logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
MILLI MIRAS KALBYMYZYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

21.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň bilelikde guramagynda “Milli miras kalbymyzyň çyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Milli medeniýetimiziň bäş müň ýyllyk taryhy öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, asyrlaryň gatlaryna siňen medeni mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli öwrenilip, halka ýetirilip, aýratynam ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek her medeniýet işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan atalar sözi gymmatly hazyna bolup durýandygy, ata-babalarymyzyň pähim-parasatly dana sözleri halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýrandygy giňden ýaýrandygy barada belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, geljek nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ATA WATANYMYZ TÜRKMENISTAN–HALKARA HYZMATDAŞLYKDA MÖHÜM MEÝDANÇA

Kitaphanalar

18.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda 2025-nji “Halkara–Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 4-8-nji awgusty aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty barada Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ata Watanymyz–Türkmenistan dünýäniň ynanyşmak we ylalaşyk merkezi” atly birifng görnüşli söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çärä gatnaşyjylar ,,Türkmenistan- beýik başlangyçlaryň ýurdy” ady bilen gurnalan kitap sergisine syn etdiler.

No image
NETIJELI MASLAHAT

Kitaphanalar

17.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Maliýe instituty ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyň ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndan gelip çykýan netijeler hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatynyň çäklerinde syýasy-diplomatik,söwda ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi barada giňişleýin aýdyp geçdiler.Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda” Kararyna laýyklykda gelejekde bu ugurda uly işler alnyp barylar diýip, giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR GELJEGIŇ NURY

Kitaphanalar

17.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, olar bilen çagalar edebiýatyna degişli gyzykly kitaplar esasynda“ Bagtyýar çagalar geljegiň nury” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy, gyzykly gürrüňler edildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy Söhbetdeşlige “Türkmenistan” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ŞADYÝANLYGA BESLENÝÄN SAPALY GÜNLER

Kitaphanalar

17.07.2025

Çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan bagtyýar çagalar Lebap welaýat kitaphanasynda gezelençde boldylar. Lebap welaýat kitaphanasynda çagalaryň gelejegi üçin döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar çagalar özleriniň alkyşlaryny aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/f-2.jpg)

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY

Täzelikler

17.07.2025

16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyrýan şu gezekki sapary hem munuň aýdyň beýanydyr. Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýärler. Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunda parlamentara gatnaşyklara-da aýratyn ähmiýet berilýär. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ony ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işine uly orun degişlidir. Ulag ulgamy-da möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge mümkinçilik berýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ol iki dostlukly ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy, medeni-ruhy umumylygyna esaslanýar.

No image
BELENTDEN ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI

Kitaphanalar

16.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Belentden ýaňlanýar çaga gülküsi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim-terbiýe almaklary üçin uly işleriň amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de tomus paslynda çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edýän Gökdere jülgesinde ýerleşýän birnäçe çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde körpe nesillerimiz üçin dynç alyp, çaga dünýäsini durşy bilen oýunlara, gezelençlere beslenýändigi barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ ŞATLYGY–DÜNÝÄŇ PARAHATLYGY

Kitaphanalar

16.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Çagalaryň şatlygy–dünýäň parahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy. Çärede çykyş edenler häzirki wagtda körpeje nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde, salkyn saýaly Gökdere jülgesinde paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan dynç almaga gelen çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de many-mazmunly geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalary gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy we sergide ýerleşdirilen kitaplar esasynda sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda tebigatyň sapaly hem şypaly künjeklerinde şadyýanlykda dynç alýan çagalara, ýaş nesiller hakda ähli taraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY

Kitaphanalar

16.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan sport» teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmen milli oýunlary» ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Gadymdan gelýän biziň milli oýunlarymyz bolan birnäçe oýunlary ýaş nesillere öwretmekde uly işler alynyp barylýar. Olardan: «Gizlenpeçek», «Aşyk oýuny», «Çeke-çeke», «Ýalyga towusmak» we şuňa meňzeş oýunlary ýaş nesillere öwredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýaş nesillerimiziň beden taýdan ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin milli oýunlarymyzy dikeldip berdi. Milli oýunlarymyzy ýaş nesillere öwretmekde alyp barýan uly tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza köp sagbolsun aýdýarys.

No image
ÝOLUMYZA NUR ÇAÝÝAN ESERLER

Kitaphanalar

16.07.2025

Mary welaýat kitaphanasynda syýasy–jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminiň gurnamagynda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri barada «Ýolumyza nur çaýýan eserler» atly talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşyk gurnaldy. Maslahatda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, şeýle-de kitaphanamyzyň kitaphanaçylary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri barada, olaryň ýaşlara ýol ýörelge bolýandygy barada aýdyp geçdiler. Bu maslahat talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Gadymdan gelýän milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýýan, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!