2025-nji ýylyň 10-13-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi
Teatr we kino dünýäsi
03.04.20252025-nji ýylyň 10-13-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi
Teatr we kino dünýäsi
03.04.20252025-nji ýylyň 10-13-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi
Teatr we kino dünýäsi
02.04.2025HALYPALARYŇ USSATLYK MEKDEBI Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi. Muzeýiň bölüm müdiri Söýün Sähetgylyjowyň alyp barmagynda ýazgy edilen bu gepleşik türkmen amaly-haşam sungatyna bagyşlandy. Il-günüň kalbyna deňelýän nepis we owadan halylary dogrusynda muzeýiň bölüm müdiri Aýgül Bekmiýewa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşdirilýän türkmen halysynyň nepisligi, gözelligi barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň gudratyndan döreýän haly önümleriniň hem halkymyzyň durmuşyny bezeýändigini belledi. Gobilen sungatynyň özboluşlylygy bilen muzeýiň baş gaznalary goraýjysy Mähri Atdaýewa tanyşdyrdy. 70-nji ýyllardan başlap türkmen nakgaşçylarynda uly gyzyklanma döreden gobilenleriň taryhyny gürrüň berdi. Häzirki türkmen suratçylarynyň tejribesinde giňden ulanylýan bu sungatyň kompozision gutardyş we owadan bezeg aýratynlyklaryny açyp berdi. Gobilen ussatlary hökmünde giňden tanalýan A.Hojagulyýewiň, W.Gyllyýewanyň, K.Baýlyýewiň döredijiligi bilen tanyşdyrdy.
Teatr we kino dünýäsi
02.04.2025HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY Biziň Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeniýet ulgamynda uly ösüşler hem öwüşginler bar. Bu ulgamyň hak howandary bolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ulgamda halypa-şägirtlik ýoluna örän uly üns berýär. Ine şeýle halypalar bolsa bizde sanardan kändir. Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniiň etnografiýa ekspozisiýasynyň bir bölüminde türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz goýan halypalar dogrusynda ýatlanylýar. Olaryň içinde Türkmenistanyň halk bagşysy Odeniýaz Nobatow hakynda, onuň geçen ömür ýoly giňişleýin gürrüň berilýär. Hawwa, bu ussat sazanda, halypa, professor, Türkmenistanyň halk bagşysy, özüniň «Uzuklar» sazy bilen ady il içinde rowaýata öwrülen şahsyýetdir. Bu halypa türkmeniň saz sungatynda öçmejek yz goýan halypa Nobat bagşynyň ýeke täk perzendidir. At-abraýlary il içinde buýsanç bilen tutulýan Ödenýaz Nobatow türkmen dutarynyň ussady bolup, ynsan kalbyny şirin, jadylaýjy türkmen dutarynyň owazy bilen heýjana salyp, kalp gözelligini döreden ussatdyr. Muny türkmen raýatlary bilen bir hatarda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem özüniň birnäçe kitaplarynda olaryň atlaryny uly höwes bilen belläp geçýär. Sebäbi biziň parahat, asuda, agzybir mukaddes Watanymyz bar. Şu ezizlikleriň aňyrsynda bolsa ösüşler, geljege bolan ynam hem uly badalgalar bar.
Teatr we kino dünýäsi
02.04.2025BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI «SAGDYNLYK RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞYDYR» ATLY SERGI Türkmen halky bu günki gün beýik Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň saýasynda asuda asmanyň, parahat zeminiň üstünde ýaşaýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň Watany hasaplanylýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler günsaýyn ýokary belentliklere we rowaçlyklara beslenýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda sagdyn durmuşy berkitmek üçin sportyň ähli görnüşlerini, saglygy goraýyş ulgamlaryny dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Sagdynlyk ruhubelentligiň gözbaşydyr» atly sergi guraldy. Tutuş süňňünden ruhubelentlik, sagdyn ýaşaýyş-durmuş eriş-argaç bolup geçýän bu sergini synlan her bir tomaşaçynyň ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesi, saglyk ýörişleri, sport ýaryşlary, ýaşlaryň sagdyn ruhy, ruhubelent, maksada okgunly, giň dünýägaraýyşlylygy barada giňişleýin düşünje almaga doly mümkinçiligi bolar. .
Teatr we kino dünýäsi
02.04.20252025-nji ýylyň 03-06-njy apreli aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI
Teatr we kino dünýäsi
01.04.2025SUNGAT OJAGYNDA TELEÝAZGY Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde teleýazgy geçirildi. Ýazgyny «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip şol teleýaýlymyň alyp baryjysy Ogulgerek Karajaýewa alyp bardy. Muzeýiň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň esasy hünärmeni Miwegül Resulberdiýewa türkmeniň şekillendiriş sungatynda öçmejek yz goýan Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi. Aýhan Hajyýewiň eserleri türkmen nakgaşçylyk sungatynyň gaznasyny düzýär. Türkmen şekillendiriş sungatynyň milli mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri bolmak bilen, ýaş sungat nesilleriniň kemala gelmegine uly goşandyny goşan ussatdyr. Ylmy barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa Heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döredijiliginde gazanan üstünlikleri dogrusynda gürrüň berdi. Saragt Babaýew granitden, agaçdan, bürünçden hem-de mermerden ýatda galyjy keşpleri dörediji monumental we stanok heýkeltaraşydyr. Ol dürli žanrlarda işleýär. Onuň portret žanrynda döreden işlerinde milli äheňler aýdyň duýulýar. Ýurduň çeperçilik durmuşyna girişip, täze güýç bilen diňe bir döwletiň çeperçilik mekdeplerinde däl, eýsem, ussahanalarynda hem özüni mugallymçylyk işine berýär. Saragt Babaýew häzirki döwürde ýurduň monumental haşam ýadygärlikleriniň döredilmegine gatnaşyp, gaýtalanmajak döredijilik şahsylygyny erkin ýüze çykarýan zehinli heýkeltaraşlaryň ýaş neslini terbiýeleýän ussatdyr.
Teatr we kino dünýäsi
25.03.20252025-nji ýylyň 26-30-njy marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI
Teatr we kino dünýäsi
20.03.2025Hormatly tomaşaçylar, Türkmenistanyň Döwlet sirki mart aýynyň 20-den 23-i aralygynda täze sirk tomaşalaryny Size hödürleýär.
Teatr we kino dünýäsi
18.03.20252025-nji ýylyň 19-23-nji marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI
Teatr we kino dünýäsi
12.03.20252025-nji ýylyň 12-16-njy marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI