logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÄRSARY ÝOLUNYŇ USSATLARY

Medeni miras

30.04.2026

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Ärsary ýolunyň halypalaryna bagyşlanan «Ärsary ýolunyň ussatlary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Lebap welaýat häkimligi bilen bilelikde geçiren aýdym-sazly dabarasyna, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Lebap welaýaty boýunça habarçysy, şahyr Agamyrat Soltanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň «Ärsary ýolunyň dessançylyk däpleri we ussatlary», Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymlary Jumageldi Orunowyň «Bagşyçylyk sungatynda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýeti», Mährem Jumaýewiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagşyçylyk sungaty» atly ýörite taýýarlan çykyşlary baý many-mazmunly boldy. Aýdym-sazly dabarada ussat bagşylaryň wideoşekilleri görkezildi. Halypa bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda Ärsary ýoluny dowam edýän Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň talyby Esen Atamuradow, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar hünäriniň mugallymy Gurban Çaryýew, Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Umyt Mustakow, Saýat etrabynyň Awçy medeniýet öýüniň sazandasy Kerim Annakulyýew ýaly bagşylar «Türkmeniň», «Görogly» şadessanynyň Ärhasan şahasyndan «Başa-baş», «Öwezjan», «Sary bagşynyň», «Näzlim», «Köçe bagy», «Bal Saýat» ýaly türkmen halk aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Dabarada Çary Durdyýewiň sözlerine, Jumageldi Orunowyň sazyna döredilen «Gahryman Serdarym bilen» atly aýdymy welaýatyň birleşen bagşylar topary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Medeniýet öýünde guralan milli gymmatlyklaryň sergisi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Çynar GURBANOW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni

No image
HALYPANYŇ USSATLYK MEKDEBI

Medeni miras

27.04.2026

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Medeniýet öýünde meşhur halypa bagşy, Türkmenistanyň halk bagşysy Oraz Salyryň (1876-1940) 150 ýyllygy mynasybetli ömri-döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde geçiren aýdym-sazly dabarasy, ussat halypa bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen başlandy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, halypanyň nebereleri, medeniýet, sungat işgärleri, çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada çykyş eden “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň bölüm müdiri Babajan Gylyjow, “Ahal durmuşy” gazetiniň habarçysy Akmyrat Mürzäýew, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary Maksat Gylyjow meşhur bagşynyň ýerine ýetiren aýdymlary, onuň ömri-döredijiligi barada täsirli gürrüň etdiler. Ussat bagşynyň nebereleriniň, adyny göterýän mekdebiň okuwçylarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen aýdym-sazly dabarany, onuň ýoluny dowam edýän Babanýaz Orazmyradow, Begenç Şalarow, Bagtyýar Işankulyýew, Toýly Gurbanow, Guwanç Gurbanow, halypa Oraz Salyryň çowlugy Myrat Orazow, Serdar Ýagmyrow, Maksat Allakulyýew, Kakabaý Işankulyýew ýaly bagşylar «Ýaşylbaş», «Aýlansam», «Gyzylgül», «Gyrmyzy», «Kiçiniň», «Ýok meniň», «Bar eken», «Ýat bolar», «Bigana ýagşy» ýaly türkmen halk aýdym-sazlary bilen bezediler. Bu ýerde guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden dörän eserleri, bagşy-sazandalarymyza bagyşlanyp neşir edilen kitaplar sergilendi. Çynar GURBANOW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni

No image
TÜRKMENIŇ MIRASY – DÜNÝÄNIŇ MERJENI

Medeni miras

24.04.2026

#### *Gadymy Mary topragyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy* Biziň türkmen halkymyz tutuş adamzat taryhynda gaýtalanmajak medeni-ruhy gymmatlyklary bilen meşhurlyga eýe bolan iň gadymy halklaryň biridir. Nepisligi we reňk sazlaşygy bilen naýbaşy orny eýeläp gelen halylarymyz, bahar ýaýlalaryny ýatladýan keçelerimiz, tebigat gözelliklerine bäs edýän keşdelerimiz, altyn suwy çaýylyp ýasalan şaý-seplerimiz – bularyň hemmesi dünýä medeniýetiniň altyn täjine öwrülen gymmatlyklarymyzdyr. Çeper döredijilige baý, zähmetsöýer we taýsyz ukyp-başarnygyň eýesi bolan halkymyzyň döreden we bize miras bolup gelip ýeten şeýle ajaýyp nepislikler türkmeniň gözelligi döretmäge bolan başarnygyny, çeper ukybyny äleme ýaýdy. Ol gymmatlyklar, şol sanda halk çeper döredijiliginiň aýratyn bir ugry bolan ussaçylyk türkmeniň senedi sungata öwrüp bilýän halkdygyny tassyklap, umumadamzat gymmatlyklaryň hataryny baýlaşdyrdy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň hiç wagt öz gymmatyny ýitirmejek mirasyny öwrenmek, özboluşly ussatlyga we döredijilik ukybyna eýe bolan senetkärlerimiziň esasyny goýan halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döredijilikli ösdürmek we miras baýlyklarymyzy özümizden soňky nesillere ýetirmek babatynda ägirt uly işler alnyp barylýar. Halk arasyna aýlanyp, milli gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlary toplamak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ylmy-döredijilik toparynyň döredilmegi we bu topar tarapyndan welaýatlara ylmy-etnografik ekspedisiýanyň guralmagy hem halkymyzyň müň ýyllyklara dowamat boljak mirasy hakyndaky aladadyr. Golaýda bu topar bereketi egsilmejek Mary topragynda, Mary welaýatynda bolup geldi. Biziň ylmy-döredijilik toparymyz öz işini welaýatyň etrapdyr oba-şäherlerinde alyp barmak bilen ýerli ýaşaýjylar, kärine ussat senetkärler, halyçydyr, keşdeçiler, zergärler, palas-kilim önümlerini dokamak bilen meşgullanyp gelýän gelin-gyzlar, halk ussaçylygyny döredijilikli dowam etdirýän ussalar, halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary baradaky maglumatlary köp bilýän ýaşuly nesiller bilen duşuşdylar. Toparymyz bu gadymy toprakda Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň medeni durmuşy, döredijiligi, senetçiligi, dokmaçylygy, zergärçiligi, milli tagamlary, ussaçylygy, folklory bilen ýakyndan tanyşmaga, baý maglumat toplamaga mümkinçilik tapdy. Biz öz toparymyzyň agzybir agzalary bolup haly-palas dokamak, keçe basmak, agaç ussaçylygy, milli şaý-sepleri ýasamak, halk döredijilik görnüşleri, milli däp-dessurlar, bu ýeriniň aşhana medeniýeti, milli tagamlary baradaky maglumatlary topladyk. Mary welaýatyna guralan bu iş saparymyz biziň ylmy-döredijilik toparymyz tarapyndan guralan dördünji ekspedisiýadyr. Nesip bolsa, bu topar bilen gadymy Ahal topragynda maglumatlary toplamak işi mynasyp derejede dowam etdiriler. Bize şeýle sogaply işe mynasyp goşant goşmaga döredip beren giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerimizdäki alkyşymyz çäksizdir. Halk mirasyny öwrenmekde bize nusgalyk ýoly görkezip, milli gymmatlyklarymyzyň ählitaraplaýyn goraglylygyny üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeleri belent, aljaklary diňe alkyş bolsun. Döwletli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolsun. Sözümiz gury bolmaz ýaly Mary welaýatyndan toplanan alkyş-dileglerden bir parçasyny size ýetirmegi makul bildik: Saçaňňyz etli bolsun, Düzlermiz otly bolsun, Güne meňzeş nan ýapmaga, Tamdyrňyz otly bolsun, Gadamňyz batly bolsun, Tagamňyz datly bolsun, Dowamyňyz ogul-gyz, Olar gaýratly bolsun, Palaw buglanyp dursun, Döwür çaglanyp dursun, Ýaplardan bal suw aksyn, Suwlar ekini ýaksyn, Saçaklar toýa ýazylsyn, Juwanlar söýenne ýazylsyn, Bedew batly bu mekanda, Topragmyzdan altyn önsün, Bu türkmene döwran dönsün, Berkarar döwletimiziň Bagtyýardyr illeri, Arkadagly Serdar bilen - Galkynýar göwünleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, Ugur alsyn, ýörän ugurlary, Uzap gitsin ýaşlary, Aman bolsun başlary, Rowaç alsyn işleri! OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy

No image
DÜNÝÄ TARYHYNY BEZEÝÄN GYMMATLYKLAR

Medeni miras

11.04.2026

#### *Ylmy-döredijilik topary Balkan welaýatynda ylmy-etnografik ekspedisiýada boldular* Asyrlar aşyp gelen milli mirasymyz gymmaty egsilmejek baýlygymyzdyr. Medeni we taryhy ähmiýete eýe bolan gymmatlyklar halkymyzyň dünýä medeniýetini näderejede baýlaşdyryp gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda halkymyzyň şöhratly geçmişine we medeni-ruhy gymmatlyklaryna, çeper döredijiligine uly hormat goýulýar. Halk mirasy geljekki nesilleriň bahasyny ölçäp bolmajak hazynasy hökmünde aýalyp saklanýar, goralýar we çuňňur öwrenilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan döredilen ylmy-döredijilik topar Balkan welaýatynda ylmy-etnografik ekspedisiýada bolup geldi. Biziň ylmy-döredijilik toparymyz işini welaýatyň etrapdyr oba-şäherlerinde alyp barmak bilen ýerli ýaşaýjylar, kärine ussat senetkärler, haly, palas dokamak bilen meşgullanyp gelýän gelin-gyzlar, halk ussaçylygyny döredijilikli dowam etdirýän ussalarymyz, halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary baradaky maglumatlary köp bilýän ýaşuly nesiller bilen duşuşdylar. Topar bu ýerde deňiz kenarynyň ýaşaýjylarynyň medeni durmuşy, döredijiligi, senetçiligi, dokmaçylygy, milli tagamlary, ussaçylygy, folklory bilen ýakyndan tanyşmaga, baý maglumat toplamaga mümkinçilik tapdy. Toparyň agzalary haly-palas dokamak, keçe basmak, agaç ussaçylygy, ene hüwdüsi, küştdepdi milli tansymyz, onuň gazallary baradaky maglumatlary toplady. Welaýatyň özboluşly ýerine ýetirijilik aýratynlygyny özünde jemleýän folklor çykyşlary hem ýazylyp alyndy. Türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň düýpli öwrenilmegi hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Balkanly ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik: **Bal Balkanyň balygy, Hem tagamly, süýjüdir. Bizi bagta ýetiren, Gahryman Arkadagly Serdarmyzyň güýjüdir.** OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy

No image
MIRAS GYMMATLYKLARYNYŇ GÖZLEGINDE

Medeni miras

04.04.2026

#### *Daşoguz welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy* Türkmen halky dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda, kämilleşmeginde uly orun eýelän maddy we ruhy gymmatlyklary bilen giňden meşhurdyr. Häzirki döwürde şol gymmatlyklar baradaky maglumatlary halk arasyndan toplamak hem-de geljekki nesillere geçirmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ine, şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan alymlardan, etnograflardan, žurnalistlerden hem-de medeniýet-sungat işgärlerinden döredilen ylmy-döredijilik topar Daşoguz welaýatynda iş saparynda boldy. Topar bu ýerde halkymyzyň milli senetçiligi, däp-dessury, halk döredijiligi, milli tagamlary, ussaçylygy, milli lybaslary, dokmaçylygy boýunça we olaryň welaýat aýratynlygy barada täsirli we gyzykly maglumatlary topladylar. Bu asylly işde welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri, ýerli ýaşaýjylar ýakyndan ýardam berdiler. Halk mirasy – halkyň gymmaty egsilmejek hazynasy. Şol hazynany aýawly saklap, nesillere geçirmek mukaddes borjumyzdyr. OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
FESTIWALYŇ JEMLEÝJI GÜNI

Medeni miras

28.03.2026

«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň jemleýji güni, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklary geçirildi. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylar Nazar baganyň, Magtymguly Garlyýewiň, Öre şyhyň, Palta bagşynyň, Baýar bagşynyň, Ilaman Annaýewiň, Akjagül Myradowanyň, Tüýli Otuzowyň, Hojamyrat Öräýewiň, Bally Mätgeldiýewiň, Kakabaý Nazarowyň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Festiwalyň ýapylyş dabarasynda halypa bagşy-sazandalar, Berkarar döwletimizde dessançylyk sungatynyň ösdürilişi, bu sungatyň dowam edip gelýän däpleri barada gyzykly çykyşlar etdiler. Şeýle hem, ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň aýdyp beren dessanlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli dessançylyk sungatynyň ýerine ýetiriliş däpleriniň ajaýyp nusgalary bolup belentden ýaňlandy. Festiwalyň ýapylyş dabarasynda festiwala gatnaşyp üstünlikli çykyş eden dessançy bagşy-sazandalara, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
BAGŞY DESSAN AÝDANDA

Medeni miras

27.03.2026

«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň çäginde, 27-nji martda günüň birinji ýarymynda festiwala gatnaşyjylar Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat etdiler. Daşoguz şäherindäki Bagşylar muzeýine aýlandylar. Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert geçirildi. Konserte ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen dessançy bagşylar, alymlar, şeýle hem, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda welaýatlardan gatnaşýan dessançy bagşylar gymmatly mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolan türkmen dessanlaryndan uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bu konsert ýurdumyzda dessançylyk sungatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Konsert ýurdumyzyň birleşen dessançy bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde «Bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym bilen jemlendi. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI

Medeni miras

27.03.2026

2026-njy ýylyň 25-26-njy martynda Moskwa şäherindäki Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan “Margiana siwilizasiýalaryň çatrygynda: Merkezi Aziýa, Kawkaz we Ýakyn Gündogaryň gadymy we häzirki zaman medeniýetara gatnaşyklary” atly Halkara ylmy maslahaty geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa institutynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda geçirilen, bu Halkara ylmy maslahatyna Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Italiýa we Fransiýa Respublikasynyň belli alymlary, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň wekilleri hem-de Moskwa şäherinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Ylymlar akademiýasynyň foýesinde, Türkmenistanyň baý taryhy we medeni gymmatlyklaryny, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän fotosuratlaryň sergisi gurnaldy.

No image
«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň açylyş dabarasy

Medeni miras

26.03.2026

Şahandaz, dilewar, märekesöýer halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda halk döredijilik eserleriniň umman ýaly hazynasy döredilipdir. Şol hazynanyň gymmatly bölegini epiki mirasymyz eýeleýär. Eposdyr dessanlar epiki mirasymyzyň ajaýyp nusgalarydyr. Olar agramlylygy, çeperligi, jadylaýjy täsiri bilen tapawutlanýar. Dessanlar heňňamlar içre halkymyza ruhy lezzet berip geldi. Dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde tutumly toýlarda, dabaralarda aýdylyp gelen dessanlaryň we şadessanlaryň halkyň ruhuny götermekde, olarda geljege bolan umytly garaýyşlary döretmekde ähmiýetli orny eýeläp gelendigi ählimize mälimdir. Çünki aýdym-saz ynsanyň ruhuny täzeleýän hem-de halkyň taryhyny şöhlelendirýän sungatdyr. Olarda halkyň geçmişi, şatlygy, göwün gussasy, durmuşynyň aýry-aýry pursatlary öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly «Görogly dessançylyk sungaty» 2015-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen ilkinji milli hödürnama hökmünde, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi hem-de umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Dessançylyk – türkmen milli aýdym we saz sungatynyň aýratyn bir ugry. Halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan bu sungat bagşydan sesiniň, ýatkeşliginiň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokary derejesini talap edýän we köpasyrlyk taryha eýe bolan sungatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň ömürlik hemrasyna öwrülen bu ajaýyp sungatymyzy dünýä ýaýmakda, özboluşly ussatlygy bilen tanalýan dessançy bagşylarymyzyň döredijiligini we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen ösdürmekde ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän, ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwal öz işine başlady. 26-njy martda ir säher bilen demir ýol menzilinde festiwala gatnaşyjylar duz-çörekli garşylandy. Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň öňündäki meýdançada medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy hem-de milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy. Bu teatrda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Festiwalyň açylyş dabarasyna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dessançy bagşylar we ussat sazandalar, şeýle hem alymlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynyň çäklerinde, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň foýesinde türkmen milli aýdym-saz senetçiligine hem-de milli gymmatlyklarymyza bagyşlanan sergi guraldy. Dessançylyk sungaty, bu sungatyň özboluşly aýratynlygy, ýerine ýetirijilik däpleri, halypa-şägirtlik gatnaşyklary barada gyzykly çykyşlar edildi. Açylyş dabarasynda Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ähli welaýatlarymyzdan gatnaşýan dessançy bagşylarymyzyň ýerine ýetirmeginde «Görogly» eposyndan şahalar hem-de beýleki türkmen dessanlary belentden ýaňlandy. Günüň ikinji ýarymynda Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata sungaty öwreniji alymlar, mugallymlar we ussat bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Maslahatda dessançylyk sungatynyň umumadamzat ähmiýeti, ösüş taryhy, dessançylyk ýolunyň ussat halypalary, bu gadymy sungatyň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary hakynda täsirli çykyşlar, dessançy bagşylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren dessanlary bilen utgaşdy. Şeýle hem, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly sahna oýny festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdan medeniýetiniň we sungatynyň düýpli öwrenilmegi hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
HALK MIRASY - HALKYŇ RUHY HAZYNASY

Medeni miras

13.03.2026

Ýurdumyzyň Lebap welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň dowamynda has-da baýlaşyp, kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy we medeni mirasyny öwrenmek, olar baradaky gymmatly maglumatlary halk arasyndan toplamak, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan welaýatlara ylmy-etnografik ekspedisiýalary guramaklyk meýilleşdirildi we medeniýet işgärlerinden, alymlardan, žurnalistlerden hem-de talyplardan ybarat bolan ýörite ylmy-döredijilik topary döredildi. 2026-njy ýylyň 10-12-nji marty aralygynda bu topar Lebap welaýaty boýunça öz işine başlady. Toparyň agzalary Lebap welaýatynyň etraplarynda, obadyr şäherlerinde bolup, türkmen halkynyň haly-palas senetçiligi, amaly-haşam we keşdeçilik sungaty, folklor-tans sungaty, dutar we tüýdük ussaçylygy, milli tagamlary taýýarlamagyň tejribesi, maşgala we toý däpleri, milli lybaslary taýýarlamagyň milli tejribesi, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli tejribesi, toý aýdymlary, halk döredijiliginiň hüwdüler ýaly görnüşleri barada gyzykly maglumatlary topladylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/maddy-dal-g%C3%B6k-fon.jpg) Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasy hem-de beýleki etnografik gymmatlyklary halkyň baý mirasynyň ajaýyp nusgalarydyr. Ekspedisiýanyň dowamynda halk mirasynyň dürdäneleri barada gymmatly maglumatlary köp bilýän dilewar, ýatkeş ene-mamalarymyz, ýaşulularymyz bilen söhbetdeş bolundy. Olar bilen gürrüňdeş bolmak geçmişe gaýybana syýahat etmekdir. Halk mirasy halkyň hakydasynda ýaşaýan gymmatlyklardyr. Olary toplamak, öwrenmek we nesillere ýetirmek mukaddes borjumyzdyr. OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary