logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
WATANA BAGYŞLANAN YLHAM

Täzelikler

20.01.2026

Şu günler türkmen saz sungatynyň görnükli wekili, ussat kompozitor Nurygandym Hojamuhammedow özüniň 70 ýaş toýuny belleýär. Ol öz ýurdunyň saz sungatynyň däplerini mynasyp dowam etdirijisi bolup, olary özboluşly, gaýtalanmajak awtorlyk stili bilen has-da baýlaşdyrdy. Türkmenistanyň halk artisti N. Hojamuhammedowyň döredijiligi köp žanrlydyr. Ol ençeme simfoniki, kamera-instrumental, wokal, hor eserleriniň, drama spektakllary we kinofilmler üçin sazlaryň awtorydyr. Eýýäm birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň dürli konsert meýdançalarynda we milli tele we radio ýaýlymlarynda halypa kompozitoryň Watana, Garaşsyzlyga we Bitaraplyga bagyşlanan ylhamly aýdymlary, şeýle hem söýgi baradaky ýürekden çykýan liriki eserleri ýaňlanyp durýar. Nurygandym Hojamuhammedowyň döredijiliginde saz sungatynda iň bir çylşyrymly hasaplanýan opera žanry aýratyn orun eýeleýädigi aýratyn bellärliklidir. Ol üç opera döretdi. Olaryň ikisi – “Hüýrlükga-Hemra” we “Nejep oglan” dessan operalaryna degişli, “Ruhubelentler” bolsa häzirki zaman ýaşlar tematikasyna bagyşlanan. N. Hojamuhammedow A. Agajykowyň "Saýathan" operasynyň sazyny dikeltmäge we täzelemege işjeň gatnaşyp, bu uly göwrümli eseriň teatr sahnalarynda goýulmagyna uly goşant goşdy. Kinematografiýa we teatr sungaty hakda aýtsak, kompozitoryň döreden sazlary “Söwer ýardan aýyrma”, “Pygamber patasy”, “Sen ýadyma düşseň...” ýaly kinofilmleriň, “Seljuknama” drama oýnunyň many-mazmunyny tomaşaçylar üçin has täsirli we aýdyň edýär. N. Hojamuhammedow Türkmenistanyň milli harby-watançylyk sazyna-da uly goşant goşdy. Ol resmi harby-dabara sazlarynyň aglaba bölegini, şol sanda üflenip çalynýan saz gurallary orkestri üçin marşlary, 50-den gowrak harby-nyzam marş aýdymlaryny döredip, Watanymyzyň goragçylarynyň ruhuny belende galdyrýar. N. Hojamuhammedowyň döredijilk işi köpugurlydyr. Ol häzirki zaman türkmen medeniýetinde diňe kompozitor hökmünde däl-de, eýsem, orkestriň dirižýory, ussat sazanda-ýerine ýetiriji we tejribeli mugallym hökmünde ýakyndan tanalýar. 1983-nji ýylda Moskwadaky Gnesinler adyndaky Döwlet sazçylyk institutyny tamamlap akkordeonçy we halk saz gurallary orkestriniň dirižýory hünärlerini ele alýar. Okuwy gutaranyndan soň N. Hojamuhammedow Aşgabatdaky Döwlet mugallymçylyk sungat institutynda zähmet ýoluna başlap, ençeme ýaş zehinleri ýetişdirdi we şol bir wagtda talyplaryñ orkestrine ýolbaşçylyk etdi, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny artdyrmak üçin ýadawsyz döredijilikli zähmet çekdi. 2003-nji ýyldan bäri ol Türkmenistanyň döwlet Mukamlar köşgüniň “Owaz” estrada orkestrine ýolbaşçylyk edýar. N. Hojamuhammedow 1989-njy ýylda eýýäm tejribeli sazanda bolsa-da, belli türkmen kompozitorlary G. Çaryýewiň we Ç. Nurymowyň maslahatyna eýerip, SSSR-ň halk artisti, professor Weli Muhadowdan kompozisiýa hünärinden sapaklary alyp başlaýar. N. Hojamuhammedow öz ömrüni mugallymçylyk işine bagyşlap, ýaş sazandalara dirižýor, sazanda we kompozitor hökmünde bahasyna ýetip bolmajak tejribesini uly joşgun bilen paýlaşýar. Ol tälim berýän talyplaryndan dürli kompozitorlaryň eserlerini orkestr üçin orkestrleşdirileninde we akkordeon saz guralyna geçirileninde awtorlaryň inçe işiniň, döredijilik pikiriniň çuňňur we üns bilen saklanmagyny talap edýär. Hut şu çylşyrymly işiň özi-de onuň ilkinji özbaşdak kompozisiýa synanyşyklary üçin güýçli itergi boldy. Häzirki wagtda alyp barýan we geljekde meýilleşdiren işleri barada kompozitor şeýle diýdi: “Ikinji fortepiano konsertiniň partiturasy ýakynda tamamlandy. Soňky döwürde we şu günlerde eýýäm gaty seýrek duş gelýän halk aýdym-saz nusgalaryna esaslanýan instrumental eserleri döretmek pikirini öňümde goýýaryn. Meniň esasy maksadym – gadymy aýdym-sazlaryny we häzirki zaman kompozitorlyk serişdeleri utgaşdyrmak, simfonik orkestriň saz gurallaryny we täze kompýuter tehnologiýalaryny bilelikde ulanyp, biziň gadymdam gelýän aýdym-sazlarymyzy täzeden işläp düzmek we ösdürmek, olary täze, döwrebap görnüşde jemgyýete ýetirmekdir”. Nurygandym Hojamuhammedowyň bu sözleri onuň döredijilik ýolunyň dowamlylygyny we geljege gönükdirilen maksatlaryny aýdyň görkezýär. Ol diňe bir geçmişiň gymmatly mirasyny gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ony häzirki zaman tehnologiýalary we kompozitorlyk usullary bilen utgaşdyryp, täze bir derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu bolsa türkmen saz sungatynyň ösüşine täze itergi berip, ony dünýä derejesinde has-da tanatmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ussat halypanyñ 70 ýaş toýy diňe bir şahsy baýramçylyk däl, eýsem, tutuş türkmen medeniýeti üçin uly waka. Onuň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup, geljek nesillere miras galar. Biz ussat kompozitoryň döredijilik ýolunda täze üstünlikleri arzuw edýäris we onuň türkmen saz sungatyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyna çuňňur hormat goýýarys. Onuň ylhamy hiç wagt sönmesin, täze eserleri bilen bizi hemişe begendirsin! ______________________________ Enejan Nuryýewa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Ýörite fortepiano» kafedrasynyň uly mugallymy

No image
ASUDALYGYŇ SYNMAZ BINÝADY

Kitaphanalar

20.01.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda «Asudalygyň synmaz binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphana hünärmenleri tarapyndan döredilen giňişleýin kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Kitaplar ýaşlarymyz üçin gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir. Watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bu ajaýyp kitaplar bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr, kämillige tarap barýan ýollarymyzda şamçyragdyr, ýol görkeziji nusgalyk taglymatdyr. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ajaýyp döwrümizde okamana, öwrenmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/765.jpg)

No image
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI

Kitaphanalar

19.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülip, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de agzybir halkymyz täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryny ýazjak ajaýyp ýyllaryň ýene birine–«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedigini, bu bolsa türkmen halkynyň baky bagtyýarlygy, ýeten arzyly sepgitleri, ýagty geljegi nazarlaýan mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglydygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MILLI MIRASYMYZ–EGSILMEZ GUWANJYMYZ

Kitaphanalar

19.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda «Milli mirasymyz–egsilmez guwanjymyz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň milli buýsanjy, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak, ýaşlaryň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, her bir halkyň medeni-mirasy, däp-dessurlary, nesilden-nesile geçip gelýän gymmatlyklary bolup, ol dünýä halklarynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary şeýle hem gaýtalanmajak medeniýeti, sungaty dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak, halkyň bagtyýar, milli medeni özboluşlylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanjyňa buýsanç, guwanjyňa guwanç goşýandygy barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

19.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 20-nji Ýanwarynda sagat 10:00-da Watan goragçylar güni mynasybetli «Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE ÝAŞ ŞAHYRLARYŇ DÖREDIJILIGI DOGRUSYNDA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

19.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymynyň «Edebiýat dünýäsinde» gepleşiginde berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş şahyrlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň toý-baýramlaryndan, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän atalyk aladalaryndan ruhlanyp, joşup ýazýan goşgularyndan okap berdiler we özlerine döredilip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«ATALAR SÖZI» GEPLEŞIGI

Kitaphanalar

19.01.2026

«Atalar sözi» gepleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndan ylym-bilim we halyçylyk sungatyna degişli birnäçe nakyllary hakynda ýazgy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilýän «Atalar sözi» gepleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda ýerleşdirilen ylym-bilim we halyçylyk sungatyna degişli birnäçe nakyllara giňişleýin düşündiriş berdiler. Söhbetleriniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde okamaga, işlemäge, milli mirasymyzy has çuňňur öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«ZEHINLI ÇAGALAR» ATLY GEPLEŞIK

Kitaphanalar

19.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Ýaşlyk» teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan «Zehinli çagalar» atly bäsleşik geçirýär. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň zehinlije okuwçylary gatnaşdy. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy. Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
KITAPHANA-BILIMLER OJAGY

Kitaphanalar

17.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitaphana-bilimler ojagy” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Medeniýet ulgamynyň bir şahasy hasaplanýan ýurdumyzyň kitaphanalaryna we kitaphana işine-de uly üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny döredip berýän ajaýyp eserleriniň üsti bilen hem görmek bolýar. Ol eserler bu gün ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň tekjelerini bezäp durýar diýip uly buýsanç bilen nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda, ýaşlara ylym-bilim dünýäsinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler!

No image
ARKADAG ŞÄHERI–BEHIŞDI BEDEWLERIŇ MEKANY

Kitaphanalar

16.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Arkadag şäheri–behişdi bedewleriň mekany» atly duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda çykyş edenler her ýylymyzyň mynasyp atlandyrylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýen şygarynyň halkymyzy, Watanymyzy bedew bady bilen ösüşlere atarjakdygy, Arkadag şäheriniň ganatly bedewleriň gadymy hem-de juwan mekanydygy hakynda täsirli söhbetler edildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar gadamy batly behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmakda yzygiderli tagallalary edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.