logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
WATANYM–BAGTYM, GARAŞSYZLYK–GANATYM

Kitaphanalar

23.09.2025

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Watanym–bagtym, Garaşsyzlyk–ganatym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni toý baýramlara beslenýändigi, şeýle baýramlarymyzyň iň naýbaşysy hem Mukaddes Garaşsyzlygymyzdygy barada çykyş etdiler. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabaralardyr, çäreler il agzybirligini, eşretli zamananyň rowaç ösüşlerini aýdyň beýan edýändigini, şeýle ajaýyp toýdur-baýramlar erkana, bagtyýar durmuşyň aýdyň geljegiň kepili bolup şugla saçýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli zamana ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN WATAN

Kitaphanalar

23.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýändigini, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilendigi barada çykyş etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlyk baýramy özbaşdaklygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we erkanalygyň baýramydygy hakynda belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda mähriban halkymyzy ösüşlere sary alyp barýan, nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/97.jpg)

No image
GARAŞSYZLYK–HALKYMYZYŇ SENASY, MIZEMEZDIR BEÝIK TÜRKMEN BINASY

Kitaphanalar

23.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk– halkymyzyň senasy, mizemezdir beýik türkmen binasy» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr diýip gürrüň berdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny uludan belleýän ýylymyzda şanly seneleriň, şatlykly wakalaryň şaýady bolýandygymyzyň, Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimiziň uly mümkinçiliklere eýe bolýan, ösýän ýurt hökmünde halkara giňişlikde özüniň mynasyp ornuny tapýandygyny belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda diýarymyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/daf-25.jpg)

No image
2025-nji ýylyň 27-28-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

23.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 27.09.2025ý. «Tumar şa» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 _____________________________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 27.09.2025ý. «Aýdym-sazly, gülküli edebi tomaşa» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Aýdym-sazly, gülküli edebi tomaşa» sagat 19:00 _____________________________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 27.09.2025ý. «Geliň, gülşeliň» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Geliň, gülşeliň» sagat 19:00 _____________________________________________________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 27.09.2025ý. «Juwan kalbym joşanda» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Ýaşasyn, dost-doganlyk!» sagat 19:00 _____________________________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 27.09.2025ý. «Geliň, gülşeliň!» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Geliň, gülşeliň!» sagat 19:00 _____________________________________________________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 27.09.2025ý. «Saňa ýalan, maňa çyn» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Älemgoşarly tomus» sagat 19:00 _____________________________________________________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 27.09.2025ý. «Janly gurjaklar» sagat 17:00 27.09.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Böwenjik» sagat 17:00 28.09.2025ý. «Aşyklar» sagat 19:00 _____________________________________________________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 27.09.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Watan jandan eziz» sagat 19:00 _____________________________________________________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 27.09.2025ý. «Synag» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Gülmek ömürden» sagat 19:00 _____________________________________________________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 27.09.2025ý. «Gülşeliň, degşeliň!» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Gülşeliň, degşeliň!» sagat 19:00 _____________________________________________________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 27.09.2025ý. «Dowamat» sagat 19:00 28.09.2025ý. «Dowamat» sagat 19:00

No image
GARAŞSYZLYKDA BAGTYŇ ÝAŇY BAR

Täzelikler

23.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, “Türkmenistan–eziz Watan Garaşsyz ” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi geçirildi. Sergide, ýurdumyzyň suratkeşleriniň Ataýew Ş. “Gökje üzümçiligi” 2025 ý., Babakulowa G. “El işler” toplumy Hanow G. “Asuda” 2023 ý. Ataýew Ş. “Aý daglary” 2024 ý., Sytdykow B. “Çeşme” 2025 ý., Kurbanow R. “Sähranyň bezegi türkmen bedewi” 2025 ý., Kurbanow S. “Garaşsyzlygyň ýaňy” 2025 ý., Kurbanow S. “Aşgabat agşamlary” 2025 ý., Meredow S. “Ylham çeşme” 2025 ý., Gullaýewa M. “Hazyna” 2025 ý., Meredowa A. “Nohuryň geçmişine şaýat agaçlar” 2002 ý., Weliahmedow K. “Bahar güni” 2024 ý., Hajyýew T. “Güýz” 2005 ý. ýaly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy. Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde watana bolan mukaddes söýgi içgin duýulýar. Ýurt garaşsyzlygymyz sungata täze ganat berdi. Sungatyň milli dilde saýramagyna, milli äheňleriň, milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şekillendiriş sungatynda has aýdyň ýagty çeper beýan edilmegine giň ýollar açdy. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň döredijiliginde milli gymmatlyklarymyz, merdana ruhy sütünlerimiz, buýsançly taryhymyz, gözel tebigatymyz çeper beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni-taryhy mirasy bolan kitaplaryna salgylanyp ýerine ýetirlen işler öz çeper mazmuny bilen aýratyn tapawutlanýar. Nakgaşçylyk taslamalaryň reňk çözgütleri özüniň baýlygy, watanymyzyň dürli pasyllardaky gözelligi ýaş suratkeşiň dünýäsinden syzylyp çeper mazmuna ýugrulyp beýan edilýär. Ýaş suratkeşleriň hem geljegini sungata baglan ýaşlaryň döreden sungat eserlerini synlap, olara tälim berýän halypalara hormatyň artýar. Halypanyň beýik ynamyndan şuglalanýan ýaş dörediji kalplar bolsa täze-täze eserleri döretmäge atygsaýandygyny sungat eserlerini synlanyňda göz ýetirýärsiň. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli bu sergi nakgaş, gobelen, heýkel, grafika, keramika, zergärçilik ýaly şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerine degişli Watanymyzyň ösüşli sepgitlerini sungatyň dilinde beýan edýän ajaýyp sungat eserleri giň halk köpçüligine ýetirildi. Sergide suratkeşleriň 140-den gowrak nakgaş, amaly-haşan sungatynyň eserleri görkezilýär. __________________ Sergi öz işini 10 gün dowam eder

No image
HALYPA GÖRELDESI

Täzelikler

23.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Nuriddin Niýazowyň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli “Ýer şary–biziň öýümiz” atly şahsy döredijilik sergisi geçirildi. Sergide, Nuriddin Niýazowyň “Beýik Ýüpek ýoly” 2016ý., “Bütindünýä howa üýtgemeleri” 2013ý., “Kerki güzeri” 2025 ý., “Döredijiligiň 8-nji güni” 2012ý., “Durmuş filosofiýasy” 2012ý., “Iki taraplaýyn portret” 2011ý., “Oglumyň portreti” 1983ý., “Iýermeniň portret” 2019ý., “Kerwen” 2017ý., “Abadanlaşýan çöl” 2017ý., “Güýz, durnalar” 2016ý.,“Magtymgulynyň poeziýa dünýäsi ” 2015ý., “Garry gyz” 2013ý., “Magtymgulynyň düýşi” 2004ý., “Aral” 1987ý. ýaly sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy. Nuriddin Niýazowyň döreden sungat eserleriniň ählisinde nakgaşçylyk sungatynyň seýrek duş gelýän ugry bolan surrealizm akymyna eýerilýär. Suratkeşiň döredijiliginde merdana ruhy sütünlerimiz, buýsançly taryhymyz, gözel tebigatymyz çeper beýan edilýär. Nakgaşçylyk taslamalaryň reňk çözgütleri özüniň baýlygy, akymlaryň täsirleri sungat eserleriň ählisinde içgin duýulýar. Halypa suratkeşiň eserlerinde ýeňil bolmadyk şekillendiriş sungatynyň bu ugurynyň ajaýyplygyny görmek bolýar. Sungat eserleri göýäki janly ýaly sungatyň dilinde türkmen dünýäsi barada söhbet açýar. Nakgaş eserleriniň aýratynlyklaryny we talaplaryny doly özleşdiren halypa şägirtleriniň arasynda hem halypa-şägirtlik ýoluny dowam edýär. Bu sünnälenilen görnüşler, işler, usullar bolsa şägirtleriniň işinde halypanyň belentligini ýüze çykarýar. Halypa suratkeş Nuriddin Niýazowyň döreden sungat eserleri ýurdumyzyň şekillendiriş sungaty uguryndan bilim alýan ýaşlar üçin we sungaty öwrenijiler üçin uly mirasdyr. Sergide Suratkeşiň 70-den gowrak nakgaş eserleri görkezilýär. ________ Sergi öz işini 10 gün dowam eder

No image
KITAPLAR DÜNÝÄSI-BILIMLER DÜNÝÄSI

Kitaphanalar

23.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda «Kitaplar dünýäsi-bilimler dünýäsi» atly kitap sergisi we talyplaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Kitap sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleri we birnäçe çeper eserler bilen kitap sergimizi gurnadyk. Sergide kitaplardan başga-da dürli ýyllarda neşir edilen «Medeniýet», «Miras», «Diýar», «Garagum», «Türkmen sporty» we beýleki žurnallarda türkmen hem rus dillerinde neşir edilen başga-da köp gyzykly maglumatlar görkezildi. Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

23.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde Ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin çagalarymyza köçeden geçeninde nähili öziňi alyp barylýandygy hakynda aýdylyp geçildi. Şeýle-de kitaplaryň üsti bilen birnäçe suratlar dogrusynda söhbet edildi. Bize şeýle bagtly durmuşda ýaşamana ajaýyp şertler döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny, nurana ýollarymyzda hereketiň sazlaşykly bolmagyny arzuw edýäris. *

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY -PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIKLI TAGLYMAT

Täzelikler

23.09.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOKARY DEREJELI PLENAR MEJLISINE GATNAŞDY 22-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda “Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi. Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr. Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri bolup, onda gapma-garşylyklary çözmek üçin netijeli dialogyň möhümdigi nygtalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-ä agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy. «Türkmenistan gazeti»

No image
BELENTDEN ÝAŇLANÝAR BAGTYŇ OWAZY!

Konsertler

22.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda medeniýet we sungat işgärleri, sahna ussatlary çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ylhamlanyp, şirwan perdä galan medeniýet we sungat ussatlarynyň owazy bagtyýarlygyň buşlugy bolup ýaňlandy. Konsertdäki çykyşlar bitewülikde parasatly döwlet Baştutanymyzyň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň waspnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça başlangyçlaryny dowam etdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli wakalar şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär. Munuň şeýledigine şu konsertiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň toýlara ulaşýan günlerinde kalby joşgunly ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa uzak ömür, jan saglyk, tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler!