logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BARLAGHANA USULLARY WE ÝERINDÄKI SELJERMELER

Halkara gatnaşyklary

10.02.2026

Häzirki wagtda maksatnama laýyklykda gozgalýan we gozgalmaýan medeni mirasy goramak we dikeltmek, öňüni alyş işlerini, materiallaryň seljermesi, sanly resminama we barlaghana esasly gözlegler boýunça Türki döwletleriň arasynda ylmy tejribe alşylýar. 10-njy fewralda – Ankara şäherinde geçirilýän maslahatda «Barlaghana usullary we ýerindäki seljermeler» barada içgin tanyşlyk bilen dowam etdirildi. Şeýlelik-de dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalaryna, muzeýleriň gorap saklaýyş bölümlerine we miras ýerlerine meýdan saparlary, türkiýeli hünärmenler bilen duşuşyklar we Türki dünýäsiniň dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalarynyň torunyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek we umumy ylmy we amaly ülňelerini döretmek üçin niýetlenen tehniki seminarlar geçirildi. Olaryň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy.

No image
ANATOLIÝA MEDENIÝETLERI MUZEÝINDE MASLAHAT

Halkara gatnaşyklary

10.02.2026

«Türki dünýäsiniň dikeldiş we ulgamlaýyn barlaghanalarynyň toruny (TWRCLN)» döretmegiň çäklerinde, Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy we Türkiýäniň beýleki degişli edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2026-njy ýylyň 9-13-nji fewraly aralygynda Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» öz işine başlady. 9-njy fewralda–Ankara şäherinde Arheometriýa we muzeýşynaslyk ugry boýunça maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow gatnaşdy. Maslahatyň barşynda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen bagly işlenen taslamalaryň çäklerinde medeni gymmatlyklary rejelemek, olary dikeltmek, şeýle hem şol gymmatlyklaryň sanly tehnologiýalar arkaly nusgalaryny taýýarlamak barada çykyşlarda beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20.jpg)

No image
TÜRKMEN BEDEWI–BEDEW BATLY ÜSTÜNLIKLERIŇ NYŞANY

Muzeýler

09.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli gymmatlyklary täzeçe many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: ”Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr”. Bu jümleler türkmen bedewiniň halkymyzyň ykbalyndaky ornuny doly açyp görkezýär. Şoňa görä-de, “At–myrat” diýen ýörelgäni döreden halkymyz özüniň iň nurana arzuwlaryny we beýik maksatlaryny hemişe ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler türkmen halkynyň ýaşaýyş ýörelgesiniň, medeniýetiniň we ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgeleri we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galyp, bütin dünýäde dabaralanýar Behişdi bedewlerimiziň at-owazasy halkymyzyň çüwen bagtynyň nyşany,toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, äleme ýaň salýar. Bu günki gün ahalteke bedewlerimiziň gözelligi, ajaýyp başarnyklary dünýä derejesinde hem ykrar edilýär. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly-at myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyna abraý goşýan ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli halkymyzy guwandyrdy.Bu abraýly baýraklar Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara Sirk sungaty festiwalyň çäklerinde gowşuryldy.Ýaňy ýakynda bolsa taryhy ýylymyzyň 4-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary hem-de nepislik bilen ýasalan at eýelerini gowşurmagy bu toparyň agzalaryny hem-de ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny begendirdi. Mahlasy. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly-myradyň mekany” ýyly- türkmen milli atçylyk sungatynyň halkara abraýynyň dolmagy bolup, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna özboluşly toý buşlugy bolup hemmeleriň göwün guşuny al asmana göterdi. Şu taryhy göwün joşduryjy wakalar mynasybetli hem-de ýurdumyzda ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpa, watanymyzyň bedew batly ösüşleri dogrusynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de muzeýiň bilelikde gurnamagynda ,,Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.Baý many-mazmunly çykyşlary özünde jemlän söhbetdeşlik çäresinde täsirli söhbetler edildi. Olaryň her biri watanymyzy bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan, behişdi bedewlerimize çäksiz sarpa goýýan eşretli zamanada ýaşamaga, milli gymmatlyklarymyzy halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny, çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler. ____________________________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
MILLI MIRASYMYZYŇ SARPALANÝAN MEKANY

Muzeýler

09.02.2026

Bäş müň ýyllyk taryhy özünde jemleýän milli mirasymyz diňe bir halk senetçiliginiň gymmatly ýadygärligi, milletiň maddy hazynasy, ruhy täji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkymyzyň taryhyny öwrenmekde-de egsilmez çeşmedir. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda mynasyp orun tapýar. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan--bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda geçirilýän çäreler, milli gymmatlyklarymyz ýaýbaňlandyrylyp giňişleýin gurnalýan sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary müň dürli öwüşgünleri özünde jemleýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly gurnalýan söhbetdeşlikler, dabaraly çäreleriň üstüni ýetirýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/963.jpg) Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeýiň gaznasynda saklanylýan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen milli mirasymyzy şöhlelendirýän ,,Milli egin-eşigim, görküm, geleşigim” atly wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Giňişleýin sergide milli mirasymyzyň köpöwüşgünli millilikleri, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi beýan edýän milli gymmatlyklarymyz görkezildi. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy, mähir hem-de yhlas siňdirilip bejerlen tahýalarymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp reňkleri siňen keşdelerimizi we keçelerimizi içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň hem-de milli gymmatlyklarymyzyň, sarpalanýan mekanynda mirasymyza goýulýan sarpanyň juda uludygyna guwanýarsyň. Munuň özi Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde baý ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere miras galdyrmak üçin döredilýän uly mümkinçilikleriniň we şertleriň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen, milli gymmatlyklarymyzy, baý medeni mirasymyzy halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! _______________________ Gülnur Pygamowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri

No image
MUZEÝIMIZE TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Muzeýler

05.02.2026

Türkmen Döwlet Binagärlik Institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gökdepe” milli muzeýiň sergi bölümlerine düşündirişli gezelenç geçirildi. Düşündirişli gezelenji muzeýiň esasy hünärmeni Nurnabat Gurbanmämmedowa alyp bardy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny üns bilen diňläp, her bir esbaplary synlap bu gün asuda, erkana döwletde okap bilim almaklarynyň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýdyň göz ýetirdiler. Bu günki gezelenjiň esasy maksady hem 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda muzeýe syýahat etmek bilen talyp ýaşlary watansöýüjilik, gahrymançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Bitaraplyk syýasatymyzyň türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagynda tutýan belent ornunyň waspyny dabaralandyrmak bolup durýar. Gezelenjiň dowamynda muzeýiň “Bagtyýarlyk” otagynda muzeýiň bölüm müdiri Tawus Amanmyradowanyň alyp barmagynda talyplaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda talyplaryň muzeýe syýahat edip düşündirişli gezelenjiň netijesinde muzeýiň taryhy, milli gymmatlyklarymyz barada sorag-jogaply söhbetdeşlik esasynda pikir alşyldy. Bu bolsa talyplaryň diňlän taryhy maglumatlaryny has çuňňur özleşdirip dünýägaraýyşlarynyň giňemegine uly täsir eder. Şol sebäpli çäräniň dowamynda “Ýaşlyk” teleýaýlymyna birnäçe talyplar tarapyndan interwýular bilen ýazgy edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, muzeýler ulgamyna uly üns berýär. Munuň üçin Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyzyň çägi ýok. Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il – ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.

No image
ARKADAGYŇ YLHAMY, KALBYŇ MELHEMI

Muzeýler

30.01.2026

Ata-babalarymyzda “At-myrat” diýen çuň manyly aýtgy bar. Bu jümlede behişdi bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny we sarpasy öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerini çäksiz üns-alada bilen gurşap, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, halkyň arasynda söýlüp okalýan “Gadamy batly bedew” atly kitaby barada Miras teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berilýän “Arkadagyň ylhamy, kalbyň melhemi” atly gepleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde geçirildi. Gepleşigi “Miras” teleýaýlymynyň alyp baryjysy Annasoltan Nonnakowanyň alyp barmagynda, gepleşikde “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory Amangül Nurmyradowa we muzeý hünärmeni Jeren Altyýewa çykyş etdiler. Gepleşigiň dowamynda batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiz barada şeýle-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan gowşurylan halkara şahadatnamasy barada we türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmekdäki we ösdürmekdäki Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri barada gürrüňler edilip, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sözlerini, alkyşlaryny aýtdylar.

No image
MUZEÝLER-DÖWÜRLERIŇ NURANA KEŞBI

Muzeýler

29.01.2026

Ata-babalarymyzyň ruhy siňen, mirasy gymmatlyklaryň jemlenen ýeri bolan muzeýler şu günki günde özüniň taryhy ösüş günlerini şöhlelendirýär. Halkymyzyň maddy we ruhy medeniýetiniň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döredilen genji-hazynasyny geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ýurdumyzda muzeý işini döwrebap kämilleşdirmäge aýratyn uly üns berilýär. Muzeýlerde adamzat durmuşynyň taryhynda medeniýetiň we sungatyň ösmegi üçin halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyryjy,watançylyk duýgusyna ýugrulan medeni-köpçülik çäreleri yzygiderli geçirilip durulýär. Muzeýlerde her bir alnyp barylýan netijeli işler esasynda gurnalýan wagtlaýyn hem-de göçme sergileri, ylmy maglumatlar, geçirilýän her bir medeni çäreler hem-de ekspozisiýalaryň täzeçe gurnalyp durulmagy, şu günki günüň ösüşlerini açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini, medeni mirasy milli gymmatlyklary ýüze çykarmak we olary ylmy esasda öwrenmek geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek baradaky berýän tabşyryklary her bir muzeý hünärmenini has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.Muzeý gymmatlyklary halkyň taryhynyň sungatynyň hem-de däp-dessurynyň aýdyň beýany bolan maddy we ruhy mirasdyr. Muzeý gymmatlyklary bu halkyň ýaşaýyş ýolunyň, ruhy baýlygynyň hem-de döredijilik ukybynyň aýrylmaz bölegidir. Olar geçmişi öwrenmek, häzirki döwri seljermek we geljegi gurmak üçin ähmiýetli çeşme bolup durýar. Häzirki döwürde muzeýler ylmy merkezlere,medeni aň-bilim ojaklaryna öwrülýär. Şu nukdaýnazardan ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde, olarda şöhratly taryhymyza buýsanç hem-de söýgi döretmek, hem-de müň dürli öwüşgünli milli mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň gurnamagynda, guramanyň işjeň agzalarynyň hem-de Türkmenabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Muzeý hünärmenleriniň gürrüň bermeginde halkymyzyň köpasyrlyk taryhy, baý medeni mirasy, geçmiş taryhymyz hakyndaky söhbetler myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle-de olar welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän dürli ýyllarda geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar we taryhy maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Biz muzeý hünärmenlerine işlemäge, dşredijilikli zähmet çekmäge, milli mirasymyzy wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.Goý mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy uludan belleniljek ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni bedew batly ösüşlere beslensin! __________________________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

No image
«GÖKDEPE» MILLI MUZEÝINE SYÝAHAT

Muzeýler

27.01.2026

Hormatly Prezidentimiz muzeýler ulgamynyň ýaşlaryň dünýägaraýyşyny giňeltmekde esasy medeniýet ojagydygyny aýratyn belledi. Ýurdumyzyň her şäherlerinde, welaýatlarynda, etraplarynda täze muzeý dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalarynyň gurulmagy türkmen halkynyň taryhynyň geljege ýaň salýandygyny subut edýär. «Berkarar döwletiň – täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe sagdyn we ruhubelent nesliň kemala gelmegi üçin edilýän işler örän köp. Gahryman Arkadagymyz «Gadyrly ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür» - diýip, ýaşlara uly ynam baglaýar. Biziň «Gökdepe» milli muzeýimiz hem Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, 2009-njy ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkyna öz gapysyny giňden açdy. Muzeýiň binasy Gökdepe metjidi, sadaka berilýän jaýy bilen sazlaşyp mukaddes Gökdepe galanyň içinde ýerleşýär. Mukaddes toprakda salnan bu muzeý Gökdepe söweşiniň gahrymanlaryna bagyşlanýar. Bu gün «Gökdepe» milli muzeýinde Ahal welaýatynyň Gökdepe çagalar çeperçilik mekdebiniň we çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary gezelençde boldylar. Ýaş nesilleriň muzeýiň täsin gaznasyny, sergi bölümlerindäki ýüzlerçe esbaplaryny tolgunma bilen synlaýanlaryny göreniňde, Gahryman Arkadagymyzyň «Gökdepede dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze muzeýiň gurulmagy we bu ugurda edilýän beýleki tagallalar, biziň halk gahrymanlarymyza goýýan çäksiz hormatymyzdan, milletimiziň şöhratly taryhyny dikeltmäge gönükdirilen asylly işlerimizden aýdyň nyşandyr» diýen parasatly jümlesi seriňe dolýar. 2026-njy ýylda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu muzeýiň taryhy ähmiýetine has hem düýpli göz ýetirdik diýsek ýalňyş bolmaz, sebäbi hemişe asudalygy, parahatlygy maksat edinen eden merdana ata-babalarymyzyň arzuwynyň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanýan döwründe wysal tapanlygyna aýdyň göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem peder ýoluny dowam etdirýär. Şonuň üçin bu günki mekdep okuwçylarynyň bu muzeýe gezelençleri olaryň erkana, asuda döwletde okap bilim alýandyklaryna buýsançlarynyň çäksizdigine olaryň şadyýan ýüzlerinden duýmak bolýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek syýasatyny ynamly dowam etdirip, türkmen halkynyň taryhyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we wagyz etmek, onuň üsti bilen ýaş nesli terbiýelemek işinde janymyzy gaýgyrman işläris. Goý, halkymyzy asuda günleriň gujagynda bagtyýarlyga ýetiren Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleri rowaç bolsun!

No image
MERTLER WATANY BEÝGELDÝÄR

Muzeýler

23.01.2026

Her ýyl milli senenamamyzda mynasyp orun eýeleýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän çäreler «Garaşsyz ,baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurnalýan gyzykly hem-de täsirli gezelençler bilen utgaşýar. Şu gün merdana Watan goragçylarymyzyň güni mynasybetli «Watan dillerimiziň, baky senasy» atly Lebap welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda harby we hukuk goraýjy işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň 2111 harby gullugynyň esgerleriniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Olar muzeýde saklanylýan milli mirasymyzyň müň dürli öwüşgünlere baý bolan muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar, şeýlede olar ýurdumyzyň taryhy ýerleri baradaky gyzykly maglumatlary aldylar. Muzeýiň arheologiýa zalynda ýerleşýän gadymy galalar, ýadygärlikler baradaky maglumatlar myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Muzeýe gurnalan gezelenjiň dowamynda olar bedew batly ösüşler bilen eziz ata watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler. ________________________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

No image
«ÝYLLARYMYZYŇ ŞYGARY-ÝOLLARYMYZYŇ ÇYRAGY» ATLY BRINFING DUŞUŞYGY

Muzeýler

23.01.2026

Berkarar döwletiňiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz watanymyzda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere göterilýär. ,,At-myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň nurana arzuwlaryny beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyrlar. Gözelligiň, owadanlygyň, ýyndamlygyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi halkymyzyň täze taryhy eýýamynda okgunly ösüşleriň baş nyşanyna öwrülýär. Şeýle sahawatly ýyllaryň şahyrana şygarlar bilen atlandyrylmagy bolsa, halkymyz üçin asylly däplere, dünýä döwletleri üçin oňyn çözgütlere öwrülýär. Hut şu ýylymyzyň şygarynyň bedewlerimiz bilen baglanyşykly atlandyrylmagy, ýylymyzyň bedew batly ösüşlere beslenjekdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şan-şöhrat bolup gelen ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni uly ösüşlere, belent sepgitlere beslenýär. Şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap birleşmesiniň hem-de muzeýiň bilelikde gurnamagynda “Ýyllarymyzyň şygary-ýollarymyzyň çyragy” atly brinfing duşuşygy gurnaldy. Bu duşuşyk Saýat etrap bölüminiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, muzeý we bilim işgärleriň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler halkymyzyň arassa ganatly behişdi bedewlerimizi ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy we ruhy baýlygymyzdygy, taryhda tutýan orny we tapylan tapyndylaryň arasynda bedewleriň keşpleri barada, olary ,,Asman atlary“, ,,Behişdi bedewler”, ,,Uçar ganatymyz” ýaly atlar bilen atlandyrylýandygyny belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäni haýrana goýýan türkmen halkymyzyň göz guwanjy uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz sarpa goýulýar. Bu babatda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk Akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmegi, Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri, ,,Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň” türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan Ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abaýyny has-da şöhratlandyrýandygy barada gyzykly söhbetler edildi. Duşuşygyň barşynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhynda terbiýelemekde, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamak ugrynda zähmet çekmekde uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Goý ýurdumyzda alnyp barylýan özgerişleriň her biri bedew batly ösüşlere beslensin! ___________________________ Ogulgerek Agajanowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri