+993(00422) 6-20-30
Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Bitarap Türkmenistan köçesi, jaý 91/1
| duş | siş | çar | pen | anna | şen | ýek |
|
09:00 18:00 |
09:00 18:00 |
09:00 18:00 |
09:00 18:00 |
09:00 18:00 |
09:00 17:00 |
09:00 1:700 |
Welaýat kitaphanasy 1919-njy ýylda esaslandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygy ýerine ýetirildi we bu bina 2014-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine dabaraly ýagdaýda açyldy. Kitaphananyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binasy özüniň binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýar. Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 26965,0 inedördül metr. Binanyň beýikligi 30 metre barabar, ini 60 metr, gapdal uzynlygy 60 metr.
Kitaphana 3 gatdan ybarat. Kitaphanada 1 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 450 okyja hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Kitaphananyň ululy-kiçili 10 sany umumy okalga zaly bar.
Kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen. Bu gatda 30 orunlyk 3 sany, 25 orunlyk 1 sany umumy okalga zaly, 12 orunlyk internet zaly bar. Okalga zallary giň hem-de ýagty edilip ýerleşdirilen. Şeýle hem 1-nji gatda çagalar üçin oýun otagy, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty gazna üçin gaznahanalar, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler ýerleşdirilen. Bu gatda elektron katalogyny we adaty kataloglary ýerleşdirmek üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulan.
2-nji gatda okyjylar üçin niýetlenen jemi 4 sany umumy okalga zaly bolup, olaryň 3 sanysy 46 orunlyk, 1 sanysy bolsa 56 orunlykdyr. Şeýle-de 2-nji gatda hünärmenleriň iş otaglary, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler ýerleşdirilen. Bu gatda edebiýat gaznasynda saklanylýan saz eserlerini diňlemek üçin ýöriteleşdirilen otag, welaýatymyzdaky ýadigärliklere tomaşa etmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan 20 orunlyk DWD zaly bar.
Kitaphananyň bu gatynda iki sany 46 orunlyk okalga zaly, ýörite bölümler hem-de hünärmenler üçin niýetlenen iş otaglary bar. Bu iş otaglarynyň ýanaşyk ýerinde 194 orunlyk mejlisler zaly hem bar. Şeýle-de neşirleri jemlemek we gaýtadan dikeltmek üçin niýetlenen ussahana hem-de “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi ýerleşýär.
Kitaphananyň üçegi häzirki zaman tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan açylyp-ýapylýan gümmez bolup, ol ýerde obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy hem-de häzirki zaman kompýuter otagy göz öňünde tutulan. Bu ýerde Germaniýa Federatiw Respublikasynda öndürilen teleskop enjamy oturdylan. Obserwatoriýa otagynda teleskopyň we kompýuterleriň kömegi bilen asman giňişligini synlamak mümkinçiligi döredilen. Kitaphanasynda obserwatoriýanyň hereket etmegi bu sebitde fiziki, astronomiýa, geografiýa we geofizika, asman giňişligini öwrenmek ugurlarynyň nazaryýetine, tejribe işine gyzyklanmany has artdyrýar. Bu ýerde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň önümi bolan “Alt-Azimutly Kassegren-Nesmit ASTELCO” kysymly kämil teleskop oturdylan. Ylym-bilime, raýatlarynyň intellektual mümkinçiliklerine, ruhy-medeni mirasyň öwrenilmegine, ynsan kalbynyň şamçyragy hasaplanýan kitaplara ýaş nesliň kalbynda söýgini hem hormaty döredip bilýän ýurduň gelejegi rowanadyr.
Lebap welaýat kitaphanasynda–lebapkitap.gov.tm resmi saýty hereket edýär.