ýüzükler hem bar. Göwheriň bu sungatda özboluşly ýoly bar. Ol öz ýasan şaý-seplerinde millilige uly üns berýär. Gadymy şaýlarymyzyň nusgalary esasynda işläp, olary döredijilik gözlegleri bilen baýlaşdyrmaga goşandyny goşýar. Munuň üçin ol hemişe gözlegde. Inçelik bilen ýerine ýetirilýän işler zergäriň kämillige ýetendigini aýdyp berip duran ýaly. Göwheriň şaý-sepleriniň ýene bir aýratynlygy: baharda türkmen sährasynda açylan çigildemler olaryň ebedi bezegine öwrülip galypdyr. Milli şaý-seplerimiziň bezegi bolan hakyk gaşy bilen bezäp-beslemek hem onuň işlerinde aýratyn göze ilýär. Göwheriň hem aýdyşy ýaly, zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik özara baglanyşyklydyr. Zergärçilikdäki nagyşlar beýleki keşdeler hem-de haly nagyşlary bilen deň gelýär. Göwher geçen ýylyň dekabrynda Hindistanda geçirilen el işleriniň festiwalyna gatnaşyp gelendigini, şonda özüne ýörite güwänamanyň gowşurylandygyny hem gürrüň berdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly döredijilik, medeniýet, sungat işgärlerine hem rowaçlyk getirýär. Ýeri gelende bellesek, Göwher — bedewlerimiziň bezeg şaýlaryny ýasamagyň hem ussady. Zehinli zergär zenany nobatdaky üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa geljekde-de rowaçlyklary arzuw edýäris.

No image
ÝAŞ DIZAÝNERLERIŇ DABARALY DIPLOM GORAGY

Täzelikler

16.06.2026

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaş dizaýnerleriň yhlasly zähmetleriniň miwesini görkezýän diplom gorag dabarasy geçirildi. Diplom goragy okuwyň tamamlanmagy däl-de, zehinli ýaşlaryň sungat älemine goýýan uly ädimidir. Sungat - döredijiligiň çäksiz ummanydyr. Soňky ýyllarda dizaýn sungaty diňe bir bezeg serişdesi däl-de, durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şu günki gün sungat ojagymyzyň dizaýn hünäri boýunça 6 ýyl bilim alan uçurymlarynyň diplom goraglaryna syn edeniňde, olaryň özboluşly pikirleri we çemeleşmeleri netijesinde geljekki dizaýn dünýäsiniň näderejede ösjekdigine göz ýetirýärsiň. Her bir uçurymyň saýlap alan hünäri boýunça öz ornuny tapmagy hem-de döredijilikli zähmetleri bilen jemgyýetimize goşant goşmaklary biziň esasy maksadymyzdyr. Dizaýn sungaty häzirki wagtda dünýä giňişliginde örän çalt ösýär. Häzirki zamanyň dizaýn talaplaryna görä, taslamalaryň diňe bir göze ýakymly bolman, adamlar üçin amatly we rahat bolmagy hem möhüm şertdir. Şeýle döwrebaplygy milli mirasymyz bilen sazlaşykly utgaşdyryp, türkmen binagärligini has-da ösdürmekde ýaş dizaýnerleriň we binagärleriň alyp barýan işleri geljegimiz üçin uly ähmiýete eýedir. Uçurym dizaýner Şadurdy Jumaýewiň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» dizaýn işi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk ýoluny dizaýnyň dili bilen dünýä ýaýýar. Akjemal Bezirgenowanyň «Hakyda göwheri» dizaýn işi ruhy gymmatlyklarymyzy we taryhy mirasymyzy, hususan-da gadymy gündogar medeniýetini öwrenmek, şöhlelendirmek bilen baglanyşyklydyr. Maketiň umumy reňk öwüşgini, taryhy äheňi we elementleriň sazlaşykly ýerleşdirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň gymmatlylygyny has-da aýdyň görkezýär. Maketleriň oturdylan esasy böleginiň merkezine girizilen milli nagyşlar, dizaýnyň türkmen medeniýetine degişlidigine şaýatlyk edýär hem-de umumy taslamanyň bitewüligi saklanýar. Tomaşaçynyň taryhymyzyň gymmatly çeşmelerine hormatyny artdyrýar. Uçurym Gunça Haitowanyň «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» dizaýn işi döwrebap binagärligiň, milli gymmatlyklaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemleýän hakyky sungat eseridir. Dizaýnyň ýokarky böleginde şekillendirilen tehnologik torlar we ak kepderiler, Arkadag şäheriniň «akylly şäher» ýörelgesine eýerýän, parahatçylykly we ösen geljegiň mekanydygyny alamatlandyrýar. Gök reňkiň dürli öwüşginleriniň agdyklyk etmegi, dizaýn eserine giňişlik, durnuklylyk we geljege bolan ynamly garaýyş berýär. Diplom işi Arkadag şäheriniň kuwwatyny, tehnologik ösüşini we medeniýetini bir bütewilikde görkezýän oýlanyşykly çeperçilik taslamasy bolup durýar. Diplom işleri milli mirasymyzy, döwlet syýasatymyzy we şähergurluşyk ösüşimizi häzirki zaman dizaýn tilsimleri bilen birleşdirip, ýokary çeperçilik derejesinde görkezilipdir. Dizaýn hünäriniň uçurymlarynyň diplom işlerinde görkezen bu belent döredijilik derejesi, geljekki hünär ýollarynda hem uly üstünliklere beslenjekdigine ynam döredýär. Olaryň watançylyk duýgusyny häzirki zaman ösüşlerimizi dizaýn dili bilen, kämil derejede beýan etmegi hakykatdan-da guwandyrýar. Uçurymlaryň diplom işleri, dizaýn tilsimleriniň, milli bezeg elementleriniň we döwrebap tehnologik serişdeleriň utgaşyklylygy nukdaýnazaryndan ýokary derejede ýerine ýetirilip, geljekki dizaýnerler üçin nusgalyk bolup durýar. Jemal MEREDOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

No image
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy

Täzelikler

16.06.2026

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň uly aladalary netijesinde, ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň medeniýet syýasatynyň esasy maksady, döwletiň ruhy kämilliklere eýe bolmagy üçin zerur talaplardan ugur alyp ösýän, özgerýän milli medeniýetimizi, sungatymyzy, halkymyzyň ruhy derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy aýawly saklamaga, ösdürmäge, ählitaraplaýyn baýlaşdyrmaga uly üns berip, bu ugurda döwlet derejesinde tutumly işleri amala aşyrýar. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüp-kämilleşmegine saldamly goşant goşan ussatlarymyz döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp bolýar. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edilýär we döredijilik işgärleri bäsleşigiň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar. Bäsleşik medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynyň täze döredijilik eserleri bilen üstüniň ýetirilmegine, işleriň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň şeýledigini bu abraýly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşikleri we ýeňijileriň sylaglanyş dabaralary aýdyň subut edýär. Bu şatlykly wakalar halal zähmetiň bagt mukamy bolup dabaralanýar. «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ulgamy kämil hukuknamasy bilen üpjün etdi hem-de hünärmenleriň halkyň ruhy kämilligini ýokarlandyrmaklarynda, döwrüň talaplaryna laýyklykda işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döretdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda dabaraly bellenýär. Medeniýet hepdeligi uly tutumlara beslenip toýlanýar. Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça bäsleşikler, medeni çäreler geçirilýär. Şu ýyl Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Balkan welaýatynda geçirilýär. Milli medeniýetimiziň depginli ösüşi jemgyýetdäki oňyn özgertmelere öz täsirini ýetirýär. Adamyň jemgyýet, jemgyýetiň bolsa adam üçin jogapkärçiligi medeni ulgamyň hereketini hemişe utgaşdyryp sazlaýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeniýet syýasaty, halkymyzyň özboluşly häsiýeti, ýol-ýörelgesi, däp-dessury bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eşretli döwrümizde medeniýet, sungat ussatlarymyz diňe ýurdumyzda däl, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Olaryň çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyza, aýratynlyklarymyza, ýol-ýörelgelerimize uly orun berilýär. Häzirki döwürde medeniýet ulgamynyň işi döwrebaplaşdyrylyp kämilleşdirilýär. Döwlet çärelerinde we dabaralarynda döwrebap tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylmagy dabaralara täzeçe öwüşgin çaýyp, özboluşly bezeg berýär. Diýarymyzda giňden bellenýän toý-baýramlarymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, internet-saýtlary arkaly dünýä jemgyýetçiligine, halkymyza tiz ýetirilýär. Ýurdumyzyň milli medeni mirasynyň ençemesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň, Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň hataryna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, ýurdumyzda daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi indi däbe öwrüldi. Her bir halkyň medeniýeti, sungaty, şol halkyň ruhy derejesi bilen ýüzbe-ýüz edýär. Ruhy ýakynlyk halklary ysnyşykly gatnaşyklara atarýar. Ysnyşykly gatnaşyklar bolsa doganlyk gatnaşyklarynyň esasyny düzýär. Halklary ruhy ýakynlyga eýe edýän medeniýet, sungat doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän güýç bolup hyzmat edýär. Milli medeniýet, onuň däp-dessurlary, ýörelgeleri türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasyny düzýär. Halkyň ruhy, göwher daşy ýaly, asyrlaryň dowamynda medeniýetiň jümmüşinde has berkäp, sünnälenip, ajaýyp edebi we sungat nusgalarynyň ençemesini peşgeş beren halk döredijiliginde beýanyny tapýar. Medeniýetde, sungatda milletiň ruhy dünýäsi, özboluşly aýratynlygy, halkyň düşünjeliligini, etniki bitewiligini kemala getirýän ýörelgeler şöhlelendirilýär. Şoňa görä-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň buýsanjyna, şöhratyna öwrülen baý medeni mirasymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň, wagyz edilmeginiň möhümdigine, şeýle hem täze medeni, ruhy gymmatlyklary döretmäge ukyply, täzeçe pikirlenmegi başarýan we döredýän döredijilik işgärleriniň zerurlygyna ünsi çekýär. Çünki halkymyzyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan milli medeniýet diňe täze sepgitlere ýetmek arkaly müdimilige eýe bolýar. Ýeri gelende bellesek, medeniýet diplomatiýasy döwletiň daşary syýasatynda dostlugyň has-da pugtalandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat etmek bilen, bütindünýä medeni siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup, adamzadyň ruhy durmuşyndaky oňyn özgertmeleri açyp görkezýär. Ýurdumyz goňşy we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde medeni ugra uly ähmiýet berýär. Eziz Watanymyzda geçirilýän halkara maslahatlar, festiwallar Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň has çuňňur prinsipinden ugur alýandygyna, parahatçylyk söýüji syýasatynda esasy ýörelgesine öwürýändigine güwä geçýär. Parahatçylyk söýüji, hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzy dünýä döwletleriniň arasynda uly halkara abraýyna eýe edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Türkiýäniň «Tiyatro» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guran, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň teatr işgärlerini dürli ugurlar boýunça halkara baýragy bilen sylaglamak dabarasynda «Iň gowy erkek keşbi üçin» baýragyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady Batyr Çaryýewiň mynasyp bolmagy, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan geçirilen «Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky kino günleriniň» çäginde, «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly çeper filmine, bu Guramanyň ýörite baýraklarynyň gowşurylmagy, Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda, «Ýüpek ýoly karnawaly – Bahar baýramy festiwaly» atly bilelikdäki konsertiň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Daşoguz welaýat kitaphanasynda döredijilik innowasiýa sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi, Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde gurnalan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisi, Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde «Nowruz» köpmilletli hödürnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalary tarapyndan guralan çärä gatnaşylmagy, ABŞ-nyň Pensilwaniýa uniwersiteti bilen bilelikde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we Jorj Waşington uniwersitetiniň uly ylmy işgäri, arheolog, doktor Fredrik Hibert bilen bilelikde, gadymy Änewiň demirgazyk we günorta depelerinde arheologik gazuw-agtaryş işlerini dowam etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, Jorj Waşington uniwersitetiniň uly ylmy işgäri, arheolog, doktor Fredrik Hibert bilen Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygynyň duşuşygynyň geçirilmegi, fransuz pianisti Kristian Fonluptyň türkmen sazandalary bilen bilelikdäki konserti, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde, Türkiýäniň Telewideniýe we radio guramasy (TRT) tarapyndan geçirilen 48-nji «Halkara çagalar festiwalyna» «Jahan» döredijilik toparynyň gatnaşyp üstünlikli çykyş etmegi, Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen «Lazgi» halkara tans festiwalynda täsirli çykyşlaryň edilmegi medeniýetiň, sungatyň halklaryň arasyndaky dostluk köprüsidigini ýene bir gezek ykrar edýär. Edebi mirasy halkara derejesinde sarpalanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar. Tebigatymyzyň gözelliklerini, adamzat gymmatlyklaryny şygyrlaryna siňdiren şahyryň hormatyna ýadygärligiň oturdylmagy, halkymyzyň söz ussadyna goýýan gymmaty egsilmejek sarpasydyr. Akyldaryň köptaraply döredijiligi ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesliklerine ygrarlylyk, päk ahlaklylyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Biz dünýäde dost-doganlygy dabaralandyrýan medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda aýdyň geljegimiziň rowaçly ýoluny görýäris. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň has-da gülläp ösüp, dünýä ýaýylmagynda uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin! Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
Milli sungatymyz ýaş sungaty öwrenijileriň gözi bilen

Täzelikler

16.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sungatyny ylmy taýdan öwrenmegine, ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň höweslendirilmegine giň şertler döredilýär. 2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň diplom goragy üstünlikli geçdi. Ýaş sungaty öwrenijiler saýlap alan temalaryň derwaýyslygy olaryň çuňňur gözleg işlerini we seljeriş ukyplylygyny görkezýär. Bu diplom işler milli sungatyň we medeniýetiň ösüşine öz goşandyny goşýar. Sungaty öwrenijiler Sülgün Saýylowanyň, Bägül Annadurdyýewanyň diplom işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň çeper bezegine, çaý medeniýetiniň däplerine syn berlip, ajaýyp sungat eserleriň türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, milli gymmatlyklary bilen berk baglydygyny bellenilýär. Çünki alym Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary ýol-ýörelgämizdir, geljegimiziň şamçyragydyr. Ýurdumyzyň muzeý gaznalarynda saklanylýan sungat eserlerini ylmy taýdan öwrenmek wajyp meseleleriň biridir. Ýaş sungaty öwrenijiler Ýalkap Sähedowyň «Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekillendiriş sungaty ýygyndysy» we Nurana Sähetgeldiýewanyň «Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiň hazynasy – dost-doganlyk köprüsi» atly diplom işlerinde muzeý gymmatlyklary çeperçilik taýdan öwrenilip, olaryň taryhy ähmiýetine täzeçe baha berilýär. Bu bolsa ylmy gözlegleriň we muzeý tejribesiniň arabaglanyşygyny görkezýär we milli mirasymyzy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň wajyplygyny belleýär. Amangül Goçmyradowanyň «Gahryman Goçmyradowyň döredijiliginde filosofik garaýyşlar», Aýbibi Çaryýewanyň «Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýedinazar Madatowyň döredijilik mirasy», Mahym Meredowanyň «Portret nakgaşlygynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň orny», Sähragül Baýryýewanyň «Balkan welaýatynyň suratkeşi Nazmämmet Satlykgulyýewiň döredijiligi», Bägül Hojanyýazowanyň «Mary suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň nakgaşlygy» atly diplom işlerinde türkmen sungatynyň taryhynda uly yz galdyran halypa ussatlaryň we döwrebap suratkeşleriň ömri we döredijilik gözlegleri, häzirki zaman sungatynyň ösüş ýollary yzygiderli seljerilýär. Ýaşlar halypa we ýaş suratkeşleriň dünýäsine aralaşyp, milli çeperçilik mirasyna degişli maglumatlary beýan etmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Akgözel Sahatmyradowanyň «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda bagtyýar çagalar dünýäsi» atly tema ýüzlenip, çagalaryň durmuşyny we keşbini beýan edýän nakgaş we heýkel eserleriň many-mazmunyny we çeperçilik özboluşlylygyny açyp görkezýär. Serwi Gurbanberdiýewanyň diplom işinde bolsa Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda bedew waspynyň şöhlelendirilişine syn berilýär. Türkmenistanyň nakgaşlygynda dürli çeperçilik akymlarynyň täsirini öwrenen Annagül Bagtyýarowa deňeşdiriş seljermeleriň mysalynda dünýä sungatyndaky stilleriň aýratynlyklary, usullary barada beýan edýär. Gülşen Berdiýewanyň diplom işi Türkmenistanyň nakgaşlygynda Hazar deňziniň gözel keşbine bagyşlanyp, suwuň ähmiýetini suratlandyrýan çeper keşplerden başlap, häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde deňziň wasp edilişi sungaty öwreniş nazary esasynda beýan edilýär. Binagärlik sungatynyň özboluşlylygy we döwrebap şähergurluşygy Ogulsona Öwezmyradowanyň «Arkadag şäheri – döwrebap binagärligiň nusgasy», Jennet Kakabaýewanyň «Gündogar halklarynyň öý gurluşygynyň milli däpleri», Şirmyrat Kerimowyň «Aşgabat şäheriniň medeni we jemgyýetçilik binalaryň çeper bezegi (XXI asyr)» atly diplom işlerinde beýan edilýär. Aýjan Astanowanyň «Sagatlaryň taryhy we çeperçilik bezegleriniň aýratynlyklary» atly temasynda diňe bir taryhy maglumatlary, muzeý gymmatlyklary däl-de, eýsem, häzirki zaman türkmen dizaýnerleriniň, zergärleriniň döredijiligine degişli eserleri barada ylmy garaýyşlar bar. Şemşat Kadyrowa Türkmenistanyň nakgaşlygynda binagärlik ýadygärlikleriň çeper beýan edilişini öwrenip, olaryň taryhy we çeperçilik ähmiýetini wasp edýän eserlerine sungaty öwrenijilik nazaryýeti taýdan baha berdi. Bu bolsa ýaş sungaty öwrenijiniň ylmy gözlegler bilen medeni mirasymyzy wagyz etmek işlerine uly goşantdyr. Gülabat Gadamowanyň «Garaşsyz Türkmenistanyň şekilli halylaryň çeper çözgüdi» atly diplom işi döwrebap türkmen halyçylygynda şekilli halylarda beýan edilýän ýordumlaryň we şekilleriň aýratynlyklaryny muzeý gymmatlyklaryň, şahsy ýygyndylaryň mysalynda syn berýär we olaryň taryhy hem-de estetiki ähmiýetini açyp görkezýär. Ýaş sungaty öwrenijiler häzirki zaman tehnologiýalardan peýdalanyp, çykyşlaryň dowamynda diplom işleriň temasy barada taýýarlanylan täsirli prezentasiýalary we wideoşekilleri görkezdiler. Bu bolsa olaryň çykyşlaryny has düşnükli we gyzykly etmäge mümkinçilik berdi. Diplom goragyna tanymal suratkeşleriň, binagärleriň, alymlaryň, muzeý işgärleriň, mugallymlaryň gatnaşmagy bu synagyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, tejribeli synçylaryň ýaşlaryň işlerine baha bermegi geljekki sungaty öwrenijileriň zehininiň açylmagyna we täze ýörelgeleriň döremegine ýardam berdi. Jeren BALTAÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy

No image
UÇURYMLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI MIRASYMYZYŇ WASPY

Täzelikler

13.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn gülleýär, ösýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyza, medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy” diýen röwşen pikir-garaýyşlary döwletimiziň ylym ulgamynda alnyp barylýan işlere, milli mirasymyzy sungatymyzy öwrenmeklige täze döwrüň badalgasyny berýär. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýän döwründe, amaly-haşam sungaty hem kämil derejelere ýetýär. Ýaş nesillerimize bu sungatyň inçe syrlaryny, nepis gözelliklerini öwretmekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda uly işler alnyp barylýar. Şu günler bu ýokary okuw mekdebinde okuwyny üstünlikli tamamlaýan uçurumlaryň diplom işleriniň goragy gyzgalaňly dowam edýär. “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “Halyçylyk”, “Keramika”, “Zergärçilik” hünärleri boýunça 6-ýyl bilim alan zehinli talyplarymyz ýerine ýetiren diplom işlerinde özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezýärler. Olaryň arasynda “Halyçylyk” hünäri boýunça bilim alan talyp Keramat Penaýewanyň “Sumbaryň narlary” atly şekilli haly işinde halynyň ýüzünde natýurmort sungatyny peýzaž sungaty bilen sazlaşdyryp görkezilýär. Bu haly işde gyrmyzy narlaryň miweleriniň öňe çykarylyp görkezilmegi, çeşme suwunyň akyp durmagy, howanyň, tebigatyň iň gözel gözel we owadan pursatlary bilen utgaşýar. Eserde goýy gyrmyzy, gyzyl, ýaşyl, gök reňkler ýerlikli çözmek başarnygy duýulýar. Halynyň çarçuwasynda “älem”, “dyrnak göl”, “guşly göl” ýaly nagyşlary sazlaşykda ulanylýar. Oguljeren Aganyýazowanyň “Şasenem-Garyp” atly keramika toplumy bolsa üç sany küýzeden ybarat bolup, olarda “Şasenem-Garyp” dessanynyň başyndan soňuna çenli bolan wakalar, sýužetler küýzäniň ýüzünde taslama häsiýetde beýan edilýär. Küýzäniň çeper serişdesi bişen toýun palçygyndan ybarat bolup, onuň üstünden lak serişdesi üstünlikli ulanylýar. Küýzäniň ýüzündäki ösümlik nagyşlar bolsa esere aýratyn bezeg berýär. Oguljeren Aganyýazowa bu işini Eýran we Gündogar miniatýura sungatyndan täsirlenip döredendigini görmek bolýar. “Zergärçilik” bölüminiň uçurumy Arslanmyrat Agamyradowyň “Bedew atym ganatym” atly bedew şaý-sep toplumy örän gyzyklydyr. Bu eser bedew atyny bezeýän bezeg hökmünde ýerine ýetirilip, onda deri, kümüş, altyn çeper serişdeleri sazlaşykly häsiýetde ulanylýar. Bu toplumda boýunlyk, gözlük, göwüsbent ýaly at bezeg şaý-sepleri diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem goraýjylyk häsiýeti bilen kesme we çyzma tärleriň nagyşlar ulgamyny emele getirýär. Hakyk daşlary ýerlikli ulanylýar hem-de altyn çaýylan plastinkalaryň ýüzünde özboluşly aýratyn haşamlylyk çözgüdini emele getirýär. Şu günki diplom goragynda zehinli talyplarymyzyň ählisi ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ähli diplom işlerde milli mirasymyzyň çeper çözgütleri, gözellikleri, inçeligi jemlenilýändigini aýratyn bellemek bolar. Amaly-haşam sungatynyň inçe ýollaryny öwrenmäge we ele almaga ýaş nesillerimize döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Göwher Saparmyradowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrsaynyň mugallymy