logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ!

Kitaphanalar

09.07.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň ýaşulylar otagynda «Ýaşasyn parahat durmuş!» Mary welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çaga terbiýesinde kitabyň orny dogrysynda bellenilip geçildi. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmeklik dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykýan ajaýyp eserleriniň ähmiýeti dogrusynda nygtalyp geçildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleri ylymly bilimli hünär taýdan kämilleşen ýaşlar edip ýetişdirmeklik üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun ähli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATY

Kitaphanalar

09.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda, şeýlede Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin, belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp, asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda asudalygy, parahatçylygy, daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/02.jpg)

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARY

Täzelikler

09.07.2025

8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy. ...Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Balkan welaýatyna tarap ugrady. Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dünýä derejeli dynç alyş we şypahana toplumy emele geldi. Gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan bu syýahatçylyk zolagynda dynç alşa we şypahana ulgamyna degişli döwrebap düzümleriň toplumy halkymyza ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň ajaýyp kenarynda ýerleşýän “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde BMG-niň howandarlygynda geçiriljek halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz toplumyň binalarynda we onuň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda döredilen enjamlaryň ornaşdyrylmalydygyny, olarda bolsa halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigini belledi. Olarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar öz beýanyny tapmalydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirjek halkara forumda garaljak meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň oňa gatnaşýan döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç edip bilmekleri, oňaýly dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şunda myhmanlaryň metbugat maglumatlary bilen tanyşmaklary, özara söhbet etmekleri babatda hem degişli mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Bu künjegiň dünýä derejeli halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülmegi Awazanyň derejesini has-da belende göterýär. Bu ýerde BMG-niň howandarlygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahaty geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň, şeýle-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň dünýä derejesindäki abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanlaryň ulaglar bilen üpjünçiligine möhüm üns berilmelidigini aýdyp, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynda halkara çärä degişli ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI–ÝAŞLARA GÖRELDE

Kitaphanalar

08.07.2025

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki pikir-garaýyşlar, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuş ýörelgesine we pelsepesine öwrüldi. Milli Liderimiziň ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary häzirki we geljekki nesilleriň ruhy gymmatlygydyr. Şundan ugur alyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe ýaşlaryň arasynda duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Biz kitaphanaçylar hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserlerini giň okyjylara ýetirmek esasy maksadymyzdyr. Çäräniň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan eserleri giň okyjylara ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMENISTAN BAGTLY ÇAGALARYŇ ÝURDY

Kitaphanalar

08.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy” atly göçme kitap sergisini gurnady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Çynar” atly sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy” atly kitap sergisini çagalar topary bilen gurnady. Bu ýerde çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri bilen giňden tanyşdyryldy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähir, söýgi bilen gurşalan ýaş nesiller oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýändikleri dogrusynda gürrüň edildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra bolsa sergä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR NESILLERI

Kitaphanalar

08.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi, Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen bilelikde “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde - “Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly göçme sergi gurady. Gökdere jülgesinde guralan sergidäki kitaplar, ertekiler - sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe,Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar. Hormatly Prezidentimiz “Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär “ diýip belleýär. ( // Berdimuhamedow S. Ýaşlar – Watanyň daýanjy. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. Sah.8-9.) Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ “HAKYDA GÖWHERI“ ATLY KITABYNDAN KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

08.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň “Hakyda göwheri“ atly kitabyndan kitaphana syny geçirildi. Bu kitaphana synynda edilen çykyşda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geçmiş taryhyny düýpli öwrenmekde, nusgalyk edebi mirasyny dünýä ýaýmakda ähmiýetiniň uludygy barada belläp geçdiler. Milli Liderimiziň bu neşirinde diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä taryhynyň sahypalarynda yz goýan şöhratly geçmişimiz, edebi mirasymyz babatda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Taryhy ýadygärliklerimiz, edebi mirasymyz hakynda buýsançly maglumatlar bu neşiriň içinde eriş-argaç bolup geçýär. Bu kitap “Taryha syýahat” hem-de “Ruhy miras”atly baplardan ybarat bolup, türkmen medeniýetiniň taryhy baradaky garaýyşlaryňy ösdürýär, düşünjäňi artdyrýar. “Hakyda göwheri” atly pähim-paýhasa baý, ajaýyp kitaplary okap, ösen medeniýetli bagtyýar döwrüň gadyr-gymmatyna has aýdyň göz ýetirýäris. Bu neşirler halkymyzyň baý medeniýetiniň edebi ýazgylarydyr diýip bellediler. Kitaphana synynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda şular ýaly ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny,Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler. Dabarada çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Şeýle ajaýyp döwürde Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmäge we ýaşlara ýetirmäge uly üns berilýär. Bu günki gün akyldar şahyryň baý döredijiligi bilim,medeniýet we döredijilik işgärleri, ählimiz üçin gymmatly hazyna öwrüldi.Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatymyz,baý edebi mirasymyz düýpli we ählitaraplaýyn öwrenilýär diýip,uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Olar çykyşlarynyň soňunda ata Watanymyzyň,merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN BAKY BAGTYŇ EÝESI

Kitaphanalar

08.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda TMÝAG-yň Lebap welaýat geňeşi we medeni ojagyň gurnamaklarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Türkmenistan baky bagtyň eýesi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige kitaphana hünärmenleri we bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

08.07.2025

7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri bilen birlikde, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

No image
MILLETIŇ MIZEMEZ TÄJI TAGTY BAR, GAHRYMAN SERDARLY WATAN BAGTYÝAR

Kitaphanalar

07.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň we TDP-niň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara howpsuzlygyň we durnuklylygyň binýady» atly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.