+993 12 571989
Türkmenistan, Arkadag ş.,Keýmir kör şaýoly, 1-nji jaýy
| duş | siş | çar | pen | anna | şen | ýek |
|
09:00 18:00 |
- |
09:00 18:00 |
09:00 18:00 |
09:00 18:00 |
09:00 18:00 |
09:00 18:00 |
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Arkadag şäherinde täze döwrebap binalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Arkadag şäheriniň ajaýyp binalarynyň arasynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem bar. Muzeý 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylyp ulanylmaga berildi. Muzeýiň bäş sany hemişelik sergi zallary hereket edýär. Olar Garaşsyzlyk, Taryh, Etnografiýa, Sungat hem-de Tebigat bölümleridir. Muzeýde Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşleri, ýetilen belent sepgitler, Ahal welaýatynyň çäkleriniň tebigaty, taryhy, milli mirasy, ýagny etnografiýasy, sungaty, ylmy esasda öwrenilýär we muzeý gymmatlyklary goralyp saklanylýar. Muzeý ekspozisiýasynda häzirki zaman täze tehnologiýalaryň tilsimatlary ulanyldy.
Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady. Muzeýler ulgamynda ilkinji gezek Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod hyzmatlary ulanyşa girizildi. QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2D ştrih kod) bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär we «Quick Response Code» («dessin tassyklanylýan kod») diýip düşündirilýär hem-de mobil programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär. Muzeýi görmäge gelen her bir adam üçin bu hyzmat elýeterlidir. Şonuň üçin ykjam telefonda QR-kody ulanmak arkaly muzeý ekspozisiýasynda sergilenen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty bilmäge mümkinçilik bar. QR koddan peýdalanmak üçin ony öz smartfonda, planşetde surata düşürmek ýeterlikdir. Ýörite programma arkaly okadylan kod muzeýi görmäge gelýänler üçin muzeý esbaplary barada maglumatlary özbaşdak tanyşmak mümkinçiligini döredýär. Muzeý ekspozisiýasynyň başynda, ýagny, girelgede multimedia ekranda Arkadag şäheri barada wideorolik görkezilýär hem-de muzeý ekspozisiýasy barada maglumat beýan edilýär.
Garaşsyzlyk bölüminde Arkadag şäheriniň häzirki zaman ösüşini görkezýän maglumatlar suratlaryň we gymmatlyklaryň üsti bilen beýan edilýär. Ekologiýa taýdan arassa, akylly, «ýaşyl ykdysadyýetli» Arkadag şäheri daşky gurşawyň goragy, ekologiýa abadançylygy, arassaçylygy baradaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Taryh bölüminde türkmen halkynyň birnäçe müňýyllyklaryň taryhyndan habar berýän maglumatlar we gymmatlyklar şeýle hem taryhy ýadygärlikleriň kiçeldilen nusgalary görkezilýär. Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr. Ahal welaýaty, ýurduň beýleki sebitleri ýaly, özüniň çäklerinde ýerleşýän ajaýyp türkmen taryhynyň we ruhylygynyň ajaýyplylygy bilen gözleg geçirijileriň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Olar milletiň esasy ruhy sütüni we nesilleri birleşdirýän, milli däp-dessurlary dowam etdirilýändigini we türkmen topragynyň beýik geçmişine hormat goýulandygyny, onuň gahrymançylykly we zehinli halkdygyny tassyklaýan dürli arheologiki döwürlere we etnomedeniýet däplerine degişli bolan, hronologik we wakalar bilen bagly bolmadyk taryhy ýadygärlikler bilen birleşendir.
Etnografiýa bölüminde türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy-ruhy medeniýetiniň köpdürli we baý mazmunly görnüşleri dioramalaryň we gymmatlyklaryň asyl nusgalary bilen giňden beýan edilýär. Ata-babalarymyz has irki döwürlerde ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar, haýwanlary eldekileşdiripdirler, ýagny ilkinji ekerançylar we maldarlaryň ýaşan ýerleri bolan Arkadag şäheriniň çäklerindäki ýaşaýyş durmuşy görkezýän gyzykly maglumatlar muzeýde öz beýanyny tapýar.
Häzirki döwürde türkmen sungaty halkyň çeperçilik medeniýeti pajarlap ösýär we türkmen halkynyň ruhy dünýägaraýşynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Muzeýiň sungat ekspozisiýasynda dürli görnüşli nakgaş, grafika eserleri, keramika, heýkeltaraşlyk işleri ýerleşdirilen. Bu sungat eserlerinde türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, gadymy we häzirki zaman däp-dessurlary we halkyň şöhratly taryhy beýan edilýär. Dürli reňkleriň öwüşgünlerinde döredilen bu ajaýyp eserler türkmen tebigatynyň gözelliklerini açyp görkezýär. Olarda oba zähmetkeşleriniň durmuşy, zenanlaryň keşbi hem öz beýanyny tapýar. Bu sungat eserleri ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we şöhratly geçmişi öwrenmekde çeşme bolup durýar. Taryhy döwürleri, halkyň gahrymançylykly geçmişini şeýle-de taryhy şahsyýetleri görkezýän suratlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döredýär. Ekspozisiýanyň dowamynda keramika sungatyna hem aýratyn orun berilýär.
Muzeýiň tebigat bölümi Merkezi Köpetdagyň jülgesini görkezmek bilen başlanýar. Bu dioramada Köpetdagda duş gelýän guşlaryň we süýdemdirijileriň görnüşleri görkezilýär. Merkezi Köpetdagda onlarça giň dereler ýerleşýär. Witrinada Germap, Arwaz, Gökdere, Siýazaw, Sekizýap, Arçabil we Berkow ýaly dereler görkezilýär. Türkmenistanyň çäginde onlarça gorag astyndaky tebigy ýadygärlikler ýerleşýär. Bu witrinada Ahal welaýatynda ýerleşýän birnäçe tebigy ýadygärlikleriniň fotosuratlary görkezilýär. Olar: Kiçi Nyýazymdaky çynarlar, Garaýalçydaky grek hozunyň tokaýjygy, Köwata ýerasty köli, Bäherden etrabyndaky Abydere şaglawugy, Garagum çölündäki Antropogen çöketligi we Berkow deredäki asyrlar boýy ýaşan, iň uly türkmen arçasy. Witrinada ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň birnäçe görnüşleri görkezilýär.