Şamämmet Bäşimow


Şamämmet Bäşimow



Türkmenistanyň halk artisti, halypa sazanda hem aýdymçy Şamämmet Bäşimow 1948-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda doguldy. Ş.Bäşimow orta bilimi Baýramaly etrabynyň Täze ýol daýhan birleşigindäki 16-njy orta mekdebinde bilim alýar. 1963-nji ýylda Aşgabatdaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebine (häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi) dutar hünärine okuwa girýär. Bu okuwyň ikinji ýylynda dutar hünäriniň ýany bilen horuň dirižýory hünärinde hem okaýar. Okuwynyň daşyndan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň horunyň artisti bolup işläp, sungat dünýäsine düýpli aralaşyp başlaýar. 1968-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlandan soň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde 1968-nji ýylda açylan sazçylyk mekdebiniň direktory wezipesine bellenilýär. 1969-njy ýylda Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) Döwlet medeniýet institutynyň Estrada sungaty bölümine okuwa kabul edilip, bu okuw jaýyny 1974-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. 1974-1976-njy ýyllar aralygynda Mary welaýatyndaky filarmoniýada işleýär. Şol ýyllarda «Maru-şahu-jahan» ansamblyny döredip, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde çykyşlaryny guraýar. 1976-njy ýylda Türkmenistanyň halk artisti, halypa aýdymçy Myrat Sadykowyň çakylygy bilen Aşgabada gelip, öň hem işlän «Güneş» ansamblynyň çeper ýolbaşçysy bolupdyr. Birnäçe aýdymlary täzeden işläp, halka ýetirýär we eýýäm ýaş wagtlary özüniň mahmal sesi bilen diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolýar.

1977-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Durmuşda saz bilen» («С песни по жизни») bäsleşikde «Güneş» ansambly 1-nji orna mynasyp bolupdyr. 1980-nji ýylda Gruziýanyň paýtagty Tblisi şäherinde geçirilen «Tblisi – 80» atly jaz-rok sazlaryny ýerine ýetirmek bäsleşiginde 2-nji orny eýeleýär. Şeýle halkara bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

1983–1984-nji ýylda Aşgabatdaky şol wagtky Türkmen döwlet sungat institutynyň sazşynas-kompozisiýa bölüminde okap, kompozitor Çary Nurymowdan kompozisiýa boýunça sapak alýar.

1983-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Ş.Bäşimowa täze ansambl döretmek tabşyrylypdyr. Şonuň esasynda hem 1984-nji ýylda «Dessan» ansamblyny döredýär we öz çykyşlaryny halka görkezip başlaýar.

Ş.Bäşimowyň repertuarynda täzeden işlenen halk aýdymlary bilen birlikde estrada aýdymlary hem uly orun eýeleýär. Ol öz döreden aýdymlaryny hem giň diňleýjiler köpçüligine ýetirýär. Ş.Bäşimowyň döreden aýdym-sazlary esasan rok-jaz stilindedir. Halypa aýdymçy daşary ýurtlaryň birnäçesinde, ýagny, Polşa, Bolgariýa, Germaniýa, Wýetnam, Laos, Kipr ýaly döwletlerde iş saparynda bolup, türkmen aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmakda uly işleri bitirdi.

Ş.Bäşimow «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», soňra «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara, şeýle-de «Watana bolan söýgüsi üçin», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy» ýubileý medallaryna eýe boldy.

Türkmenistanyň halk artisti Ş.Bäşimow häzirki döwürde Türkmen döwlet medeniýet institutynda halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň batly gadamlaryny wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary döretmekde öz ussatlygyny görkezýär.

Ş.Bäşimowyň halypalary: Çary Nurymow (kompozisiýa), Allaberdi Allaberdiýew (dutar).

Ş.Bäşimowyň şägirtleri: Sähetmämmet Rejepbaýew, Agamyrat Öwezmämmedow, Jumamyrat Gurbanow, Berdi Geldiýew, Ylýas Rejepow we başgalar.

Ş.Bäşimowyň şägirtleri: Sähetmämmet Rejepbaýew, Agamyrat Öwezmämmedow, Jumamyrat Gurbanow, Berdi Geldiýew, Ylýas Rejepow we başgalar. Ansamblyň düzümi: Ylýas Rejepow (gitara, aýdymçy), Stanislaw Morozow (saksafon), Rişat Şafiýew (kakylyp çalynýan saz gurallar), Mihail Lagunsow (solo gitara), Aleksandr Stansýukewiç (truba), Şamil Kurbanow (truba), Ýusup Aliýew (trombon).
Ansambl bilen işleşen aýdymçylar: Myrat Sadykow, Berdimyrat Berdiýew, Gülşirin Alyjanowa, Hajyreza Ezizow.
Ansambl bilen işleşen şahyrlar: Ata Atajanow, Orazguly Annaýew, Hudaýguly Allamyradow, Gözel Şagulyýewa, Atamyrat Atabaýew, Annaberdi Agabaýew.

Aýdymlara ýazan sazlary:

«Owadan sen, owadan» – 1969 ý., sözleri: Anna Gurtgeldiýew
«Akja kepderi» – 1971 ý., sözleri: Hudaýguly Allamyradow
«Dünýä dursun parahat» – 1976 ý., sözleri: Hudaýguly Allamyradow
«Sary ýaprak» – 1976 ý., sözleri: Orazguly Annaýew
«Söýgülimiň birje sözi» – 1977 ý., sözleri: Hudaýguly Allamyradow
«Bulak başynda» – 1977 ý., sözleri: Ata Atajanow
«Dogduk depäm» – 1977 ý., sözleri: Hudaýguly Allamyradow
«Şirmaýy darak» – 1978 ý., sözleri: Mollanepes
«Bäri gel» – 1991 ý., sözleri: Mollanepes
«Nowruz geldi ilime» – 1991 ý., sözleri: Magtymguly Pyragy («Jahan peýda»)
«Bitarap bir döwlet boldy eziz Türkmenistan» – 1995 ý., sözleri: Atamyrat Atabaýew

Täzeden işlenen aýdymlary:

«Tüni derýa» – sözleri: «Şasenem-Garyp» dessanyndan
«Könegüzer» halk aýdymy – sözleri: Nurmuhammet Andalyp
«Jigi-jigi» halk aýdymy – sözleri: Seýitnazar Seýdi
«Gelinler» halk aýdymy – sözleri: Mämmetweli Kemine
«Gyzlar geleýdi» – sözleri: «Görogly» eposyndan
«Oýan ha patyşanyň gyzy» – sözleri: «Görogly» eposyndan
«Tä men gelinçäm» – sözleri: «Görogly» eposyndan
«Zülpüň seniň» – sözleri: «Görogly» eposyndan