logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY

Kitaphanalar

13.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda merkezi we kitaphana şahamçalarynyň arasynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bereketli türkmen saçagy» ady bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgünde bäsleşik geçirildi.

ASYRLARY ARKA ATYP, ÝOLLAR GEÇEN NOWRUZYM

Kitaphanalar

13.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli

BILDIRIŞ

Muzeýler

13.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 14-nji martynda sagat 10:00-da Milli bahar baýramy mynasybetli «Täze günüň telwasy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÝEWROPA KOMISSARYNY KABUL ETDI

Täzelikler

13.03.2025

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.

SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI PUDAGYNYŇ KUWWATY ARTDYRYLÝAR

Täzelikler

13.03.2025

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň-Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

No image
HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER

Medeni miras

12.03.2025

HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER Şu ýylyň 17-31-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde nusgawy saz sungatynyň «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwaly geçiriler. Onuň çäginde Astrahan Kremlinde açyk asmanda opera çykyşy görkeziler, festiwal çärelerine dünýä sahnasynyň ýyldyzlary gatnaşar. Mundan başga-da, festiwalyň çäginde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň sazandalaryny öz içine alýan Hazar döwletleriniň simfoniki orkestri çykyş eder.

No image
«ŞARK TARONALARY» ATLY XIII HALKARA AÝDYM-SAZ FESTIWALY GEÇIRILER

Medeni miras

12.03.2025

«ŞARK TARONALARY» ATLY XIII HALKARA AÝDYM-SAZ FESTIWALY GEÇIRILER 2024-nji ýylyň 25-30-njy awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýada we dünýäde esasy aýdym-saz çärelerinden biri bolan «Şark Taronalary» atly XIII halkara aýdym-saz festiwaly geçiriler. Festiwal milli we dünýä aýdym-saz sungatyny giňden wagyz etmek, halklaryň beýik däp-dessurlaryny gorap saklamak we ösdürmek, aýdym-saz hem-de wokal pudagynda zehinleri höweslendirmek, medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri we halkara döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, parahatçylyk, dostluk hem özara düşünişmek ideýalaryny utgaşdyrmak maksady bilen 1997-nji ýylda başlandy. Festiwal ÝUNESKO-nyň goldawy bilen her iki ýylda bir gezek geçirilýär. Bu aýdym-saz festiwalyna ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşar.

No image
«YOUNG EURO CLASSIC» ATLY HALKARA FESTIWALY

Medeni miras

12.03.2025

«YOUNG EURO CLASSIC» ATLY HALKARA FESTIW Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde 2024-nji ýylyň 25-nji awgustynda «Young Euro Classic» atly halkara festiwaly geçiriler. Bu festiwala ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşar. Onda türkmen milli saz gurallarymyz bolan dutar, gyjak, tüýdük ýaly gurallarda türkmeniň milli owazy häzirki zaman röwüşde ýaş sazandalar tarapyndan janlandyrylar. Şeýle-de türkmen milli kompozitorlary Nury Halmmämedow, Weli Muhadow, Durdy Nuryýewiň ajaýyp sazlary ýaňlanar.

No image
«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ LEBAP WELAÝATY BOÝUNÇA TAPGYRY GEÇIRILDI

Medeni miras

12.03.2025

«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ LEBAP WELAÝATY BOÝUNÇA TAPGYRY GEÇIRILDI Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerindäki «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanan zehinli ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy. Eminler topary tarapyndan Halaç etrabyndan Saparmyrat Tekäýew we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy Serdar Jumaýew bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýip yglan edildi. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

2025-nji ýylyň 12-16-njy marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

12.03.2025

2025-nji ýylyň 12-16-njy marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI