logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KITABYŇ ÄHMIÝETI

Kitaphanalar

28.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Kitabyň ähmiýeti» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar okalgasyna kiçi ýaşly okyjylarymyzyň gatnaşmagynda halkymyzda ylymyň-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba aýratyn sarpa goýulýanlygy, kitap tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydygy hem-de durmuşda kitabyň ene-ata ýaly uly terbiýe mekdebi bolup durýanlygy barada giňişleýin çagalara gürrüň berildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda çagalara halk döredijiligimiz bolan türkmen halk ertekileriniň birnäçesini okap berildi. Olaryň özlerinde galdyran täsiri dogrusynda sorag-jogap alşyldy. Gürrüňdeşligiň ahyrynda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
EL HÜNÄRI, IL GEZER

Kitaphanalar

28.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar-sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtyny sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «El hünäri il gezer» ady bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik ýazgy etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserinden ýurdumyzda ýaş nesiller üçin durmuşa geçirilýän döwletli işler barada täsirli gürrüňler edildi. Ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiz bolan alaja işmek, keşde çekmek, jorap örmek ýaly hünärlerimiziň ähmiýeti dogrusynda hem söhbetler diňlenildi. Dynç alyşyny şadyýan geçirýän körpeje gyzjagazlarymyz merkezde hereket edýän, el-işleri gurnagyna höwesjeň gatnap, öwrenen işlerini ýerine ýetirdiler. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesiller üçin giň-şert mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
TÜRKMENI DÜNÝÄ TANADAN AKYLDAR

Kitaphanalar

28.07.2025

«Türkmeni dünýä tanadan akyldar» atly söhbetdeşlik. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda şeýle-de «Arkadag» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň esasynda «Türkmeni dünýä tanadan akyldar» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny bölümleriniň aýratynlygyny, şeýle-de türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga hem-de beýleki ençeme taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşanydyr diýip, täsirli gürrüň berdiler. Şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen söz sungatynyň pälwany Magtymguly Pyragynyň sarpasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
MAGTYMGULY DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Muzeýler

28.07.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güninde ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler bu şanly ýylymyzda bagtyýar halkymyzyň her bir raýatynyň göwün guşuny galkyndyrýar. Uly ruhubelentlikde şatlyk–şowhuna beslenip ýokary guramaçylykda geçirilýän çärelerde milli mirasymyz, medeniýetimiz, edebiýatymyz öz beýanyny tapýar. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Çärjew etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda şahyryň döredijiligi bilen bir hatarda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüljek, şu ýylyň 4-nji, 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty, şahyryň arzuwlan Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň işjeň we döredijilikli taglymatdygynyň täze ykrarnamasy boljakdygyna uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanamyzda döredijilikli zähmet çekmäge, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkymyzyň arasynda wagyz etmäge döredip berýän, ähli mümkinçilikleri üçin milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandarlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerinden joşup çykýan alkyşlaryny, çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.

No image
SAGLYGYM–BAŞ BAÝLYGYM

Kitaphanalar

28.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Aşgabat” seýilgähinde “Saglygym–baş baýlygym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň abadan geljegi üçin kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, häzirki zaman, döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalary, şypahanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda uly ösüşler gazanylýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Täzelikler

28.07.2025

26-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalaryň, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýoluň, köprüleriň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýändiginiň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyz ir bilen Gökdepe şaýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köpriniň ýanyna geldi. Ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk we uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde desgalaryň bezeg işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

No image
KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

Kitaphanalar

25.07.2025

2025-nji “Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 25-nji iýulynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýat kitaphanasyna 105 kitap dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Myhmanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berip, kitaphanada döwrebap tekjelerde guralan giňişleýin kitap sergilerine syn etdiler. “Bitaraplyk-belent maksatlara ruhlandyrýar” diýilip atlandyrylan esasy sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň türkmen dilindäki we daşary ýurt dillerine terjime edilen kitaplary ýerleşdirildi. Şeýle-de welaýat kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan ýapon dilindäki, ýapon halkynyň taryhy baradaky bir näçä kitaplaryň kitap sergisi guraldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/70.jpg)

No image
HALKARA FORUMYŇ ÇÄKLERINDE TAÝÝARLYK IŞLERI

Täzelikler

25.07.2025

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçinji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda ýurdumyzda görülýän taýýarlyk işleri ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli forumyň çäklerinde gurnaljak medeni-köpçülik çäreleri, maslahatlar, howa menzilinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlary türkmeniň milli ýörelgelerine, myhmansöýerlik dessurlaryna laýyk derejede garşy almak, hemme taraplaýyn ýokary derejede guramaçylyk işlerini alyp barmak hakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren iş maslahatynda nygtaldy. Halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde dürli medeni çäreleriň, aýratynda, konsertleriň şowhunly geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olaryň şowhunyny hasda artdyrar. “Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer”diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.Parahatçylyga, dost doganlyga söýgi döretmekde medeniýete we sungata aýratyn orun degişlidir. Sungatyň güýji ynsan kalbynda hoşniýetli arzuwlary kemala getirýär, adamlary biri birine ýakynlaşdyrýar,dostlaşdyrýar.

No image
TÜRKMENISTAN HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ MEKANY

Kitaphanalar

25.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda ýurdumyzda görülýän taýýarlyk işleri barada “Altyn asyr” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde täsirli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli forumyň çäklerinde gurnaljak medeni-köpçülik çäreleri, maslahatlar, howa menzilinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlary türkmeniň milli ýörelgelerine, myhmansöýerlik dessurlaryna laýyk derejede garşy almak, hemme taraplaýyn ýokary derejede guramaçylyk işlerini alyp barmak hakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren iş maslahaty barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanadyp, asudalygy, parahatçylygy, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
AMERIKAN NUSGAWY ÇAGALAR WE ÝETGINJEKLER EDEBIÝATYNYŇ KITAP SERGISI

Kitaphanalar

25.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň kitap sergi ýarmarkasy geçirildi. Kitap sergi ýarmarkasyny ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud açyp berdi. Kitap sergi ýarmarkasynda Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler,iňlis dili we ylym,tehnologiýa, inženeriýa we matematika (STEM) boýunça gollanmalar we ABŞ-da okamak boýunça kataloglar ýerleşdirildi we sergi ýarmarkasyna gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Sergi ýarmarkasyna gatnaşanlar Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler edebiýatyndan bölekleri okap berdiler şeýle hem iňlis dilinde sözleri harpma-harp dogry aýtmak boýunça “Speliň Bi” bäsleşigi geçirildi. Kitap sergi ýarmarkasynyň Multimediýa böleginde tanyşdyrylan kitaplara degişli filmler we ýanyna goşulyp okamak üçin sesli kitaplar görkezildi. Soňra bolsa,sergä gatnaşýanlar kitaplar üçin bezelen sahypa belligini ýasadylar. Kitap sergi ýarmarkasynyň ýapylyş dabarasynda guramaçylar «Speliň Bi» bäsleşiginiň ýeňijilerine hormat hatlaryny gowşurdylar. Soňra bolsa, Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçylary sergi ýarmarkasynyň guraýjylara we şeýle mümkinçilikleri döredip beren, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag bolmaklaryny arzuw etmek bilen öz minnetdarlyklaryny bildirdiler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu kitap sergi ýarmarkasy türkmen okyjylaryna Amerikan ýazyjylarynyň edebiýatlaryny has hem gowy bilmäge,öwrenmäge öz täsirini ýetirdi.