logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
SANLY ULGAM-DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Muzeýler

16.07.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli pudaklarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyrşyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalar arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek , ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu günki gün innowasion we programma üpjünçiligi bilen bagly bolup durýar. Ýaşlarda milli däp-dessurlarymyzy, ebedi mirasymyzy, şöhratly geçmiş taryhymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi öwretmekde, ylym-bilim bermekde sanly ulgamyň orny örän uludyr. Muzeýlere innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy türkmen halkynyň medeni mirasyny, taryhyny, häzirki we geçmiş medeniýetini öwrenmäge, goramaga hem-de wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde wirtual muzeý internet saýty döredildi. Bu saýta giren her bir adam “Watan mukaddesligi” muzeýine wirtual arkaly gezelenç edip bilýär. Ol özüniň gyzyklanýan temasyny saýlap we düwmä bir gezek basyp muzeýiň “Gökdepe söweşi we beýik watançylyk urşy” “Gökdepe söweşiniň panoramasy”, “Ýer titreme”, “Aşgabat” bölümlerine gezelenç edip biler. Internet-saýtdan diňe bir ildeşlerimiz däl, eýsem daşary ýurtlylar hem peýdalanyp bilerler. Muzeýlerde wirtual usulyň ornaşdyrylmagy adamlaryň wagtyny tygşytlamaga, şeýle-de özlerine amatly pursatda muzeýlere gaýbana syýahat etmäge şert döredýär. “Watan mukaddeslik” muzeýi döwrebap tehnologiýalar bilen ornaşdyrylyp, muzeýe gelýän daşary ýurtly myhmanlar audio gid enjamyndan peýdalanyp bilýärler. Bu enjamyň ses ýazgylary bäş dilde (türkmen, iňlis, rus, hindi, türk) muzeý hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy. Bulardan başgada sanly ulgam, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan “Aşgabat” bölüminde Aşgabat şäheriniň gözel keşbiniň binalaryny görkezýän Golografik enjamy ornaşdyrylan. Bu binalaryň maketleri 3-D şekilleri bilen hem giňişleýin teswirlenýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp türkmen muzeýleriniň milli medeniýeti, sungaty, taryhy, halk senetlerini wagyz etmekdäki ähmiýeti ýokarlanyp, olar öz ösüşiniň sanly tapgyryna gadam basýarlar. Sanly tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän, kämilleşýän döwründe mähriban halkymyzy, bagtyýar ýaş nesillerimizi aýdyň geljege ruhlandyryp, ýüreklerde berkarar döwrümizi rowaçly menzillere besleýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşy goşalandyrýar. __________________ Jeren ALTYÝEWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýiniň Baş gazna saklaýjysy

No image
«GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE NESIL TERBIÝESI» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Täzelikler

16.07.2025

Türkmen halky dünýä medeniýetini baýlaşdyran, bütinadamzat hazynasynda mäkäm orun eýeleýän gymmatlyklary, taryhda yz goýan beýik şahsyýetleri bilen meşhurdyr. Dünýä edebiýatynyň ruhy çeşmesine öwrülen şygyrlaryň eýesi Magtymguly Pyragy şol şahsyýetleriň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Akyldar şahyr türkmen poeziýa äleminiň soltany. Onuň agzybirligi, jebisligi ündeýän şygyrlary döwürleriň, heňňamlaryň içinden geçip, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň kämilleşmeginde möhüm orun eýeledi. Şahyryň türkmen durmuşy, ýaşaýyş medeniýeti barada söhbet açýan şygyrlarynda halkymyzyň edep kadalary, ruhy-ahlak häsiýetleri, edim-gylymlary, däp-dessury, nesil terbiýesi türkmeniň döreden nusgalyk terbiýe mekdebiniň milli ýörelgeleri hökmünde çuňňur şöhlelenýär. Terbiýeçilik hem ýyllaryň tejribesini özünde jemleýän mekdep. Onuň hiç ýerde ýazylmadyk, ýöne halk tarapyndan ykrar edilen kadalary, düzgünleri bar. Magtymguly türkmeniň dünýä nusgalyk terbiýe mekdebiniň başynda duran tejribeli tälimçi deýin öz döredijiliginde nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2-k.jpg) Biz Magtymgulynyň döredijiliginiň ynsan häsiýetine bagyşlanan şygyrlarynda halkymyzyň irki döwürlerden bäri dowam edip gelen terbiýeçilik mekdebiniň gazananlary bilen ýakyndan tanyş bolýarys. Ýönekeý bir ardynjyramak bilen özüniň barlygyny, örän talapkärligini duýduran atalarymyz, kakalarymyz, eline iňňe tutmagy başarandan gyzjagazlary tikin-çatyn we biş-düş işlerine ugrukdyryp zähmet terbiýesiniň esasyny goýan enelerimiz, ejelerimiz şol mekdebiň ussat tälimçileridir. Bu günki gün türkmeniň dana şahyry Magtymguly dünýä derejesinde sarpalanýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde geçen 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine döwlet hem dünýä derejesinde goýulýan uly hormatdan nyşandyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3-k.jpg) «Her sözüm bir dürdir kämil bolana» diýýän şahyryň bütin döredijiliginde ynsanperwerlik we ynsançylyk gatnaşyklary çuňňur beýan edilýär. Magtymgulynyň agzybirlige, jebislige, asuda durmuşa çagyran şygyrlary bütinadamzat gymmatlygydyr. Ol gymmatlyk halk hazynasynyň we hakydasynyň altyn täjidir. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen “Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde nesil terbiýesi” atly döredijilik duşuşygy hem akyldar şahyryň umumadamzat ähmiýetli döredijiliginde möhüm orun eýeleýän nesil terbiýesine bagyşlanyldy. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň çäginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar belentden belent ýaňlandy. Duşuşyga gatnaşyp, çykyş edenler bütin dünýäde türkmeniň akyldar şahyry hökmünde tanalýan Magtymguly ýaly beýik şahsyýetlerimize çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halkyň, bütin ynsanýetiň röwşen geljeginiň bähbitlerine ýugrulan beýik maksatnamalarynyň baky rowaç almagyny arzuw etdiler. ______________ Ogultäç Hojanazarowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

No image
TÜRKMENISTAN BAGTLY ÇAGALYGYŇ ÝURDY

Kitaphanalar

16.07.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurdy» atly duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen çagalar bilen ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalar üçin döredip berýän mümkinçilikleri hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Çagalar bilen bilelikde arassa howada «Bagtyýarlyk çagalar we sagaldyş» dynç alyş merkeziniň gözel tebigatynda gezelenç edildi. Duşuşygyň dowamynda çagalaryň arasynda bolsa sesli okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalar üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar çagalar özleriniň alkyşlaryny aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/15%20h.jpg)

No image
EL HÜNÄRI–IL GEZER

Kitaphanalar

15.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “El hünäri–il gezer” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri nepis, ajaýyp el işlerimiz, olaryň aýratynlyklary, ulanylýan iňňe, ýüwse gaýçy ýaly gurallar, ýüpek sapaklary işmegiň usullary, nagyşlaryň aňladýan manylary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplaryndan birnäçe rowaýatlary okap berdiler. Çäräniň dowamynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda milliliklerimizi ýaşlara has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ ŞATLYGY HER ÖÝÜŇ ABATLYGY

Kitaphanalar

15.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalaryň şatlygy her öýüň abatlygy” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AJAÝYP NEŞIRLER

Kitaphanalar

15.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda kitap sergi gurnaldy. Hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplaryndan wagyz nesihat işleri geçirildi. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar talyp ýaşlary bu guralan serginiň özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyranlygyny beýan etdiler we türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
BILDIRIŞ !

Muzeýler

15.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda sagat 10:00-da «Gözellik suratkeşleriň nazarynda» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin: 48-25-92

No image
BEÝIK MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINI WE MIRASYNY ÖWRENIJILERI

Kitaphanalar

15.07.2025

Mary welaýat kitaphanasynda «Beýik Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we mirasyny öwrenijileri» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşykda Magtymgulynyň şahyrana pelsepewi edebi mirasy watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy . Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Şahyryň millilik çäklerinden çykaryp, ony umumadamzat şahyryna öwren zat – onuň öz halkyna Watanyna bolan beýik söýgisidir, il-günüň ykbalyna baglanan çuňňur oýlanmalarydyr diýip belläp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
SYRLY ÄLEM KITAPHANA GURNAGY

Kitaphanalar

15.07.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň obserwatoriýasynda Mary welaýat kitaphanasynyň okyjylarynyň gatnaşmagynda «Syly älem» kitaphana gurnagynyň esasynda «Aý tutulmasynyň sebäbi» atly sapak geçirildi. Sapaga gatnaşan bagtyýar ýaşlar asman jisimleri hakynda birnäçe gyzykly maglumat alyp özleriniň asman jisimleri Aý we onuň tutulmasy barada sowallaryna jogap alyp mawy ekeranyň üstü bilen asman jisimlerine syýahat etdiler. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
ÝURDUMYZYŇ INTELLEKTUAL KUWWATY PUGTALANDYRYLÝAR

Täzelikler

15.07.2025

14-nji iýulda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly-25-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin döwlet gullukçylaryny, magistrleri taýýarlamak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýokary okuw mekdepleriniň zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmelidigini, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmelidigini, jemgyýetçilik gözegçiliginiň ýola goýulmalydygyny nygtady. Bu möhüm möwsümi talabalaýyk derejede guramak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli Buýruga gol çekdi. Döwlet toparyna şu ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.