logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BAGŞY DESSAN AÝDANDA

Medeni miras

27.03.2026

«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň çäginde, 27-nji martda günüň birinji ýarymynda festiwala gatnaşyjylar Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat etdiler. Daşoguz şäherindäki Bagşylar muzeýine aýlandylar. Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert geçirildi. Konserte ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen dessançy bagşylar, alymlar, şeýle hem, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda welaýatlardan gatnaşýan dessançy bagşylar gymmatly mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolan türkmen dessanlaryndan uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bu konsert ýurdumyzda dessançylyk sungatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Konsert ýurdumyzyň birleşen dessançy bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde «Bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym bilen jemlendi. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI

Medeni miras

27.03.2026

2026-njy ýylyň 25-26-njy martynda Moskwa şäherindäki Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan “Margiana siwilizasiýalaryň çatrygynda: Merkezi Aziýa, Kawkaz we Ýakyn Gündogaryň gadymy we häzirki zaman medeniýetara gatnaşyklary” atly Halkara ylmy maslahaty geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa institutynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda geçirilen, bu Halkara ylmy maslahatyna Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Italiýa we Fransiýa Respublikasynyň belli alymlary, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň wekilleri hem-de Moskwa şäherinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Ylymlar akademiýasynyň foýesinde, Türkmenistanyň baý taryhy we medeni gymmatlyklaryny, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän fotosuratlaryň sergisi gurnaldy.

No image
«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň açylyş dabarasy

Medeni miras

26.03.2026

Şahandaz, dilewar, märekesöýer halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda halk döredijilik eserleriniň umman ýaly hazynasy döredilipdir. Şol hazynanyň gymmatly bölegini epiki mirasymyz eýeleýär. Eposdyr dessanlar epiki mirasymyzyň ajaýyp nusgalarydyr. Olar agramlylygy, çeperligi, jadylaýjy täsiri bilen tapawutlanýar. Dessanlar heňňamlar içre halkymyza ruhy lezzet berip geldi. Dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde tutumly toýlarda, dabaralarda aýdylyp gelen dessanlaryň we şadessanlaryň halkyň ruhuny götermekde, olarda geljege bolan umytly garaýyşlary döretmekde ähmiýetli orny eýeläp gelendigi ählimize mälimdir. Çünki aýdym-saz ynsanyň ruhuny täzeleýän hem-de halkyň taryhyny şöhlelendirýän sungatdyr. Olarda halkyň geçmişi, şatlygy, göwün gussasy, durmuşynyň aýry-aýry pursatlary öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly «Görogly dessançylyk sungaty» 2015-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen ilkinji milli hödürnama hökmünde, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi hem-de umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Dessançylyk – türkmen milli aýdym we saz sungatynyň aýratyn bir ugry. Halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan bu sungat bagşydan sesiniň, ýatkeşliginiň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokary derejesini talap edýän we köpasyrlyk taryha eýe bolan sungatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň ömürlik hemrasyna öwrülen bu ajaýyp sungatymyzy dünýä ýaýmakda, özboluşly ussatlygy bilen tanalýan dessançy bagşylarymyzyň döredijiligini we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen ösdürmekde ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän, ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwal öz işine başlady. 26-njy martda ir säher bilen demir ýol menzilinde festiwala gatnaşyjylar duz-çörekli garşylandy. Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň öňündäki meýdançada medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy hem-de milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy. Bu teatrda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Festiwalyň açylyş dabarasyna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dessançy bagşylar we ussat sazandalar, şeýle hem alymlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynyň çäklerinde, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň foýesinde türkmen milli aýdym-saz senetçiligine hem-de milli gymmatlyklarymyza bagyşlanan sergi guraldy. Dessançylyk sungaty, bu sungatyň özboluşly aýratynlygy, ýerine ýetirijilik däpleri, halypa-şägirtlik gatnaşyklary barada gyzykly çykyşlar edildi. Açylyş dabarasynda Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ähli welaýatlarymyzdan gatnaşýan dessançy bagşylarymyzyň ýerine ýetirmeginde «Görogly» eposyndan şahalar hem-de beýleki türkmen dessanlary belentden ýaňlandy. Günüň ikinji ýarymynda Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata sungaty öwreniji alymlar, mugallymlar we ussat bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Maslahatda dessançylyk sungatynyň umumadamzat ähmiýeti, ösüş taryhy, dessançylyk ýolunyň ussat halypalary, bu gadymy sungatyň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary hakynda täsirli çykyşlar, dessançy bagşylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren dessanlary bilen utgaşdy. Şeýle hem, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly sahna oýny festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdan medeniýetiniň we sungatynyň düýpli öwrenilmegi hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
HALK MIRASY - HALKYŇ RUHY HAZYNASY

Medeni miras

13.03.2026

Ýurdumyzyň Lebap welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň dowamynda has-da baýlaşyp, kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy we medeni mirasyny öwrenmek, olar baradaky gymmatly maglumatlary halk arasyndan toplamak, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan welaýatlara ylmy-etnografik ekspedisiýalary guramaklyk meýilleşdirildi we medeniýet işgärlerinden, alymlardan, žurnalistlerden hem-de talyplardan ybarat bolan ýörite ylmy-döredijilik topary döredildi. 2026-njy ýylyň 10-12-nji marty aralygynda bu topar Lebap welaýaty boýunça öz işine başlady. Toparyň agzalary Lebap welaýatynyň etraplarynda, obadyr şäherlerinde bolup, türkmen halkynyň haly-palas senetçiligi, amaly-haşam we keşdeçilik sungaty, folklor-tans sungaty, dutar we tüýdük ussaçylygy, milli tagamlary taýýarlamagyň tejribesi, maşgala we toý däpleri, milli lybaslary taýýarlamagyň milli tejribesi, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli tejribesi, toý aýdymlary, halk döredijiliginiň hüwdüler ýaly görnüşleri barada gyzykly maglumatlary topladylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/maddy-dal-g%C3%B6k-fon.jpg) Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasy hem-de beýleki etnografik gymmatlyklary halkyň baý mirasynyň ajaýyp nusgalarydyr. Ekspedisiýanyň dowamynda halk mirasynyň dürdäneleri barada gymmatly maglumatlary köp bilýän dilewar, ýatkeş ene-mamalarymyz, ýaşulularymyz bilen söhbetdeş bolundy. Olar bilen gürrüňdeş bolmak geçmişe gaýybana syýahat etmekdir. Halk mirasy halkyň hakydasynda ýaşaýan gymmatlyklardyr. Olary toplamak, öwrenmek we nesillere ýetirmek mukaddes borjumyzdyr. OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ BEREKETLI SAÇAGY

Medeni miras

12.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy däl medeni mirasyň görnükli nusgalarynyň öwrenilmegi we goralmagy, aýawly ýagdaýda geljekki nesillere ýetirilmegi babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde halkara we döwlet derejesinde möhüm işler alnyp barylýar. Nowruz baýramy ýurdumyzda giňden dabaraly bellenilýar. Bu baýramçylyk Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen ilkinji hödürnamalarynyň biridir. 2016-njy ýylda biziň ýurdumyz bilen bilelikde Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegine, Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan we Türkiýe döwletleri hem gatnaşdylar. Golaýda Nowruz baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynda “Nowruzyň baýramçylyk saçagy we dograma milli tagamy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Milli bahar baýramyna bagyşlanan döredijilik duşuşygyna Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

No image
«DESSANÇYLYK SUNGATYNYŇ NAÝBAŞY NUSGALARY» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi

Medeni miras

06.02.2026

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan dessançylyk sungaty milli aýdym-saz sungatynyň özboluşly ugry bolup, bu sungat halypadan şägirde geçip, kämillik derejesine ýetdi we biziň günlerimize gelip ýetdi. Alym Arkadagymyz özüniň «Ile döwlet geler bolsa... » atly kitabynda: «Dessançylyk - bu düýp manysy boýunça ýekelikde ýerine ýetirilýän sahna eseridir» diýip jaýdar belleýär. Çünki, dessançy bagşy, hem aýdymçy, hem sazanda, hem-de artist hökmünde çykyş edýär. Dessançynyň bagşyçylyk ussatlygy aýdymynda, sazandarlyk ussatlygy sazynda, dilewarlyk ussatlygy dessanlaryň kyssa böleklerini ýerine ýetirmeginde ýüze çykýar. Sazyň, sesiň hem-de sözüň güýji bilen diňleýjileriň ünsüni çekip, olary özüne tabyn etmek, täsir etmek ýaly başarnygy özünde jemleýän dessançy bagşylaryň repertuary möçber taýdan uludygy bilen tapawutlanýar. Ses, ýatkeşlik hem-de ýerine ýetirijilik ussatlygy ýokary derejä eýe bolan bagşylarymyz bu ajaýyp sungaty kämillik derejesine ýetirdiler. Häzirki döwürde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan, özboluşly ýerine ýetirijilik we döredijilik ýollary bilen tapawutlanýan bagşylaryň döredijiligini we olaryň öz şägirtleri bilen bolan halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döwrebap derejede ösdürmek, bu gadymy sungatyň welaýat aýratynlygyny çuňňur öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Daşoguz welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Dilewar oba Medeniýet öýünde türkmen milli dessançylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik däplerine bagyşlanan «Dessançylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna medeniýet, sungat işgärleri we bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler dessançylyk sungatynyň ussat halypalary, olaryň halypa-şägirtlik ýoly, dessanlaryň ýerine ýetiriliş däpleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Duşuşykda halypa bagşy Aşyrbaý Hydyrow tarapyndan «Saýatly-Hemra» dessanyndan, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Sabyr Sabyrow tarapyndan «Görogly» şadessanyndan, bagşy Wepa Nurmuhammedow tarapyndan «Görogly» şadessanyndan, bagşy Soltanbagt Rejepowa we Daşoguzyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi Laçyn Mätgeldiýewa tarapyndan «Görogly» şadessanyndan parçalar ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Medeniýet öýüniň sahnasyny Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň sergisi bezedi. Halkymyzyň arasynda «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen ajaýyp pähim bar. Goý, döwletliligiň nyşany hasaplanýan bagşylarymyzyň dilinde dessançylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary türkmeniň nä derejede ynsanperwerligini, parahat durmuşyň we adalatyň tarapdarydygyny, dünýä meşhur gymmatlyklaryň eýesidigini äşgär edip, älem içre ýaňlanyp dursun. Goý, türkmeniň ömürlik hemrasyna öwrülen milli aýdym we saz sungatymyzy dünýä derejesinde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, öňdengörüjilikli we döredijilikli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin. ________________________________ Ogultäç Hojanazarowa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
«TÜRKMENISTAN–UNESCO: PARAHATÇYLYGYŇ BÄHBIDINE MEDENI HYZMATDAŞLYK» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Medeni miras

03.12.2025

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň we UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet Medeniýet institutynda “Türkmenistan – UNESCO: parahatçylygyň bähbidine medeni hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu maslahata alymlar, sungaty öwrenijiler, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk, bu ugurda ýetilen sepgitler, geljekde garaşylýan netijeler barada gyzykly çykyşlar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy UNESCO-nyň arasynda medeni hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça giň gerimde ösdürilýär. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň täze tapgyry bolan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň baý mirasyny bütin dünýäde ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri açýan ajaýyp döwür boldy. Muňa Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ählitaraplaýyn ösdürilmegi hem aýdyň mysallaryň biridir. Häzirki wagtda sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky hoşniýetli halkara-medeni hyzmatdaşlyklar netijeli häsiýetde kämilleşdirilýär. Hut şol hyzmatdaşlyklaryň çäginde «Görogly dessançylyk sungaty» 2015-nji ýylda, «Nowruz baýramçylygy» 2016-njy ýylda, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» 2017-nji ýylda, «Türkmenistanda haly dokamagyň milli sungaty» 2019-njy ýylda, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» 2021-nji ýylda, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalar 2022-nji ýylda, «Türkmen ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» 2023-nji ýylda UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna, Gadymy Merw, Köneürgenç we Parfiýanyň Nusaý galalary bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi we umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi. Munuň özi dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda, kämilleşmeginde türkmen halkynyň täsiriniň hem goşandynyň uludygyny doly tassyklaýar. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistan döwletimiz bilen UNESCO-nyň arasyndaky hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere göterilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent maksatlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. ____________________ Maddy däl medeni miras müdirligi

No image
«ÝEREWAN: MEDENI ÇATRYK» ATLY HALKARA MASLAHATY

Halkara gatnaşyklary

28.11.2025

27-nji noýabrda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde ÝUNESKO-nyň «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Ýerewan: medeni çatryk» atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu foruma ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň wekilleri bilen birlikde, ondan gowrak ýurduň wekiliýetleri ýygnandy. Bu çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri hem gatnaşýar. Matenadaran şäherindäki Maştots adyndaky gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynda halkara konferensiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaradan soň, 2005-nji ýyldaky Konwensiýany durmuşa geçirmegiň netijelerine we mümkinçiliklerine bagyşlanan umumy mejlis öz işine başlady. Mejlisiň maksatnamasy sanly döwürde döredijilik pudaklarynyň ösüşi we medeni beýanyň aýratynlyklary baradaky pikir alyşmalary öz içine aldy. Ermenistan Respublikasyna saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Matenadaran muzeýine baryp, gadymy golýazmalaryň özboluşly toplumy bilen tanyşdy. _____________________ Maddy däl medeni miras müdirligi

No image
TÜRKMEN SAZ SUNGATYNYŇ TARYHYNDAN

Medeni miras

19.11.2025

W.A.USPENSKINIŇ TÜRKMENISTANDA GEÇIREN EKSPEDISIÝALARYNYŇ 100 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda Türkmen milli konserwatoriýasynda W.A.Uspenskiniň Türkmenistanda geçiren ekspedisiýalarynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen saz sungatynyň taryhyndan» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga sungaty öwreniji alymlar, sazşynaslar, Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler W. Uspenskiniň Türkmenistana bolan ylmy sapary, saparyň dowamynda geçiren aýdym-saz ýazgylary, alymyň türkmen halkyna we aýdym-saz sungatyna bolan hormat-sarpasyny beýan edýän ajaýyp ýatlamalary, «Türkmen sazy» kitabynyň sungaty öwreniş ylmyndaky ähmiýeti barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Okanyňda ajaýyp duýgulary oýarýan agramly we ähmiýetli kitabyň awtorlary, türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyna siňen, kompozitor W. Uspenskä we alym W.Belýaýewe çuňňur hormatlaryny beýan etdiler. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bu döredijilik duşuşygyna taýsyz lezzet gatdy. Aýdym we saz mirasymyz halkyň geçmiş durmuşy, dil baýlygy, däpdir dessury, milli aýratynlyklary bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly hazynamyzdyr. Bu sungat özüniň döredijilik ýoly bilen asyrlaryň dowamynda kämilleşen, taplaşan we halypadan şägirde geçip gelen milli gymmatlygmyzdyr. Halk aýdym-sazlary halkyň ömürlik hemrasyna öwrülip, toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup geldi. Türkmen toýy bagşysyz geçmeýär. Geçmişde-de, häzirki günlerde-de bagşy türkmen toýunyň iň arzyly myhmany. Çünki, türkmen aýdymdyr sazyň hakyky aşygy. Aýtmaklaryna görä, ussat sazandalaryň, ady belli bagşylaryň toýa gelmegi toýy sungat baýramçylygyna öwrüpdir. Toý günleri bagşy-sazandalar telim günläp halka hezil beripdirler. Göwünleriň posy açylypdyr, gulaklar hoş owazdan ganypdyr. Bagşyly toýuň märekesi hem ýetik bolupdyr. Bagşylar ilhalar aýdymlary ýerine ýetirmekde bäsleşipdirler. Bada-bat saz döretmegiň hem hötdesinden gelýän ussatlar il-halky özüne bendi etmegi başarypdyrlar. Şorta sözler, degişmeler bagşyly toýlaryň şowhunyny has hem artdyrypdyr. Beýle toýlar hakydada durmuşyň gyzykly pursatlary bolup ýatda galypdyr. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan aýdym we saz sungatynyň öwreniliş taryhyna nazar aýlanyňda, onda bu ugurda ençeme alymlar, sazşynaslar we sungaty öwrenijiler tarapyndan abyrsyz zähmetiň çekilendigine göz ýetirmek bolýar. Olaryň arasynda folklorçy alym we kompozitor W. Uspenskiý we gündogar sazy boýunça halypa alym W.Belýaýew aýratyn ýatlanylmaga, sarpalanmaga we hormatlanylmaga mynasypdyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/fonat.jpg) Mälim bolşy ýaly belli sazşynas W.Uspenskiý 1925-29-njy ýyllarda Türkmenistana saz-etnografik ekspedisiýasyny gurnaýar. W.Uspenskiniň Türkmenistana geçiren bu iş sapary we onuň taryhy-medeni ähmiýetli barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Alym 1925-1929-njy ýyllarda Türkmenistan boýunça üç gezek saz-etnografik ekspedisiýasyny gurnady, şonuň netijesinde-de W.M.Belýaýew bilen bilelikde ýazylan «Türkmen sazy” atly düýpli ylmy iş peýda boldy. W.A.Uspenskiý tarapyndan gurnalan saz-etnografik ekspedisiýalaryň netijeleri örän ýokary bolup, ol alymlara Türkmenistanyň ähli sebitlerinde halk sazynyň dürli ugurlarynyň ýaýraýşyny we bagşylaryň umumy ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmäge mümkinçilik berdi. Türkmen halk saz döredijiligini öwrenmek we wagyz etmek işinde bitiren hyzmatlary üçin 1929-njy ýylda sazşynasa «Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at berildi». Ýeňil bolmadyk şertlerde gurnalan bu iş saparynyň dowamynda W. Uspenskiý türkmen bagşy-sazandalarynyň ençemesi bilen tanyşýar, duşuşýar we olardan birnäçe aýdym-sazlary ýazga geçirýär. Şonuň netijesinde «Türkmen sazy» atly kitap neşire taýýarlanylýar. «Türkmen sazy» kitabynyň ýazylanyna ençeme wagt geçen hem bolsa, ol öz gymmatyny hemişe saklap gelýär. Iki tomdan ybarat bolan «Türkmen sazy» kitaby türkmen aýdym-saz sungaty, görnükli bagşy-sazandalar baradaky örän gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Sungaty öwreniş ylmynda bu kitap ilkinji, giňişleýin we düýpli iş hasaplanylýar. Kitaby türkmen diline terjime eden, kompozitor, sungaty öwreniji alym Suhan Tüýliýewiň jaýdar belleýşi ýaly: «Türkmen sazy» kitaby folklorçy alym we kompozitor, W.Uspenskiniň 1925-30-njy ýyllarda Türkmenistana amala aşyran ylmy saparlarynyň üçüsiniň dowamynda obadyr şäherlere aýlanyp, gören – eşden zatlary boýunça ýazga geçiren taryhy maglumatlary we W. Belýaýewiň şol ýazgylar easynda geçiren ylmy derňewi netijesinde döräpdir”. Alymyň aýdyşy ýaly, kitaby okan her bir adam bu beýik ynsanlaryň türkmen sazyna we halkyna bolan çäksiz hormatyny, söýgüsini hem-de kyn şertlerde janaýaman çeken zähmetini görüp biler.Türkmen bagşyçylyk sungatyndaky halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny, şol döwrüň bagşy-sazandalarynyň saz mirasyny, ýerine ýetirijilik ussatlygyny, aýdym-saz sungatynyň özenini düzýän dessanlar we şahyrlaryň sözlerine düzülen eserler barada halypalardan ýazylyp alnan maglumatlary hem-de türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyny öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde – «Türkmen sazy” kitaby örän uly taryhy ähmiýete eýedir. Kitapda türkmen halkyna we onuň çuň mazmunly aýdym-sazlaryna bolan çäksiz söýgi öz beýanyny tapýar. W. Uspenskiý Türkmenistana bolan ylmy saparyny 1925-nji ýylyň awgust aýynda Maryda başlaýar. Ol şol ýerde sentýabryň aýaklaryna çenli bolýar we özüniň ähli sergezdançylyklaryna ýaran bolan örän myhmansöýer we ýokary adamkärçilikli, şonuň bilen birlikde hem juda kiçigöwünli, jemgyýetçilik we guramaçylyk ukybyna eýe bolan Muhammetmyrat Nepesliýewiň öýünde myhmançylykda bolýar. Alym bu ýerde halk arasynda belli bolan bagşy-sazandalardan birnäçe aýdym-sazlary ýazyp alýar. Muhammetmyrat Nepesliýew şol wagtlar 35 ýasyndaky ýigit eken. Onuň özi hem dutar çalyp bilýän sazanda we bagşy bolupdyr, üstesine tüýdük çalmagy hem başarýan eken. Ol türkmen aýdym-sazyny jan-dilden söýýän we onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýetine düşünýän adam bolupdyr. Şonuň üçin hem ol Uspenskiý bilen bilelikde kyn şertlerde türkmen bagşy-sazandalaryndan aýdym-sazlary ýazyp almak işine ýakyndan kömek edipdir. Ol guramaçy adam bolansoň bagşy-sazandalary bir ýere jemlemäge hem ökde bolupdyr. Uspenskiý «Türkmen sazy“ atly bu ajaýyp kitapda M.Nepesliýew barada söz açyp: «Türkmenistan boýunça söken menzillerimiň ähli kynçylyklaryny özüm bilen deň çikeşendigi üçin, türkmen halk saz döredijiligini ýygnamaga, gatnaşan ilkinji türkmen hökmünde türkmen halkynyň aňynda ol hormatly orny eýelemäge mynasypdyr” diýip baha berýär. Alymyň gadymy Marydan başlanan ylmy sapary ýurduň ähli welaýatlaryny öz içine almak bilen kynçylykly, ýöne üstünlikli tamamlanypdyr. Türkmenistana geçiren ikinji ylmy sapary barada alym kitabyň ikinji tomunda şeýle ýatlaýar: « ... 1928-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aşgabada dolanyp geldim. Şunlukda, meniň Türkmenistandaky ikinji saparym hem tamamlandy”. W.Uspenskiý «Türkmen sazy» kitabynyň ikinji tomunda: «...tötänleýin myhmanlaryna töründen ýer, ýyly mähir we duz-çörek beren asylly hem myhmansöýer türkmenleri hemişe çuňňur minnetdarlyk duýgusy bilen ýatlaryn» diýip, türkmen halkyna bolan ýürekden çykýan hormatyny beýan edýär. W. Belýaýew bolsa: «Şu işiň esasynda miladynyň IХ- ХI asyryna degişli Orta Aziýa medeniýetiniň böleginiň görnüşi hökmünde biziň günlerimize gelip ýeten türkmen sazynyň aňrybaş taryhy gymmaty baradaky pikir goýuldy» diýmek bilen kitabyň ylmy gymmatyny tekrarlaýar. Bu sözler kalby kir-kimirsiz, dostana ýürekli, türkmen aýdym-saz sungatyny öwrenmekde we onuň iň ajaýyp nusgalaryny nesillere ýadygär galdyrmakda abyrsyz zähmet çeken bu ynsanperwer ynsanlaryň sungata, sahawatyň eýesi, myhmansöýer halkymyza bolan çäksiz hormatyny açyp görkezýär. Taryhy we tarypy soňsuz bolan türkmen aýdym-sazlary barada gymmatly maglumatlary ýygnap, türkmeniň miras baýlygyna taýsyz goşant goşan folklorçy alym, kompozitor W.Uspenskiniň we alym W. Belýaýewiň özleri hem ilkinji nobatda uly hormata mynasyp adamlardyr. Goý, dünýä nusga bolup gelen gymmatlyklarymyzyň sarpasyny belende göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar, asuda, abadan ýurdumyzyň geljegi mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin. Türkmeniň çuň many-mazmuna ýugrulan aýdym we sazlary – dost-doganlygyň, parahat we abadan ýaşaýşyň ajaýyp mukamy bolup dünýä ýüzüne ýaň salsyn. ____________________ Ogultäç Hojanazarowa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
«MADDY DÄL MEDENI MIRASY ÖWRENMEGIŇ MILLI TEJRIBESI» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Medeni miras

23.10.2025

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň emele gelmeginiň täze tapgyry bolan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata-babalarymyzyň baý mirasyny bütin dünýäde ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri açýan ajaýyp döwürdir. Muňa Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ählitaraplaýyn ösdürilmegi hem aýdyň mysallaryň biridir. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda BMG-niň möhüm gurluş bölümlerinden biri bolan Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (UNESCO) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 2003-nji ýylda ÝUNESKO «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýany kabul etdi. 2011-nji ýylda bolsa Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde okuw seminarlary, maslahatlar we dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. 2023-nji ýyldan bäri her ýylyň 17-nji oktýabrynda halklaryň nesilden–nesle geçip gelen baý mirasyna, däp-dessurlaryna, maddy däl medeni gymmatlyklary baradaky bilimlerine we başarnyklaryna bagyşlanan Halkara maddy däl medeni miras güni ÝUNESKO tarapyndan hem-de Konwensiýa girýän döwletler tarapyndan giňden bellenilip geçilýär. ÝUNESKO tarapyndan bellenilýän Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda «Maddy däl medeni mirasy öwrenmegiň milli tejribesi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynyň çäginde türkmen milli gymmatlyklarynyň - halyçylyk, zergärçilik we keramika sungatynyň naýbaşy nusgalarynyň sergisi guraldy. Sergide zergärçilik önümlerini ýasamagyň usullary, keramika sungatynyň kämil önümlerini taýýarlamagyň tärleri, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimleri hakynda giňişleýin düşünje berýän ussatlyk sapaklary görkezildi. Goý, Türkmenistan döwletimiz bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere göterilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatly işleri hemişe üstünliklere beslensin. _____________________ Ogultäç HOJANAZAROWA, Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary