logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
PARAHATÇYLYK–ÖSÜŞLERIŇ WE HYZMATDAŞLYKLARYŇ ESASY ÝÖRELGESI

Kitaphanalar

18.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Parahatçylyk–ösüşleriň we hyzmatdaşlyklaryň esasy ýörelgesi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen dost–doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy barada bellediler. Şeýle-de häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda dünýäde hemişe parahatçylygyň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝAŞLAR FORUMY–ÝAŞLARYŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK

Kitaphanalar

18.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkezine «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Ýaşlar forumy–ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly söhbetdeşlik geçirdi. Mälim bolşy ýaly, ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda aýratyn orny eýeleýärler. Milletler bileleşigi ýaşlaryň döredijilikli çemeleşmesiniň, taglymlarynyň we güýç-kuwwatynyň ýaşaýan jemgyýetleriniň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini öňe sürýär. Şu jähtden, BMG-niň, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumunyň hem-de ýaşlar syýasaty bilen ugurdaş geçirilen çäreleriň ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda buýsançly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlary watanymyzyň daýanjyna deňäp, dürli ugurlarda zähmet çekmeklige giň şert mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlary beýan edildi.

No image
BRIFING WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Muzeýler

18.08.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Soňky ýyllarda Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2025-nji ýylyň 5 – 8-nji awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda «Deňze çykalga dünýä çykalga» ady bilen Brifing wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekiller gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar goňşy döwletler bilen, şonuň bilen bir hatarda dünýäniň ösen döwletler bilen birnäçe halkara derejesinde parahatsöýüjilikli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýanlygy dogrusynda çykyş etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK-DÖWLET SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRY

Täzelikler

18.08.2025

16-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy, şeýle hem «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek Arkadag lukmançylyk klasteriniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesilleriň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň, çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Diýarymyzda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle ynsanperwer işler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň asylly däplerinden gözbaş alýar. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmekde möhüm işler bitirilýär. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermek, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk däplerini ilerletmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz haýyr-sahawat işini ösdürmek babatda ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. «Türkmenistan gazeti»

No image
MILLI GYMMATLYKLARYMYZ TÜRKMEN GÖZELLIGINIŇ NUSGASY

Muzeýler

16.08.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasymyz aýdyňlygy bilen içgin öwrenilýär. Eziz halkymyzyň örän gadymy we baý milli mirasy bar. Türkmen halky öziniň ýaşan dürli döwürlerinde milli medeniýeti, milli mirasysy nesilden-nesile geçirip bilen halkdyr. Onuň şeýledigine biziň günlerimize çenli üýtgewsiz gelip ýeten milli egin-eşikleriň ajaýyp görnüşleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ene-mamalarymyzyň, gyzlarymyzyň, hususanam «gelin» egin-eşigini, olaryň owadan nagyşlaryny, kümüşden ýasalan bezeg şaýlaryny synlanyňda bularyň hemmesi türkmen halkynyň baý milli mirasyna, däp-dessuryna bolan hormatyny artdyrýar. Diňe bir zenan egin-eşikleri däl, eýsem türkmen ýigitleriniň gyrmyzy donlary, ezýaka köýnekleri, seçelenip duran silkme telpekleri, tirme guşaklary – dürli halklaryň nazaryny özüne çekýär. Dürli görnüşli milli egin-eşikleriň içinde pederlerimiziň iň gowy görýän milli lybaslarynyň biri-de milli donlardyr. Don – bu diňe bir egne geýip gidäýmeli eşik däl, ol hormata mynasyp häsiýetli milli maddy gymmatlyk. Halkymyzyň arasynda türkmen milli donlary barada «Gözellik ondur, dokuzy dondur» diýen aýtgy bar. Sebäbi donlar geýimleriň üstki bezegini tamamlaýandygy üçin olara uly ähmiýet berlipdir. Öý şertlerinde oba hojalyk önümlerinden egin-eşikleri tikmek üçin çig mallar ene-mamalarymyzyň öz elleri bilen taýýarlanypdyr. Pileden ýüpek matalar, pagtadan nah matalar düýäniň we goýnuň ýüňünden ýüň matalar dokalyp, olardan donlaryň dürli görnüşleri tikilipdir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3.jpg) Gadymdan galan asyl nusgaly milli eşikleriň görnüşlerini has ýakyndan öwrenmeklikde ýurdymyzda öz işini alyp barýan muzeýleriň ähmiýeti örän ulydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan täsin, gadymy milli donlary halk köpçüligine görkezmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Milli gymmatlyklarymyz türkmen gözelliginiň nusgasy» atly milli donlaryň sergisi gurnaldy. Sergide XIX asyryň ahyryna we XX asyra degişli bolup halkymyzyň ähli sebitlerine mahsus bolan erkek adamlaryň, gyz-gelinleriň we çaga donlaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Sergide zenanlar tarapyndan geýilen el keşdeli, basma nagyşlar bilen bezelen begresler, keşdelenen we kümüş bezegli çabytlar, kümüş düwmeler we teňňe pisint kümüş bölejikler, bugnama hem-de mata bölejikleri bilen haşamlanan mahmal we küleçe donlary, gyzyl ýaşyl zolakly dokalan sary tagta donlar, ilme nagyşly mawut we baş donlar, içi pagtalanyp syralan hywa donlar, pugtalanyp bezelen çepbetöw, daraýy we maldaýy donlar hem-de erkek adamlar tarapyndan geýilen gyrmyzy don, garma don, hywa don, düýe we goýun ýüňünden dokalan agar hem-de çal çäkmenleriň ajaýyp görnüşleri görkezilýär.

No image
KITAP–DÜNÝÄNIŇ AÇARY

Kitaphanalar

15.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr»:Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap–dünýäniň açary» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler:Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe, babatda görelde mekdebidir» diýen, parasatly jümlelerinden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek şeýle-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak esasy maksadymyz bolup durýar diýip çykyş edenler ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARY ÄHLI NESILLER ÜÇIN BEÝIK TAGLYMATDYR

Kitaphanalar

15.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ahlak, edep-terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan döredijiligi bu günki günde dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde terbiýeçilik ähmiýetiniň örän ulydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda ähli adamzat gymmatlygynyň genji-hazynasyna öwrülen, şahyrana döredijiligini miras galdyran, Magtymguly Pyragynyň şeýle derejede söýlüp-sarpalanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GÜNEŞ MENIŇ ŽURNALYM

Kitaphanalar

15.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş günlerini sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygymyza myhman bolup çagalaryň söýgüli neşiri bolan «Güneş» žurnalynyň suratkeşi Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Döwlet Akyýew hem gatnaşdy. Suratkeş ýaş nesillere surat çekmekligiň inçe ýollary barada we «Güneş» žurnalyň her sanynda ýerleşdirýän suratlarynda körpeleriň söýgisini gazanmakda yhlasly zähmet çekmekligiň ähmiýeti hakynda täsirli gürrüňleri berdi. Aýratynda ertekileriň gahrymanlaryny surata geçirmeklikde gyzykly gürrüňleri berip çagalar bilen sorag-jogap alyşdy. Bu hem halypa-şägirtlik mekdebine aýratyn ähmiýet berilýän häzirki döwrümizde duşuşyga gatnaşan ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyrdy. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar sungatymyza, medeniýetimize aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

14.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 15-nji awgustda sagat 10:00-da «Milli gymmatlyklarymyz türkmen gözelliginiň nusgasy» atly milli donlaryň sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
MILLI MIRAS–YNSAN KALBYNYŇ NURYDYR

Kitaphanalar

14.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Milli miras–ynsan kalbynyň nurydyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, dana pederlerimizden bize miras galan milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekgi nesillere ýetirmek döwrüň derwaýyslygy, nusgalyk gözelligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen dünýä meşhur gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de mähriban halkymyzyň ýer ýüzüne türkmen adyny dünýä ýaýmakda esasy orny eýeleýän milli mirasymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi kämilleşdirmekde, pederlerimizden gelýän milli däp-dessurlarymyzy dikeltmekde uly işleriň alnyp barylýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenip, halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.