logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BITARAPLYK BUÝSANJYM, MILLI MIRASYM

Kitaphanalar

28.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk buýsanjym, milli mirasym» ady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi, Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýandygyny bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARYZDEPE

Taryhy ýadygärlikler

28.05.2025

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde 2024-nji ýylda möwsümleýin işler alnyp baryldy. Gazuw-barlag işleriň dowamynda arheologlar Paryzdepe ýadygärliginden keramika böleklerini ýüze çykardylar. Bu keramika bölekleri arassalanylyp, alymlar tarapyndan öwrenilende eneolit döwrüne degişlidigini kesgitlediler. Keramikanyň ýüzünde goňur reňkli üçburç şekiller çekilip, bezelendigi aýdyňlaşdyryldy. Keramika bölekleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň rejeleýjileri A.Şaýymowa we K.Berdimämmedow tarapyndan rejelenýär. Keramikada rejeleýiş işleri doly tamamlanandan soňra Türkmenistanyň muzeýleriniň birine tabşyrmak meýilleşdirilýär.