logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
TELEFON BELGISI

+993(00322) 5-28-79

SALGYSY

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, N.Andalyp şaýoly, jaý 23

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
17:00
09:00
17:00

Daşoguz welaýat kitaphanasy


Welaýat kitaphanasy 1925-nji ýylda esaslandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky kararyna laýyklykda, Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygy ýerine ýetirildi we bu bina 2014-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-ine dabaraly ýagdaýda açyldy.

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň binagärlik nusgasynyň, şäheriň çäklerinde ýerleşýän beýleki desgalardan tapawutly bolmagy, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan şäher-gurluşyk maksatnamasynyň düzüminiň köpugurly bolmagy bilen şertlendirilýär we bu kitaphananyň täze binasynyň binagärlik çözgüdiniň milli aýratynlyklary hem-de gurluşyk ulgamynyň häzirki zaman talaplaryny özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýandygyny alamatlandyrýar.

Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 2 gektardan gowrak bolup, binanyň beýikligi 42,5 metr, ini 43 metr, gapdal uzynlygy 104 metre barabardyr. Kitaphana ýerzemin gaty bilen 8 gatdan ybarat. Kitaphanada 1 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 600 okyja hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen, kitaphananyň 8 sany umumy okalga zallary bar. Kitaphananyň täze binasynda kitap gaznasynyň talaba laýyk saklanylmagy, şol sanda seýrek neşirleriň goralyp saklanylmagy üçin aýratyn ýerler göz öňünde tutulan.

Binada häzirki zaman tehniki enjamlar oturdylan çaphana, rejeleýiş we dikeldiş bölümi, neşirleri arassalamak işlerini geçirmek üçin niýetlenilen aýratyn iş otaglary, fotolaboratoriýa, elektron kitaplary okamak we elektron katalogyň üsti bilen gözleg amallaryny ýerine ýetirmek üçin häzirki zaman sensor enjamlary oturdylan, onda internet zaly, kompýuter otagy, çagalar üçin otag, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty gazna üçin gaznahanalar göz öňünde tutulan, mejlisler jaýy, “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi bar. Kitaphananyň ýokarky gatynda obserwatoriýa ýerleşýär, kitaphananyň gümmezi açylyp-ýapylýar, otagda kompýuter enjamlary, Germaniýa Respublikasynda öndürilen teleskop bar. Kitaphanada 2016-njy ýyldan bäri bitewi elektron kitaphana ulgamy işleýär. Kitaphananyň ýöriteleşdirilen bölümleriniň sany 9. Daşoguz welaýat kitaphanasynda–mymarketi.ru atly saýt hereket edýär.