logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
TELEFON BELGISI

+99312 92-31-37

SALGYSY

Aşgabat şäheri, 1984 (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
-

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän baýry ýokary hünär okuw mekdepleriniň biri bolmak bilen, bu okuw mekdebi aýdym-saz ugrunyň hünärleri boýunça ýokary hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Konserwatoriýa ýurdumyzyň medeniýet, sungat edaralaryny, bilim-terbiýeçilik ojaklaryny, döredijilik birleşmelerini saz gurallarynyň dürli görnüşlerinde kämil ýerine ýetirijiler, aýdym-saz sungatyny öwrenijiler, mugallym-hünärmenler bilen üpjün edýän okuw mekdebidir.


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 1972-nji ýylda esaslandyrylýar, 1993-nji ýylda Milli konserwatoriýa bolýar, 2019-njy ýylda bu ýokary okuw mekdebine Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ady dakylýar.

Milli konserwatoriýada hereket edýän fakultetler, kafedralar, okadylýan hünärler:

FAKULTETLER:

  • Halk sazy fakulteti.
  • Orkestr saz gurallary fakulteti.
  • Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakulteti.
  • Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakulteti.


KAFEDRALAR:

  • Halk saz gurallary kafedrasy.
  • Türkmen sazy kafedrasy.
  • Bagşyçylyk sungaty kafedrasy.
  • Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasy.
  • Kirişli saz gurallary kafedrasy.
  • Estrada sungaty kafedrasy.
  • Dirižýorlyk kafedrasy.
  • Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasy.
  • Saz mugallymy kafedrasy.
  • Kompozisiýa we gurallama kafedrasy.
  • Sazyň taryhy kafedrasy.
  • Sazyň nazaryýeti kafedrasy.
  • Ýörite fortepiano kafedrasy.
  • Umumy fortepiano kafedrasy.
  • Kamera ansambly kafedrasy.
  • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy.


HÜNÄRLER:

  • Opera sungaty.
  • Aýdym sungaty.
  • Bagşy.
  • Türkmen sazy.
  • Fortepiano.
  • Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.
  • Estrada sungaty.
  • Halk saz gurallary.
  • Kirişli saz gurallary.
  • Kompozisiýa.
  • Sazşynaslyk.
  • Türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk
  • Hor dirižýorlygy.
  • Orkestr dirižýorlygy.
  • Saz mugallymçylygy.


E-mail: tnc.onservatory@gmail.com