logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«Mukam» skripkaçylar toparynyň ajaýyp üstünligi

Halkara gatnaşyklary

23.07.2026

Şu ýylyň 18-24-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeligi geçirildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli ýaşlar orkestrlerini bir ýere jemlän bu halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde, dürli konsertler, orkestrleriň bäsleşigi, bilelikdäki tejribe sapaklary hem-de dünýä ýurtlarynyň tanymal dirižýorlary tarapyndan ussatlyk sapaklary geçirildi. Çärelere Meksikanyň, Awstriýanyň, Bolgariýanyň, Indoneziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlar orkestrleri, ansambllary we dirižýorlary gatnaşdylar. Bu halkara sungat hepdeligine ýurdumyzyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan we bu konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan «Mukam» skripkaçylar topary gatnaşyp üstünlikli çykyş etdi. «Mukam» skripkaçylar toparynyň repertuarynda häzirki wagtda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň 100-e golaý eseri bolup, topara Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark ýolbaşçylyk edýär. Bu topar ýurdumyzyň toý-baýramlarynda üstünlikli çykyş edip, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallarynda hem milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden dabaralandyrýarlar. «Mukam» skripkaçylar topary Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde orkestrleriň arasynda geçirilen bäsleşikde meşhur nusgawy eserleri joşgunly ýerine ýetirip, emin agzalarynyň ünsüni çekmegi başardy. Tanymal dirižýorlardan, sazandalardan ybarat bolan emin agzalary «Mukam» skripkaçylar toparynyň çykyşyna ýokary baha berdiler. Halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde Sun Çingling adyndaky Hytaý ýaşlar ylmy-medeni merkezinde awstriýaly tanymal dirižýor, professor Kristof Kempestrini tarapyndan «Mukam» skripkaçylar toparynyň zehinli sazandalary üçin ussatlyk sapaklary geçirilip, topara ýörite güwänamanyň, şeýle hem, geçirilen konsertlerde ýerine ýetiren kämil çykyşlary, dünýä döwletlerinden gatnaşan ýaşlaryň arasynda halkara saz we tejribe alyşmakda goşan goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy, bu toparyň çykyşlaryna dünýä derejesinde ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr. Şu ýylyň 21-nji iýulynda Pekin şäheriniň Döwlet teatrynda geçirilen dabarada bäsleşigiň ýeňijileriniň yglan edilip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan we bu konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan «Mukam» skripkaçylar toparynyň «Nusgawy orkestr» baýragyna mynasyp bolmagy, topara ýörite diplomyň hem-de kubogyň gowşurylmagy örän buýsançly wakadyr. Gazanylan bu ajaýyp üstünlikler türkmen medeniýetiniň we sungatynyň halkara giňişligindäki ykrarnamasydyr. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.

No image
Koreýada ýaňlanan owazlar

Halkara gatnaşyklary

22.07.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dostlukly medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, daşary ýurtlarda iri medeni çäreleriň, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, şeýle hem, dünýä döwletleriniň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi, dünýä halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Koreýa Respublikasy bilen medeni gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilip, täze derejelere çykarylýar. 2026-njy ýylyň 16-18-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Gwanjou we Seul şäherlerinde «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» dostluk assosiasiýasy tarapyndan Koreýa Respublikasynyň dostluk günleriniň çäginde geçirilen «Beýik Ýüpek ýoluna Arirang arkaly medeni syýahat» çärelerine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, uly mugallymy Begenç Gaýypow hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrap medeniýet merkeziniň tans toparynyň artisti Arslan Jumaýew gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Olara Koreýa Respublikasynyň Milli Aziýa Medeniýet merkezi tarapyndan ajaýyp çykyş ussatlygy hem-de Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösüşine goşant goşandyklary üçin Ýadygärlik baýragynyň gowşurylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Bu ajaýyp çärelerde ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlarymyz tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, köpöwüşginli sungatymyz olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.

No image
Ýaş şahyrlarymyzyň halkara festiwalyndaky üstünlikleri

Halkara gatnaşyklary

18.07.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, döredijilik işgärleriniň halkara festiwallaryna gatnaşmaklary ugrunda ähli şertler döredilýär. «Häzirki döwürde il içinden zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olarda medeniýete, sungata, edebiýata söýgi döretmek esasy wezipeleriň biridir.» diýip, Hormatly Prezidentimiz parasatlylyk bilen belläp geçýär. Şu ýylyň 16-17-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna ýurdumyzyň ýaş şahyrlarynyň gatnaşmaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu halkara festiwaly, türki halklaryň ýaş şahyrlarynyň özboluşly baýramyna öwrüldi. Bu halkara festiwalyna Türkmenistanyň, Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikalarynyň ýaş şahyrlary gatnaşdylar. 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda Agdam şäheriniň Mugam merkezinde bu halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raew, Azerbaýjanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Ferid Jafarow, Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Selim Babullaoglu, Türkiýäniň Ankara sosial uniwersitetiniň rektory Musa Kazim Arijan, Türkiýäniň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Muhammet Enes Kala we başga-da birnäçe ýazyjy-şahyrlar çykyş etdiler. Şeýle hem, ýaş şahyrlaryň çykyşlaryna-da giň orun berildi. Dostlukly ýurtlaryň ýaş şahyrlary dürli temadan ýazan goşgularyny okadylar. Ýurdumyzyň ýaş şahyrlary Kerim Hallyýewiň, Garahanjar Baýhanowyň, Ýusup Meredowyň okan goşgulary festiwalyň tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Dili, köki we taryhy bir bolan türki halklaryň ýaş şahyrlarynyň okan goşgulary dost-doganlygyň, agzybirligiň waspy bolup ýaňlandy. Özbegistanyň Žurnalistler birleşiginiň başlygy, şahyr Şöhrat Arifiň ýakynda azerbaýjan dilinde neşir edilen «Mäktubdur ömrüm» atly goşgular kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň guralmagy, şygryýet agşamyny has-da dabaralandyrdy. Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalynyň Wagif poeziýa günleri bilen utgaşykly gelmegi, özboluşly many-mazmuna eýedir. Molla Penah Wagif azerbaýjan nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we ХVIII asyr azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Pena Wagifiň döredijiligine bagyşlanyp ylmy maslahat geçirildi. Şol gün günüň ikinji ýarymynda Şuşa şäherinde azerbaýjan halkynyň nusgawy şahyry Molla Penah Wagifiň muzeý-kümmet toplumynyň öňündäki meýdançada Wagif poeziýa günleri mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň başynda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimli, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raew, Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Reşat Mejit we başga-da birnäçe ýazyjy-şahyrlar çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda Molla Penah Wagifiň ömrüne we edebi mirasyna bagyşlanan teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyşlar guraldy. Şuşa şäheriniň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Soňra Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna gatnaşyjy ýaş şahyrlary sylaglaýyş dabarasy boldy. Halkara festiwalynda Türki dünýäsiniň medeniýetiniň we sungatynyň, edebiýatynyň ösmegine goşant goşandyklary üçin, Türkmenistandan Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň medeniýet öýüniň tans goýujysy Kerim Hallyýew hem-de «Güneş» žurnalynyň öz habarçysy Garahanjar Baýhanow TÜRKSOÝ-yň «Molla Penah Wagif» medalyna mynasyp boldular. Olar bu festiwalyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Şeýle hem, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň Saz mugallymçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredow TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Diplomyna mynasyp boldy. Festiwalda türki döwletlerden gelen ýaş şahyrlaryň başga-da birnäçesine medallar we Diplomlar gowşuryldy. Bu halkara çäräniň ýeňijilerine mynasyp bolan sylaglaryny TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş sekretary Sultan Raew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Keremli dabaraly ýagdaýda gowşurdylar. Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen bu halkara çäresine gatnaşan ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, milli sungatymyzy we edebiýatymyzy dünýä derejesinde ösdürmäge uly goldaw-hemaýatlary berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

No image
Baku dabaralary

Halkara gatnaşyklary

13.07.2026

2026-njy ýylyň 29-njy iýuny, 3-nji iýuly aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Ilkinji Türkologik Kongresiniň 100 ýyllygyna bagyşlanan «Türki dünýäsi hepdeliginiň» çäginde geçirilen çärelere, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktory Enejan Geldiýewa hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary Laçin Nurmuhammedowa gatnaşdy. Geýdar Aliýew adyndaky Medeniýet merkezinde Ilkinji Türkologik Kongresiniň 100 ýyllygyna bagyşlanan «Türki dünýäsi hepdeliginiň» açylyş dabarasy geçirildi. Bu şanly sene mynasybetli birnäçe döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň gutlaglary okaldy. Türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlary dost-doganlyk ruhuna beslenip, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Hepdeligiň çäginde birnäçe aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Şeýle hem, Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynda Ilkinji Türkologik Kongresiniň 100 ýyllygyna bagyşlanan bibliografiýa neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabaranyň çäginde Türki döwletleriniň kitaphana ýolbaşçylarynyň arasynda usuly maslahat geçirildi. Onda geljekde kitaphanalaryň arasynda sanly ulgamy kämilleşdirmek, resmi saýtlary arkaly kitaphanalarda guralýan medeni çäreleri we täzelikleri birek-birege geçirmegi hem-de tanyş bolmagy ýola goýmak barada maslahat edildi. Hepdeligiň dowamynda Baku şäheriniň täze we köne şäherlerine şeýle-de taryhy ýadygärliklerine we Haly muzeýine gezelenç edildi.

No image
Türkmen sungaty halkara derejesinde dabaralandy

Halkara gatnaşyklary

03.07.2026

Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde, Birinji türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 29-njy iýuny – 1-nji iýuly aralygynda Baku şäherinde geçirilen medeni çärelere ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti gatnaşdy. Haýdar Aliýew adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen ylmy-amaly döredijilik duşuşygynda giň many-mazmunly täsirli çykyşlar edildi hem-de sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor topary meşhur «Küştdepdi» tansyny joşgunly ýerine ýetirdiler. Şeýle hem, dabara gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki kompozisiýasyna goşulyşyp çykyşlary etdiler. «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparynyň artist-wokalisti Atajan Kakaýew TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň aýdymçylary bilen bilelikdäki çykyşlarda hem sungatymyzy giňden dabaralandyrdy. Türkmen milli konserwatoriýasynyň Estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşiýew «Çapyksuwaryň aýdymyny», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýokary derejeli artist-wokalisti, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi Gözel Joraýewa «Gel, Türkmenistana!» aýdymlaryny ussatlyk bilen aýtdylar. Hazar deňziniň kenarynda geçirilen konsertde ýaňlanan aýdym-sazlar, halk döredijiliginden «Halk nagmalarynyň» ýerine ýetirilmegi, türkmen sungatynyň köpöwüşginlidigini açyp görkezdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/sdtgujhdjdj.jpg) TÜRKSOÝ-a agza ýurtlary medeniýetleriniň, sungatlarynyň hem-de däp-dessurlarynyň ýakynlygy birleşdirýär. Halklaryň arasynda medeni çäreleriň geçirilmegi dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalgalar berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.

No image
Dostlukly dabaralar

Halkara gatnaşyklary

30.06.2026

Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäheriniň 2026-njy ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2026-njy ýylyň 24-26-njy iýuny aralygynda doganlyk Özbegistanyň Andijan şäherinde geçirilen çärelere hem-de dabaralara ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti gatnaşdy. 24-nji iýunda Andijan şäherinde çärä gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertinde, ýurdumyzyň döredijilik topary üstünlikli çykyş etdi. Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäheriniň Döwlet teatrynda geçirilen konsertde hem bu döredijilik topary «Meleguş», «Küştdepdi» atly aýdymly tanslary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler.Halklaryň arasynda medeni çäreleriň geçirilmegi dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalgalar berýär. 26-njy iýunda dabaraly çärelere gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik toparlary Andijan şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler.

No image
Üstünlik – göwün ganaty

Halkara gatnaşyklary

30.06.2026

2026-njy ýylyň 23-26-njy iýuny aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Täze Namangan şäherinde dünýäniň ençeme döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilen Makom sungatynyň III halkara forumynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktorynyň orunbasary Serdar Baýramow ýeňişli 3-nji orna mynasyp boldy. Bu şatlykly hoş habar türkmen sungatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Halkara aýdym-saz forumy hem-de onuň çäklerindäki bäsleşikler we ylmy maslahat dünýäniň dürli künjeklerinden gelen sungat ussatlaryny, zehinli ýaşlary we medeniýet işgärlerini bir ýere jemledi. Bu halkara foruma Azerbaýjan, Ýaponiýa, Türkiýe, Gazagystan, Täjigistan, Gruziýa, Mongoliýa, Hindistan, Ermenistan, Özbegistan hem-de başga-da ençeme döwletlerden ussat aýdymçylar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar we sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Çärede halkara derejeli, tanymal we abraýly sungat ussatlary eminlik etdi. Olar bäsleşige gatnaşyjylaryň ukybyna, ýerine ýetiriş ussatlygyna adalatly hem-de inçelik bilen ýokary ussatlyk derejesinde baha berdiler. Bäsleşik örän ýokary guramaçylykly, dabaraly geçip, her bir döwletiň milli medeniýetiniň baýlygyny açyp görkezmäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmen wekiliýetiniň hatarynda zehinli aýdymçy, Türkmenistanyň halk bagşysy Nurýagdy Baýramowyň agtygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Serdar Baýramow özüniň üýtgeşik sesi we ýokary ýerine ýetiriş ussatlygy bilen tapawutlandy. Ol Garaja oglanyň sözlerine «Ýar seniň”, türkmen halk aýdymlary «Jan-jan», «Arzurym» we «Balsaýat» ýaly meşhur hem-de özboluşly aýdymlary ýerine ýetirdi. Onuň çykyşyna Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ezber gyjakçy Spartak Atakow hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, zehinli sazanda Döwlet Daňatarow sazandarlyk etdiler. Forumyň çäklerinde geçirilen «Gündogar makomyň täze tendensiýalary: däbiň innowasiýalar bilen arabaglanyşygy» atly halkara ylmy maslahatynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, sazşynas Röwşen Muhammedow «Türkmen mukamlarynyň öwreniliş derejesi» diýen tema bilen çykyş etdi. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin. Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
Maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda peýdaly halkara çäre

Halkara gatnaşyklary

29.06.2026

2026-njy ýylyň 17-18-nji iýuny aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän UNESCO-nyň Baş edarasynda Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýa agza döwletleriň Baş Assambleýasynyň 11-nji sessiýasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Jamilýa Gurbanowa gatnaşdy. Bu halkara çäre Maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda örän peýdaly boldy. Türkmenistan döwletimizde Maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga, öwrenmäge, toplamaga hem-de dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berilýär.

No image
Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy

Halkara gatnaşyklary

22.06.2026

2026-njy ýylyň 15-20-nji iýuny aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi. Bu foruma ýurdumyzdan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew gatnaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda arheologiýa, muzeý işi ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumynyň maksady muzeý ulgamynyň işini sanlylaşdyrmakdan ybarat. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew forumda eden çykyşynda şeýle belleýär: - Muzeýler – ýurduň we onda ýaşaýan halklaryň milli özboluşlylygyny toplaýar, gorap saklaýar, maddy we medeni gymmatlyklary ylmy esasda öwrenýär, wagyz edýär, sergiläp görkezýär. Milletiň taryhynyň, maddy medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň, däp-dessur aýratynlyklarynyň toplamalarynyň gaznasyny emele getirýär. Muzeýleriň ekspozisiýalarynyň esasy bölegi halkyň taryhyna, ýurduň durmuşyna, medeniýetine, onuň döremegine we döwletiň durmuşynda beýleki möhüm wakalara we döwürlere bagyşlanýar. Ylmy-barlag we medeni aň-bilim edaralary hökmünde hereket edýän bu ýurtlaryň öňdebaryjy muzeý merkezleridir, olaryň işiniň esasy aýratynlygy toplumlaýyn ülkäni öwreniş ugurlaryna gönükdirilýär. Ýurtlaryň dürli künjeklerinden toplanan taryhy gymmatlyklar, gymmatly resminamalar, köne çap edilen neşirler, saz gurallary, beýleki milli ähmiýetli gymmatlyklar toplanýar we goralyp saklanýar. Dünýäniň öňde baryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady. Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod hyzmatlary ulanyşa girizildi. QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2Dştrih kod) bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär we «Quick Response Code» («dessin tassyklanylýan kod») diýip düşündirilýär hem-de mobil programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär. Muzeýi görmäge gelen her bir adam üçin bu hyzmat elýeterlidir. Şonuň üçin ykjam telefonda QR-kody ulanmak arkaly muzeý ekspozisiýasynda sergilenen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty bilmäge mümkinçilik bar. Muzeý ekspozisiýasynyň başynda, ýagny, girelgede multimedia ekranda Arkadag şäheri barada wideorolik görkezilýär hem-de muzeý ekspozisiýasy barada maglumat beýan edilýär. Häzirki döwürde bu ugur hem täze tehnologiýalaryň täsirine düşýär. Şonuň netijesinde muzeýlerde täze bir ösüş ugry peýda bolýar. Dünýädäki tehnologiýanyň ösmegi bilen muzeýler hem sanlylaşýar. Sanly muzeýleriň artykmaçlyklary, ýagny Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hereket edýän «arkadagshahermuzey.gov.tm» saýty bar. Bu saýt islendik adam üçin elýeterlidir. Bu ýerde muzeý barada ähli maglumatlar jemlenendir hem-de muzeýde alnyp barylýan işler we täzelikler, habarlar ýerleşdirilýär. Innowasiýa muzeýleri ýaş nesil üçin has gyzykly bolmak bilen, bilim mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýle hem, sanly ösüş diňe bir içerki ösüş bilen çäklenmeýär. Ol halkara derejesinde hyzmatdaşlyk üçin hem täze mümkinçilikleri açýar. Sanly mümkinçilikler we umumy ösüş muzeýleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirýär. Muzeýler arasynda halkara hyzmatdaşlyk tejribe alyşmakda möhüm orny eýeleýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjy myhmanlar ekologiýa taýdan arassa hem-de sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine geldiler. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar ajaýyp şäheriň gözel ýerleriniň biri bolan Taryhy-medeni seýilgähe hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelip gördüler. Myhmanlar bu ýerde muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Halkara hyzmatdaşlyk medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde tanatmaga mümkinçilik berýär. Netijede, muzeýler diňe milli däl, eýsem, dünýä derejesinde hem möhüm medeni merkezlere öwrülýär.

No image
Gadymy Margiana bagyşlanan maslahat

Halkara gatnaşyklary

19.06.2026

2026-njy ýylyň 12-14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýanyň Bern şäherinde «Togolok arheologiýa toplumyndaky soňky barlaglaryň nukdaýnazaryndan Beýik Horosan siwilizasiýasy (GKС)» atly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhametdurdy Mamedow hem-de «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Annamyrat Orazow gatnaşdy. Maslahata Germaniýa Federatiw Respublikasyndan Italiýa Respublikasyndan Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Şweýsariýa döwletlerinden türkmen topragynda ýerleşýän gadymy Margiana siwilizasiýasyny öwrenýän belli tanymal alymlar gatnaşyp, gadymy Margiananyň gözbaşynyň gelip çykyşy hem-de täze toplanan ylmy maglumatlar boýunça pikir alyşdylar. Meşhur arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan üsti açylan Margiananyň Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan bilen deň hatarda gadymy siwilizasiýalaryň bäşisiniň biri bolup durýandygyny ýeri gelende nygtamak isleýäris. Häzirki wagtda hem gadymy Margiananyň dünýädäki meşhurlygy gülläp ösen döwründäkisinden pes däldir. Çünki gadymy Margiana häzirki wagtda-da dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun!