logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BAGTYŇ BUŞLYKÇYSY TÄZE ÝYL

Kitaphanalar

22.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda Täze ýyl baýramy mynasybetli «Bagtyň buşlykçysy täze ýyl» ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her birimize buýsançly wakalardyr beýik ýeňişleri peşgeş beren 2025-nji ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde halkymyz şan-şöhrata beslenjek 2026-njy ýyly garşy almaga taýýarlyk görüp, ak şähermiz Aşgabat häzirki wagtda bezelen Täze ýyl arçalary, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri, seýilgählerdäki we ýollardaky dürli öwüşginli çyralary bilen hemmeleri haýrana goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Täze ýyl maşgalanyň agzybirligi hem-de özboluşly däpleri, şagalaňy bilen gurşap alýandygy barada bellediler. Çäräniň dowamynda Büzmeýin medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATÇYLYGYŇ WASPY DILLERDE DESSAN

Kitaphanalar

22.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdepde “Parahatçylygyň waspy dillerde dessan” atly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlap sesli okaýyş geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni: Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazly äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi diýil belläp geçdi. Şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy begendirdi. Şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesillerimiz, bagtyýar türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň şanly sepgitlerde ýetmekde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Göreldeli okuwçylar birnäçe ýazyjy-şahyrlaryň watanymyzy wasp edip ýazan goşgularyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyny labyzly okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda gün-günden gülleýän, bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
KITAPHANA–BILIMLERIŇ MEKANY

Kitaphanalar

19.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda “Kitaphana bilimleriň mekany” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde kitaphana gelýän dürli ýaşly okyjylaryň, talyp ýaşlaryň hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda kitap okamagyň ähmiýeti barada dürli neşirleriň, eserleriň üsti bilen wagyz-nesihat işleriniň, gürrüňdeşlikleriň geçirilip, talyp ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek maksady bilen dürli sowal-jogap bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň biziň her birimiz üçin nusga alarlyk gollanmadygy, kitap – akyl hazynasy bolup, dünýä we döwürlere, ynsanlara we olaryň özara gatnaşyklaryna düşünmegiň çeşmesidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny ajaýyp durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
RUHY GYMMATLYKLAR

Kitaphanalar

19.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Ruhy gymmatlyklar” atly kitap sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi bilen Parahatçylygyň bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygyr bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Şol mynasybetli Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşir bölüminiň okalga zalynda “Ruhy gymmatlyklar ”-atly kitap sergi gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
ÖSÜŞLERIMIZ-TÄZE ÝEŇIŞLERE BADALGA

Kitaphanalar

19.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bilen bilelikde “Ösüşlerimiz-täze ýeňişlere badalga” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler bolsa, munuň aýdyň şaýadydyr. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýänligi, döwletimizde kitaphana ulgamynyň işiniň kämilleşdirilýänligi dogrusynda gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlikde ýurdymyzyň ösüşleri we ýetilen sepgitler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitap ruhy hazyna” atly kitap sergi gurnalyp, kitabyň gymmaty, kitap okamagyň aýratynlyklary we ýaş nesillerimizde kitaba bolan söýgini döretmekde giňden wagyz edildi. Çykyşlaryň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYLARYNYŇ DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

19.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjylary Hydyr Derýaýewiň 120, Çary Aşyrowyň 115, Anna Kowusowyň 105,Ýazmyrat Mämmediýewiň 95, Täçmämmet Jürdekowyň 85, şahyr,terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradowyň 80 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda çykyş eden döredijilik işgärleri, Türkmenistanyň halk ýazyjylary Hydyr Derýaýewiň, Çary Aşyrowyň, Anna Kowusowyň ,Ýazmyrat Mämmediýewiň, Täçmämmet Jürdekowyň ,şahyr terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradowyň maşgala agzalary we dogan-garyndaşlary ýokarda ady agzalan, bu halypa döredijilik işgärleriniň ýazan ajaýyp eserleri, olaryň ömri we döredijiligi barada giňişleýin söhbet etdiler.Şeýle hem olar özleriniň gyzykly ýatlamalaryny gürrüň berdiler. Soňra çykyş edenler bize şeýle halypalary,ussat döredijilik işgärlerini ýatlamaga uly şertler döredip berýän hormatly Prezidentimize öz alkyşlaryny aýtmak bilen,Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag,ömrüleriniň uzak,alyp barýan beýik işleriniň mundan –buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
DURMUŞ BIR KITAP ÝALYDYR, ÝYLLAR ONUŇ SAHYPASY

Kitaphanalar

19.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkezinde «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Durmuş bir kitap ýalydyr, ýyllar onuň sahypasy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylda bitirilen bimöçber işler, gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler, açylan desgalar sanardan kän. Şu ýyl döwletimiziň ykdysady kuwwaty has-da arty, syýasy abraýy nusgalyk derejä göterildi. Goňşy we uzakdaky döwletler bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen köpugurly çäreler Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygy gorap saklamakda, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde hemişelik Bitaraplyk hukugyna ygrarlydygyny halkara möçberinde subut etdi. Şular hakynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda eziz diýarymyzy bedew bady bilen diňe öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
PARAHATÇYLYK MEKANY–DOST-DOGANLYK MEKANY

Kitaphanalar

19.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda “Parahatçylyk mekany–dost-doganlyk mekany” ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halky asyrlaryň dowamynda hoşniýetlilik ýörelgelerini, parahatçylyk söýüjilik ýoluny ýöredip gelendigi, Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda hem muňa aýdyň subutnama bolup durýandygy, bu ajaýyp kitapda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň halklary dostlaşdyrylýandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyz birnäçe halkara guramalary bilen umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýändigi, türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerinde hem hoşniýetli goňşyçylyk, parahatçylyk söýüjijik ýaly gymmatlyklar saklanyp galandygy, dost-doganlygyň berkeýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräň dowamynda Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň “Ýaşlygymyzyň owazy – Magtymguly Pyragy” atly aýdym-saz topary birnäçe aýdymlary bilen çykyş etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«MIRAS» TELEÝAÝLYMYNYŇ ÝAZGY ETMEGINDE GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «PAÝHAS ÇEŞMESI» KITABYNDAN ATALAR SÖZINDEN SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

18.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde halypa kitaphana işgärleriň gatnaşmagynda “Paýhas çeşmesi” kitabynda ýerleşdirilen birnäçe nakyllara düşündirişli söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«TÄZE ÝYL» GUTLAGLARY ÝAZGY

Kitaphanalar

18.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphana işgärleriniň “Täze ýyl” gutlaglary ýazgy edildi. Çykyş edenler 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ajaýyp ösüşleri, biziň ykdysadyýetimiz bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz, ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Soňra teleýaýlymda çykyş edenler ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy täze 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.