AWAZA-DÜNÝÄNIŇ DOSTLUK MERKEZI
Kitaphanalar
12.08.2025Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde guramagynda «Awaza-dünýäniň dostluk merkezi» ady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän beýik işler umumadamzat bähbitlerini, dost-doganlygy nazarlaýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýändigini, ynha BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýedigi barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.